| Bagtyýar Amanow |
| SALGYM |
| (NOÝABRÇYLARYÑ SYNMAGY ÝA-DA «BIR ÄDIM ÖÑE, IKI ÄDIM YZA») |
|
BIRINJI BÖLÜM Russiýa imperiýasy ХХ asyra monarhiýa döwlet dolandyryşy bilen gelýär. 1906-njy ýylda Duma ady bilen parlament döredilip, saýlawly syýasy dolandyryşa geçmek ugrunda ilkinji ädimler ädilse-de, barybir 1917-nji ýyla çenli patyşa monarhiýasy döwlet dolandyryşyny dolulygyna öz elinde saklaýar. Bu ýagdaý ýurdy syýasy, ykdysady krizislere uçradýar. Birinji jahan urşy döwründe rus ýokary harby komandovaniýa serkerdelik etmek bilen meşgul bolan patyşa Nikolaý II ýurtdaky ykdysady we sosial meseleleri çözmekden has-da beter çetleşýär. Onsuz hem bu meseleleriñ çözüljek gümany ýok. Netijede bir adamyñ erkine tabyn edilen ýurt çagşap başlaýar. Şol wagt Dumanyñ liberal agzalary ýurdy syýasy-ykdysady krizisden çykarmak üçin Nikolaý II-den Duma we hökümede syýasy erkinligi, kanuny taýdan döwleti dolandyrmak hukugyny bermegi soraýarlar. Emma Nikolaý II öz wagtynda oña razylyk bermeýär, onsoñ ýurtda syýasy we ykdysady krizis has-da çuñlaşýar. 1917-nji ýylyñ başlarynda eýýäm diñe bir Dumanyñ liberal agzalary däl-de, eýse halk köpçüliginiñ-de uly bölegi bu talaby öñe sürýär. Onsoñ 1917 ýylyñ fevralynyñ aýagynda Nikolaý II tagtdan el çekmäge mejbur bolýar. Elbetde, bu waka syýasy taýdan baha berseñ, biziñ döwrümizde ol döwlet ýolbaşçysyna zor salmak, ýurduñ Kanunçylygyna garşy gitmek bolýar. Biz bu meselä makalanyñ soñunda gaýdyp geleris… Häzirlikçe, geliñ, geçen asyryñ başlarynda Russiýada we käbir beýleki Europa ýurtlarynda hem-de geçen asyryñ aýaklarynda käbir goñşy ýurtlarda emele gelen syýasy-ykdysady ýagdaý bilen Türkmenistandaky şu günki ýagdaýy deñeşdirip göreliñ. *** 1978-nji ýylyñ aprel aýynda Owganystanyñ halky ençeme
asyrlardan soñ monarhiýa sistemasyndan azat bolýar. Emma kommunistik
ideologiýanyñ ýaramaz täsirine düşen täze häkimiýet halkyñ erkinliginiñ
öñüne böwet bolýar. Owgan halkynyñ ýagşy umydy salgyma öwrülýär. Diñe
2001-nji ýylda АBŞ-yñ, Beýik Britaniýanyñ we Günbatar Europa döwletleriniñ
kömegi bilen halk demokratik döwlet gurluşyna girişmäge mümkinçilik aldy. 1979 ýylda Eýranda halk gozgalañy bolup geçdi. Halk Pehlewiler dinastiýasyny tagtdan agdardy. Ýöne onuñ netijesinden dindarlar peýdalandylar, olar häkimýeti öz ellerine aldylar. Şol wagt dünýäde syýasy ýagdaýyñ dartgynly bolup, «sowuk urşuñ» dowam etmegi eýran halkynyñ zyýanyna boldy. Aýatolla Homeýniniñ radikal dini topary ýurdy eýeledi. Dindarlar syýasy partiýalary gadagan etdiler, halkyñ elinden ähli syýasy azatlyklaryny gañryp aldylar. Günbatar Europa syn edenimizde, öñki Ýugoslawiýada Slobadan Miloşowiçiñ prezidentlik wezipesinden çetleşdirilmegini hem-de goñşy Gruziýada bolan demokratik üýtgeşiklikleri ýatlasa bolar. SSKP-niñ öñki syýasy burosynyñ agzasy Eduard Şewerdnadze halkyñ liberal