TBDO-nyñ PARIZ KONFERENSIİASYNYÑ KARARLARYNYÑ GYSGAÇA BEİANY

 

Konferense gatnaşanlaryñ öñünde duran esasy meseleleriñ biri TBDO-nyñ işini mundan beıläk nähili alyp barmaly diıen sorag boldy.

2007-09-02

 

Ozal habar berlişi ıaly ıañy-ıakynda Fransiıanyñ paıtagty Parizde Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasynyñ Konferensi bolup geçdi. Bu ıygnanyşykda Birleşen oppozisiıanyñ täze baştutanyny saılamak, TBDO-nyñ (ODOT) täze Programmasyny kabul etmek, bileleşige täze guramalary hem adamlary almak ıaly möhüm meselelere garaldy.

Konferens öz işine Birleşen Demokratik Oppozisiıa (ODOT) döredilen gününden bäri (1997) baştutanlyk edip gelen belli oppozisioner, garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Daşary işler ministri Avdy Kulynyñ ıadygärligine hormat goımakdan başlady. Merhumyñ ıasyna gatnaşan ıazyjy A.Welsapar Avdy Kulynyñ soñky günleri we onuñ jaılanyş dabarasy dogruda gürrüñ berdi hem-de bu hakykatyñ halka ıetirilmegini ıygnanlardan towakga etdi.

İurtda prezident çalyşygy, munuñ netijesinde dörän syıasy ıagdaı we täze şertlerde içerki hem daşarky demokratik oppozisiıanyñ öñünde durıan syıasy wezipeler dogrusynda TBDO-nyñ Baştutanynyñ wezipesini wagtlaıyn ıerine ıetiriji Güıçgeldi Ataıev çykyş etdi.

Konferensde geñeşilen meseleler boıunça konstruktiv pikir alyşmalardan soñ degişli kararlar kabul edildi. Ähli kynçylyklara garamazdan, TBDO-nyñ Pariz Konferensi Bileleşigiñ öñünde duran esasy syıasy we guramaçylyk meseleler boıunça optimal çözgütleri tapmagy başardy. İurduñ ilkinji Daşary işler ministri we soñra demokratik oppozisiıanyñ baştutany hökmünde türkmen halkynyñ, ähli türkmenistanlylaryñ uly hormatyny, söıgüsini gazanan Avdy Kulynyñ biwagt aradan çykmagynyñ ıurduñ demokratik güıçleri we halkymyz üçin uly synaga aılanandygyny boıun almak bilen Konferense gatnaşanlar öz güıçlerini bu kynçylykdan baş alyp çykmaga gönükdirdiler.

Netijede TBDO ıolbaşçylyk etmek meselesinde egindeş baştutanlyk girizildi. Konferensde gelnen karara görä, 2007 ıylyñ 26-njy awgustyndan beıläk Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasyna (ODOT) iki egindeş başlyk baştutanlyk eder. Olaryñ biri ıurduñ içinde, ikinjisi – Europada iş alyp barar.

Konferense gatnaşanlaryñ öñünde duran esasy meseleleriñ biri TBDO-nyñ işini mundan beıläk nähili alyp barmaly diıen sorag boldy. Bu ugurda Konferense gatnaşanlaryñ arasynda – olaryñ wekilçilik edıän syıasy partiıalryna we guramalaryna baglylykda – gyzgyn jedeller ıüze çyksa-da, ahyr netijede ylalaşyga gelmek we TBDO-nyñ ıakyn geljekdäki umumy syıasy ıoluny saılap almak başartdy. Bu ıol döwre görä saılanyp alnan täze ugurdyr diıse bolar.

Parizde TBDO-nyñ İaşlar bölümi döredildi.

Avdy Kuly bilen ençeme ıyllaryñ dowamynda egindeş hökmünde bile işleşen garaşsyz ıazyjy A.Welsapar merhumyñ demokratik hereketiñ öñünde bitiren hyzmatlaryny göz öñünde tutup, Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasyna onuñ adyny dakmagy teklip etdi.

