TÄZE İYLDAN TÄZELIGE GARAŞYP BOLARMY?

Tiz düzedilmeli gödeklik!

 

Türkmenleriñ, ähli türkmenistanlylaryñ köp garaşan döwri geldi!

2006-mjy ıylyñ soñky günleri türkmen iline biraz gussaly, ıöne örän köp garaşdyran täzeligi, diktator Saparmyrat Nyıazovyñ ölümi hakyndaky habary getirdi.

Adamzadyñ täze taryhynda iñ aıylganç, zannyıaman diktatorlaryñ biri hökmünde ıakasyny tanadan Saparmyrat Nyıazov gümürtik ıagdaıda amanadyny tabşyrdy. Türkmenistanyñ, türkmen iliniñ, türkmen topragynyñ üstünden ahyrsoñy ıigrenji gara kölege aıryldy! Bu habar türkmen topragynda ertirki güne, gelejege uly umyt döretdi.

Şol sebäpden bu Täze ıyl baıramy Türkmenistanda ozalkylardan has dabaraly bellenilıär. İöne bu dabarany her kim hökümet adamlaryna, olaryñ il arasynda tilki ıaly timisgenip ıören şugulçylaryna bildirmejek bolıar. Adamlar öz goşa şatlyklaryny diñe jan ynanıanlarynyñ ıanynda açmaly bolıarlar.

Diktatoryñ ıasyny tutıanlar hem bar. Olar soñky ıyllarda zalym diktatoryñ arkasyna bukulyp, ıurdy rehimsiz talan, halky alaka ıaly gemren ıyrtyjylar! İas tutıanlaryñ arasynda iki-ıeke aldanan ynsaply bendeleriñ-de barlygy belli, ıöne aı-gün geçer, olar özleriniñ 2006-njy ıylyñ soñunda örän zalym adamynyñ ıasyny tutanlyklaryny hökman bilerler. Sebäbi ıeñles ”Türkmenbaşy” lakamynyñ arkasyna bukulyp uzak ıyllaryñ dowamynda türkmeniñ depesinde garga kimin gagyldap oturan kümsük kişiniñ türkmeniñ başy-ha däl, hatda topugy bolmaga-da ahlak hukugynyñ ıoklugy gutulgysyz paş ediler.

Bu döwletli işiñ başyny täze ıolbaşçylar haıal etmän başlarlar diıen umyt bar. İöne edil häzir, gynansak-da, Türkmenistanda hiç hili düıpli syıasy özgerişlik ıok. Birnäçe gün mundan öñ halk maslahatynda 2007 ıylyñ 11-nji fevralynda geçiriljek prezident saılawlaryna ıalandan birnäçe kandidat hödürlän bolup gurnalan ıöntem oına güp ynanyp ıa-da ony gowulyga tarap ädim diıip bolmaz. Ol gurnalan oıun tüıs barypıatan syıasy gözboıagçylyk!

Diktatoryñ yzynda galan ıetimekleriniñ köne zalym syıasaty dowam etmäge dyrjaşıanlyklaryny görkezıän anyk mysallar bar. Türkmenistanda bolup geçıän ıaramaz wakalaryñ biri-de Halkara jemgyıetçiliginiñ, Halkara hukuk goraıjy guramalaryñ, Türkmenistanyñ demokratiki oppozisiıanyñ gözünden sypanok! Wagtlaıyn hökümetiñ her bir ädimine üns berilıär! Şonuñ üçinem S.Nyıazovyñ ölüminiñ yzysüresi Aşgabatda ”Azatlyk” radiosyna intervıu berenligi we öz pikirini aıdanlygy üçin ”Agzybirlik Demokratik halk Hereketiniñ baştutany Nurberdi Nurmämmedovyñ tussag edilmegi bütin dünıäde uly nägilelik döretdi. Günbataryñ öñdebaryjy ıurtlarynda bu hadysa örän howsalaly hem ıaramaz signal hökmünde baha berildi.

Türkmenistanda söz azatlygy, adam hukuklary, demokratiki özgerişler we demokratiki saılawlaryñ geçirilmegi ugrunda dünıä belli göreşiji Nurberdi Nurmämmediñ garşysyna görlen bu eden-etdilik ıurduñ garamatyny wagtlaıynça öz üstlerine alan adamlaryñ syıasy düşünjeleriniñ we tejribeleriniñ örän çäklidigini tassyklaıan bir subutnama öwrüldi.

