BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYÑ 60 İYLLYGYNA

 

Bu gün Birleşen Milletler Guramasynyñ (BMG) döredilenine 60 ıyl dolıar. Adamzat taryhyndaky abraıly bu halkara gurama Ikinji jahan urşy ıatanasoñ, 1945 ıylyñ 24 oktıabrynda döredildi.

 

Ikinji jahan urşunda dünıäde şoña çenli hiç haçan görülmedik gerimli wagşyçylyklar edildi. Bu aılganç uruş 50 milliondan köpräk adamyñ başyna ıetdi, ondan birnäçe esse artyk adam maıyp-müjrüp boldy. Bu urşy başlan üç sany jeñbaz döwletdi, ıöne oña meçew berenler has kändi. Başgaça bolanlygynda dünıä, adamzat iki bölünmezdi, gandöküşikli uruş-da beıle uzak dowam etmezdi. Ahyrsoñunda dürli halklar birleşip faşistik Germaniıanyñ, faşistik Italiıanyñ we jeñbaz İaponiıanyñ bet üışmeleñini ıeñdiler.

 

Bu gazanylan ıeñşiñ we ägirt uly tejribäniñ ıitip gitmezligi üçin öñdebaryjy ıurtlaryñ teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy döredildi. BMG-ni döretmekden maksat: dünıäde täze Jahan urşunyñ tutaşdyrylmagynyñ, genosidiñ, ıagny haısydyr bir adamlar toparynyñ jyns, milli ıa-da din tapawudy sebäpli köpçülikleıin gyrylmagynyñ öñüni almakdan we bütin dünıäde adam hukuklaryna hormat goıulmagyny gazanmakdan ybaratdy.

 

Geçen 60 ıylyñ dowamynda bu ugurda bahasyna ıetip bolmajak ägirt uly işler edildi. Emma edilmeli işler ondanam köp bolup görünıär. Çünki henizem dünıäde eden-etdilik, diıdimzorluk, güıje baırynmak, ejize sütem etmek ıitip gidenok. İer ıüzünde onlarça ıyllardan bäri öçmeıän lokal uruşlaryñ, territorial dawalryñ ojaklary bar we olaryñ uly uruşlara ıazmak gorkusy adamzadyñ başyndan aırylanok.

 

Hut şol territorial dawalar, köp ıurtlardaky garypçylyk, uly gerimdäki sosial deñsizlikler, baı ıurtlaryñ garyp ıurtlary ezmegi gorkuly milli we dini garşylyklary döretdi we ol garşykyklary öjükdirıär.

 

Birleşen Milletler Guramasynyñ strukturasy, gurluşy köneldi. BMG-niñ islendik kararyna veta goımak hukugyna eıe bolan bäş sany iri döwletiñ arasynda öz hukugyny häli-şindi ters ulanıan, progresiñ, ıagşylygyñ garşysyna goııan ıurtlar bar. Saılama döwletleriñ elinde BMG-niñ islendik Kararyna veta goımak hukugynyñ bolmagy bu guramanyñ işini gowşadıar, onuñ özüni-de ysmaz ıagdaıa salıar. zerur Halkara dokumentleriniñ kabul edilmegi ıyllar boıy başa baranok. Öz hukugyny tarapgöılik bilen ulanıan veto hukukly ıurtlar diñe bir BMG-niñ halkara abraıyny gaçyrmak bilen çäklenmän, eısem dünıäde dartgynly ıagdaıyñ döremegine sebäp bolıarlar. Bu günki gün BMG-niñ bitiren işleri bilen bir hatarda agzalan ıetmezçilikleri bellemek-de hökmany.

 

Bu ıatlanylan problemalar BMG-niñ gurluşyny reforma etmegiñ, ony häzirki döwrüñ talaplaryna görä kämilleşdirmegiñ wagtynyñ bireııäm ıetendigini görkezıär. Şonuñ üçinem biz BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNY 60 ıyllyk toıy bilen gutlap, oña ıaşlyk gujury bilen ösmegi, kämilleşmegi, halklaryñ, adamlaryñ beıik ynamyny ödemegi arzuw edıäris!

 

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETI

 

2005-10-24