 

DEMOKRATIK OPPOZISIİA ÖZ İOLUNY SAİLAİAR

 

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasynyñ (TBDO-ODOT) baş syıasy ugry ıurtda 2007 ıylyñ fevralynda bolup geçen prezident çalşygyndan soñky dörän syıasy reallyga görä düıpli korrektirlenıär. TBDO nomenklaturaçy oppozision syıasy hereketler bolan ”Respublikan” we ”Watan” syıasy-jemgyıetçilik hereketlerinden (partiıalryndan) doly ara açıandygyny yglan edıär.

Durmuş Demokratik oppozisiıanyñ ıolunyñ nomenklaturaçy oppozisiıa bilen bir bolup bilmejegini subut etdi. ”Respublikan” we ”Watan” partiıalarynyñ baştutanlary Nurmuhammet Hanamov bilen Hudaıberdi Orazovyñ şondan ozalky syıasy ”säwliklerini” nazara almanyñda-da, diktator Saparmyrat Nyıazovyñ ölümi bilen bagly ıüze çykan wakalar hem bu ıagdaıy añry ıany bilen tassyklady.

”Respublikan” we ”Watan” partiıalarynyñ baştutanlary N.Hanamov we H.Orazov 2003 ıylda döredilen TDGB-SDST-niñ çäklerinde öz üstlerine alan syıasy borçlaryna wepaly bolup bilmediler. Tersine, olar bu guramanyñ adyny öz dar syıasy bähbitleri, galyberse-de türkmen halkyny we halkara jemgyıetçiligini aldamak üçin ulanmaga çalyşdylar. Netijede 2007 ıylyñ ıanwarynda Wenada geçirilen soñky ıygnanyşykda TDGB-SDST öz ıaşamagyny bes etdi. Bu ıagdaıyñ jogapkärçiligi dolulygyna ”Respublikan” hem ”Watan” syıasy guramalarynyñ baştutanlarynyñ üstüne düşıär.

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy degerli netije hökmünde agzalan syıasy hereketler bilen mundan beıläk hiç bir syıasy bileleşiklere girmejekdigini mälim edıär. Bu karara diñe bir ıagdaıda – ”Respublikan” hem ”Watan” syıasy guramalarynyñ baştutanlygyna öz sözlerine wepaly, başistik nomenklaturada durmadyk adamlar gelen ıagdaıynda täzeden garalyp bilner. Şonuñ üçinem biz ”Respublikadaky” we ”Watandaky” ak ıürekli, halkyñ öñünde ahlak we syıasy jogapkärçiligi duııan adamlardan, olaryñ syıasy geljegini göz öñünde tutup, agzalan guramalaryñ ykbalyny öz ellerine almaga çagyrıarys!

 

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASY ÖSÜŞIÑ TÄZE İOLUNDA


Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy häzirki wagtda ıurtda dörän anyk syıasy-jemgyıetçilik ıagdaıy göz öñünde tutup, öz baş syıasy ıörelgesine düzedişleri girizdi. Şoña görä-de, ıakyn wagtda ıurduñ täze hökümeti bilen aktiv syıasy dialoga girişiler.