gatlagynyñ zor salmagy astynda 2003 ýylda prezidentlikden el çekmäge mejbur boldy. Ýogsa Şewardnadzäniñ prezidentlik möhleti 2005-nji ýylda dolýardy. *** Şondan soñ Türkmenistanda SSSR döwründe, has hem M.Gorbaçowyñ üýtgedip gurmak syýasaty döwründe berlen çäklije söz azatlygy, demokratik hukuklar-da halkyñ elinden alyndy. Metbugat we söz azatlygy gadagan edildi. Türkmen telewideniýesinde we radiosynda meşhurlyk gazanan gepleşikleriñ ýapylmagy, okyjylaryñ arasynda uly abraý alan 110 müñ tiražly "Ýaş kommunist" gazetiniñ ýapylmagy muña aýdyñ mysaldyr. *** Ýöne bu entek ýurtdaky başlanan ýaramaz üýtgeşiklikleriñ diñe başlangyjydy… Diktatorlyga ýüz uran Saparmyrat Nyýazow 1997-nji ýylda geçirilmeli prezident saýlawlarynyñ wagtyny has añryk, 2002-nji ýyla süýşürýär. Bu wezipä hiç kesiñ dalaş edip bilmezligi üçin 1999 ýylyñ 27-nji dekabrynda Aşgabatda geçen ýaşulularyñ IХ Halk Maslahatynda onuñ 2000 müñ agzasynyñ goldamagynda Türkmenistanyñ Konstitusiýasyna gödek täzelik girizilýär. Döwletiñ mukaddes Baş kanunyna halk referendumyny geçirmezden, muña hiç hili ýuridiki hukugy bolmadyk adamlaryñ sesi bilen Türkmenistanyñ ilkinji Prezidentiniñ prezidentlik möhletini çäksiz, ýagny ömrüniñ soñuna çenli uzaltmaly diýen karar tassyklanylýar. Ösen döwletlerdäki ýaly demokratik institutlaryñ, erkin konstitusion suduñ, azat metbugatyñ, syýasy oppozision partiýalaryñ ýoklugyndan peýdalanyp, Saparmyrat Nyýazow ýurtda hakyky konstitusion döwlet agdarlyşygyny amala aşyrýar. Syýasy krizise uçran Türkmenistan sähelçe wagtdan soñ agyr ykdysady we sosial problemalar bilen-de ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurtda işsizlik, parahorluk, neşekeşlik, gedaýçylyk, bikanunçylyk höküm sürüp başlaýar. Bilim we saglygy saklaýyş sistemalarynyñ dargadylmagy bilen Türkmenistanyñ ösüşi onlarça ýyl yza tesýär. Saparmyrat Nyýazow ýurdy açyk diktatorçylyk usul bilen dolandyrmaga girişýär. Ol diñe hökümet agzalaryny däl, eýsem kärhanalaryñ, medeniýet we sungat edaralarynyñ, teatrlaryñ direktorlaryny, gazet–žurnallaryñ redaktorlaryny wezipä bellemek işini-de öz eline alýar. Medeni ojaklaryñ birnäçesi, opera we balet teatry, kino önümçiligi, kitaphanalar onuñ görkezmesi bilen ýapylýar we dargadylýar. Kitaphanalardan çykarylan kitaplar ilki deger-degmez bahalara satylan bolsa, soñra ony hem gadagan etdirdip, Aşgabadyñ eteginde işleýän kagyz fabrigine tabşyrylýar. S.Nyýazow jemgyýetiñ ösüşine itergi berjek nesliñ döwrebap ylymly bolup ýetişmeginiñ öñüni alýar. Ol ilki bilen mekdep okuwyny 9 ýyla çenli azaldýar, sebitde iñ yza galak döwletleriñ derejesine getirýär. Ýokary okuw jaýlarynyñ 5 ýyllyk okuw programmasyny, teoretiki bilim bermek usulyny 2 ýyl çenli azaldýar. 