ÖLDÜÑ – ÖÇDÜÑ, GELDIÑ – GEÇDIÑ!

 

Diktatoryñ ölüminiñ bir ıyllygyna

 

 

Bir ıyl uzak möhlet däl, ol tiz geçıär. Soñky bir ıyl hem tiz geçdi. Saparmyrat Nyıazovyñ öleni düın ıalydy, emma, ynha, oña eııäm bir ıyl dolupdyr. İagşy adam ötse, onuñ ıyly bellenilende, adamlar ıas tutıarlar. 2007 ıylyñ 21-nji dekabrynda Türkmenistanda halk ıas tutmady. Muny Halkara habar beriş serişdeleri kanagatlanmak bilen ıazdylar. Türkmen halky bu günler ıas tutanok-da, eıse bu waka bilen gabat gelen Gurbanlygy toılaıar. Türkmenistanyñ oba-şäherlerinde şatlyk, begenç höküm sürıär, adamlar birek-birege duz-çörek hödür edıärler, degişıärler, gülüşıärler, ıaş-ıeleñler bolsa hiññillik uçup, göwün açıarlar. Toı – toı bolıar-da, nämäni geñ görjek…

Halkara arenasynda özüni iñ erbet, ganhor diktatorlaryñ biri hökmünde tanadan Saparmyrat Nyıazov ölenden soñ Türkmenistanda käbir üıtgeşiklikler bolup geçdi. Meselem, orta mekdeplerde gaıtadan 10 ıyllyk, ıokary okuw jaılarynda-da degişlilikde 5 we 6 ıyllyk okuw programmalaryna dolanyldy. Welaıat merkezlerinde, etraplarda syrkawhanalar gaıtadan işe başlady, welaıatlaryñ arasyndaky polis postlary aıryldy. Paıtagtda we welaıat merkezlerinde az sanly internet-kafeler açyldy, garrylaryñ bir bölegine olaryñ adalatsyzlyk bilen ellerinden alnan pensiıalary gaıtarylyp berildi, başgaça pikirlenıänleriñ ıanalmagy az-owlak kemeldi. Garaz, azajygam bolsa, üıtgeşiklik bar.

İöne halkyñ başyndan entek gara gün sowlanok. Hukuk goraıjy guramalaryñ eden-etdiligi dowam edıär, adamlar işsizlikden kösenıärler. Garyplykda ıaşaıan adamlaryñ sany ilatyñ uly bölegini düzıär. Neşekeşlik, beıleki ıaramazlyklar azalanok. Emma şonda-da Türkmenistanyñ öz ilatynda-da, Halkara arenasynda-da häzirlikçe täze president Gurbanguly Berdimuhammedov dogry ıoldan ıörär, özünden öñki diktatoryñ ıalñyşlyklaryny gaıtalamaz diıen umyt bar. Şonuñ üçinem ony Europada, Amerikada kabul etdiler. Saparmyrat Nyıazova-da, elbetde, ilki başda şeıle ynam bildirilipdi. Emma ol bu hezzeti ödemedi. Halkara arenasynda ıagşylardan däl-de, ıamanlardan görelde aldy. Ters ıola düşdi.

Şeıdibem ol ıakasy gaıyşly diktatora öwrülip, ganhor, gedem, egoist adyny aldy. Taryhda iñ erbet, dikdüşdi diılip hasap edilıän diktatorlaryñ arasyna goşuldy. İaramaz ykbal...

İurtda 15 ıyllap (Başky 6 ıyl Moskwanyñ dikmesidi, jemi 21 ıyl.) eden-etdilik bilen höküm süren diktator ölenden soñ Türkmenistanda soñky bir ıylyñ içinde käbir üıtgeşiklikler bolup geçdi. Elbetde, entek begenip, telpegiñi göge zyñardan ir, bu täzeliklere diñe gowşaklyk diıip at berip boljak, entek bu özgerişem däl, ozalky ıaramaz syıasatdan ıüz öwürmegem, täzelenmegem. Bu agzalan ownuk täzelikleri Demokratik özgerişler diıib-ä asylam atlandyryp boljak däl. Çünki internet-kafeler diñe göz üçin açylan, orta mekdeplerde we ıokary okuw jaılarynda okuwyñ hili asla üıtgänok, parahorluk öñküdenem beterleşdi. Metbugatyñ işi-de entek öwerden gaty pes, radio we telegepleşikleriñ arasynda höwes bilen görer ıalysy ıok. Bu barada Gurbanguly Berdimuhammedovyñ özi-de şu ıylyñ dowamynda eııäm üç gezek ıörite aıdyp geçdi.

Emma, meniñ pikirimçe, her halda soñky bir ıylda 15 ıyllap gapysy ıapyk duran, şonuñ üçinem içinde dürli awuly, ıürekbulanç, hatda gorkunç jandarlaryñ dörän we köpelen garañky tamynyñ gapysy çalaja açylyp, onuñ içine gündiziñ ıagtysy düsdi… Şol yşyk hem uzak wagtyñ dowamynda petiklengi duran tamda dörän näbelli mör-möjekleri howsala salıar. Ozal türkmende görülmedik bu gorkuly, awuly mör-möjekler indi ıagty düşen jaıyñ burçlaryndan elewreşip, özlerine ıer gözleıärler, diri galmak isleıärler, ıok bolup gitmezlik üçin tizräk ıagtylyga öwrenişip, tüılerini, tüıslerini üıtgetmek üçin jan edıärler. Olaryñ has erbetleri gapyny açan adamynyñ arkasyna bukulmak, başarsalar ony garañka çekmek isleıärler…

Ol awuly mör-möjekleriñ howandarynyñ ölenine bu gün dogry bir ıyl… İöne bu sene bilen baglanyşykly adamlaryñ ıüzünde aıratyn gynanç ıok. Türkmenistanyñ oba-şäherlerinde diktatoryñ ıasy tutulanok-da, eıse Gurbanlyk baıram edilıär. Bu, elbetde, türkmen topragynda ebedi ıaşaıyşyñ ıene-de wagtlaıyn sütemkärden üstün çykanlygyny añladıar. Çingiz han ölende-de, türkmenler, meger, şeıdip toı tutandyrlar…

Hiç bir diktator halky ebedilik dyza çökerip bilmez. Halk göreşip ıeñip bilmedigini dymyp ıeñıändir. İöne hökman ıeñıändir. Gynançly ıeri, dymma söweşde-de ıitgiler açyk söweşdäkiden az bolmaıar. Käte has artygam bolup bilıär. Türkmen halky-da uzaga çeken dymma söweşde örän agyr ıitgileri çekdi: ıurt syıasy, ykdysady, sosial, medeni taıdan onlarça ıyl yza gaıtdy. Başarjañ, ıokary hünärli adamlaryñ agramly bölegi dogduk topragy terk edip gitmäge mejbur boldular. Ol ıitgileri sanamak örän gaıgyly, goı, olary her kesiñ özi ıatlasyn.

Türkmeniñ başyna taryhda iñ agyr zulumy salan adamynyñ ölümi halkda geljege uly umyt döretdi. Diktator bolsa, elbetde, basym ıatdan çykar: öldüñ – öçdüñ, geldiñ – geçdiñ! Bu dünıäde diñe ıagşy adamlar, ıagşy işler baky galıar.

Ak Welsapar
2007-12-21