Täze prezident Gurbanguly Berdimuhammedovyñ we onuñ hökümetiniñ häzirlikçe adam hukuklarynyñ garşysyna jenaıatda aıyplanmanlygy bu syıasy dialoga esas döredıär. G.Berdimuhammedovyñ ıurtda demokratik özgerişleri durmuşa geçirmäge ukyplydygyna we Türkmenistanda adam hukuklarynyñ, söz we metbugat azatlygynyñ dikeldilip bilinjekdigine entek umyt bar. Söz, metbugat azatlygynyñ dikeldilen ıagdaıynda adam hukuklary we ıurduñ ıaşaıjylarynyñ grajdanlyk hukuklary mundan beıläk basgylanyp bilinmez. Bu fundemental azatlyklaryñ dikeldilen halatynda döwlet häkimiıetiniñ ähli şahalaryna erkin saılawlaryñ geçirilmegi, ıurtda köppartiıaly syıasy gurluşyñ döremegi – tebigydyr. İurduñ syıasy ıolbaşçylygy bilen Demokratik oppozisiıanyñ arasyndaky ylalaşyk bu möhüm işleriñ parahatçylykly durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Galyberse-de, TBDO-nyñ we beıleki demokratik güıçleriñ täze prezident bilen syıasy dialoga girişmegi ıurtda geljekde tragiki ıalñyşlyklaryñ ıüze çykmagynyñ öñüni alar.

Emma bu syıasy ylalaşygyñ öz anyk çäkleri bar. Demokratik oppozisiıa hökümetiñ häzirlikçe ıol berıän ululy-kiçili antidemokratik ıalñyşlyklaryna göz ıumup ıa-da olara şärik bolup bilmez. Diımek, Demokratik oppozisiıa bilen ıurduñ täze ıolbaşçylygynyñ arasyndaky syıasy dialog syıasy konformizmi añlatmaıar. Demokratik oppozisiıa öz syıasy prinsiplerinden, ıagny Türkmenistanda demokratik hukuk döwletiniñ gurulmagy hakdaky talabyndan asla el çekmeıär. Biziñ ıurtda adam hukuklaryna hormat goıulmagy, söz, metbugat azatlygy, erkin saılawlar, köppartiıalylyk hakdaky talaplarymyz öz güıjünde galıar. İöne mundan beıläk biz bu meseleleriñ çözgüdini Türkmenistanyñ täze hökümeti we baştutany bilen ylalaşykly gözlemäge taııardygymyzy mälim etmek isleıäris.

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıanyñ syıasy dialoga girişmekden öz öñünde goııan esasy maksady – ıurtda zerur demokratik özgerişleriñ geçirilmegini gazanmakdan we Türkmenistanyñ demokratik hukuk döwlet gurluşyna tarap tiz ilerlemegini üpjün etmekden ybarat. Bu özgerişler bolsa, elbetde, ilkinji nobatda türkmen halkynyñ w ähli türkmenistanlylaryñ syıasy, ykdysady, sosial durumlaryny gowulandyrmaga hyzmat etmelidir.

Bu meselede diñe TBDO-nyñ ıagşy niıetiniñ ıeterlik däldigi, syıasy dialogyñ garaşylıan netijäni bermegi we hakykata öwrülmegi üçin Türkmenistanyñ täze ıolbaşçylygynyñ aıgytly syıasy erkiniñ zerurdygy boıun alynmaly faktdyr. Biz hormatly prezident Gurbanguly Berdimuhammedovy deslapky şert goımazdan, hoşniıetli syıasy dialoga çagyrıarys! Bu syıasy dialogyñ ilkinji nobatda türkmen halkyna, ıaş Türkmenistan döwletine, ıurdy demokratiıalaşdyrmak işine, şeıle-de ıurduñ täze ıobaşçylygynyñ içki we halkara syıasy abraıyna bähbitli boljakdygyna ynanıarys.

İakyn wagtda ıurduñ Adalat ministrligine we prezident G.Berdimuhammedova TBDO-nyñ täze Programmasy we Düzgünnamasy gowşurylar. İurduñ Adalat ministrligi Baş kanunyñ 5,6,28-nji maddalryna laıyklykda Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasyny hiç bir päsgelçiliksiz resmi taıdan hasaba alar diıip umyt edıäris. Baş Kanunymyzyñ maddalarynyñ ıerine ıetirilişiniñ we ıurduñ grajdanlarynyñ konstitusion hukuklarynyñ goragçysy prezident G.Berdimuhammedovdan bu işi öz gözegçiliginde saklamagy towakga edıäris!

Dowamy bar