Bu gödeklik wagtlaıyn hökümete girıän adamlaryñ abraına halkara jemgyıetçiliginiñ öñünde turuwbaşdan uly zyıan ıetirip biler. Wagtlaıyn hökümet tarapyndan häzirki saılanyp alnan ıoluñ hökman petige direjekligini biz öñünden duıdurıarys.

İöne prezidentiñ wezipesini wagtlaıyn ıerine ıetirıän Gurbanguly Berdimuhammedova we onuñ arkasynda duran adamlara entek öz gödek ıalñyşlaryny düzetmäge mümkinçilik bar. Gadymy hytaı filosofy Konfusiy aıtmyşlaıyn, diñe düzedilmedik ıalñyşlyk – hakyky ıalñyşlykdyr!

Nurberdili meselede edilen ıalñyşlyk näçe tiz düzedilse şonça-da gowy. Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy entek wagtlaıyn hökümet bilen konfrantasiıa gitmäge döwtalap däl. Biz öz ıagşy niıetimizi wagtlaıyn hökümetiñ dykgatyna ıetirıäris. Biz wagtlaıyn hökümet bilen häzirlikçe asuda ıagdaıda dil tapyşmaga we ıurtda syıasy ylalaşyk esasynda demokratiki özgerişleri geçirilmäge umyt edıänligimizi duıdurıarys. Biziñ bu ıagşy niıetli ıüzlenmämiz Gurbanguly Berdimuhamedov hem-de onuñ ıakyn töweregi tarapyndan ıagşylykly garşy alnar diıip umyt edıäris.

İöne eger-de wakalaryñ ösüşi başgaça ıol bilen gitse, biziñ ıagşy niıetli ıüzlenmämiz ıamanlykly garşy alynsa, onda ıurtda şondan soñky dörejek syıasy dartgynlylygyñ bütin jogapkärçiliginiñ döwletiñ garamatyny wagtlaıynça öz üstlerine alan adamlaryñ boınuna düşjekligini ıatladyp goııarys.

İolbaşçy üçin iñ dogry ıol öz halky, öz ıurdunyñ oppozisiıasy bilen umumy dil tapmakdyr. Diñe şonda ol külli adamzadyñ ynamyny, hormatyny gazanyp biler. Öz halkynyñ, öz ıurdunyñ oppozisiıasynyñ güıjüni äsgermedik ıolbaşçynyñ bütin dünıäniñ ıigrenjine uçramasy añsatdyr. Beıle ıolbaşçylaryñ iru-giç Yragyñ diktatory Saddam Huseın ıaly dar agajynda ömrüni paıawlajakdygy äşgärdir.

Biz Gurbanguly Berdimuhammedova we onuñ töweregindäki adamlara Saddam Huseıniñ asylan dar agajyny unutmazlygy maslahat berıäris! Hiç bir totalitar döwletiñ, şol sanda Russiıanyñ hem öz diktator dostlaryny Halkara jemgyıetçiliginiñ adalatly sudundan gutaryp bilmejegini tamamlanyp barıan 2006-njy ıyl doly subut etdi. Şonuñ üçinem gara güıje daıanyp ıa-da Orsıetiñ we şoña meñzeş totalitar ıurtlaryñ hajyk-hujugyna gidip, men-menlige ıüz urmaly däl!

Tamamlanyp barıan ıylda Adamzat ıakasy gaıyşly dört sany diktatordan dyndy, ine, olaryñ atlary: Slobadan Miloşeviç, Augusto Pinoçet, Saparmyrat Nyıazov we Saddam Huseın. Bu diktatorlaryñ ikisiniñ ömri Halkara jemgyıetçiligi tarapyndan doly izolirlenmek, näletlenmek şertlerinde paıawlasa, ikisi öz kanuny jezasyna sezewar boldular. Bu çynlakaı mysallary unudanlaryñ geljekde dat gününe!

Bu günler Türkmenistanda diktatoryñ ıap-ıañy boşan kürsüsine syrtlaryny çenäp görıän kişiler Saparmyrat Nyıazovyñky ıaly öz ajalyña ölmegiñ edil özlerine nesip etmän hem biljekligini birjigem unutmaly däldirler!

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASY
2006-12-31