1990-njy ýyllarda Türkmenistanda ýylda 45-50 müñ student okan bolsa, S.Nyýazow onuñ sanyny 5 müñe getirýär. Orta bilim berýän okuw jaýlaryñ ýapylmagy hem-de ýurtda okaýan ýaşlaryñ azalmagy Türkmenistanda işsizligiñ artmagyna eltýär. Medisina we bilm ugrunda iş ýerleri ýyl saýyn azaldylýar we ençeme syrkawhanalar, okuw jaýlary S.Nyýazowyñ görkezmesi bilen ýapylýar. Kärhnalary hususylaşdyrmak prosesi durzulyp, täzeden döwlet eýeçiligine geçirilýär. Manadyñ adaty halkara güýjiniñ bolmazlygy, ýagny konvertirlenmezligi ýurtda kiçi kärhanalaryñ ösmegini bökdeýär. Bu hem hususy sektora döwlet we beýleki halkara maýa goýumlary tarapyndan goldaw berilmäni üçin, olaryñ öz-özünden ýapylmagyna getirýär. Ýeri hususylaşdyrmak barada kanunyñ kabul edilmän gelinmegi, oba hojalyk pudagynyñ öndürdijilik güýjini pese gaçyrýar. Birnäçe sosial programmalaryñ ýatyrylmagy (köp çagaly aýallara, maýyp bolanlara kömek etmek) ilatyñ köp bölegini agyr ýagdaýa salýar. Ýurtdaky sowatly adamlaryñ iş gözläp, daşary ýurtlara gitmekleri Türkmenistanyñ kadrlar hazynasyna zarba urýar. Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda, ýurduñ beýleki pudaklarynyñ hemmesinde S.Nyýazowyñ taryhy kitaplardan göçürip, öz ady bilen çykaran «Ruhnama» kitaby zorluk bilen okamaly edilýär. Bu bolýan bikanunçylygyñ öñüni almak, oña syýasy taýdan garşylyk görkezmek üçin ýurduñ içindäki käbir syýasy güýçler gizlinlikde herekete girişýärler. *** Elbetde, Boris Şyhmyradowyñ ykbaly Boris Sawenkowyñka meñzemesin, ýöne iki Borisiñ hereketleriniñ meñzeşligi olaryñ täleýleriniñ sepleşýänligini görkezýär. Eýse 2002 ýylyñ 25-nji noýabrynda Аşgabatda nähili waka bolup geçdi? Bu sowalyñ jogabyny belli bir derejede Türkmenistanyñ "Ruh" neşirýatynda Boris Şyhmyradowyñ adyndan çap edilen "MENIÑ ÖZÜM WE ÝARANLARYM – TERRORÇYLAR" diýen kitapdan tapsa bolýar. Dogry, bu kitaby dolulygyna zyndanda oturan adamyñ özi ýazandyr diýip bolmaz, ýöne şol kitabyñ köp ýerleriniñ B.Şyhmyradowa degişlidigini aýtsa bolar. Bu kitap, ýalñyşmasak, B.Şyhmyradowa garşy geçirilen derñew materiallary esasynda ýazylan bolmaly. Resmi Türkmenistan B.Şyhmyradowyñ derñewde sülçä beren jogaplaryna degerli goşmaçalar girizip, ony kitap edip çykaran bolsa gerek. Кitabyñ esasy ýerlerine geçmezden öñ şol wakanyñ bolanlygy-bolmanlygy barada durup geçeliñ. Elbetde, bu soraga daşary ýurtlarda emigrasiýada gezip ýören Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ öñki başlygy, wise-premýer Hudaýberdi Orazow, Türkmenistanyñ Türkiýedäki öñki ilçisi Nurmuhammet Hanamow, Türkmenistanyñ öñki oba hojalyk ministriniñ orunbasary Sapar Yklymow we АBŞ-yñ raýaty zurnalist Leonid Komarowskiý, isleseler, dogry jogap berip bilerdiler. Ýöne olar birnäçe sebäbe görä ol wakany inkär etmeli bolýarlar. Eger-de ýokarda ady tutulan jenaplar şol wakany tassyklasalar, onda olar özleriniñ syýasy eldegrilmezliginden dynarys öýdýärler. Şonuñ üçin biz olary hiç bir zatda aýyplaman, diñe okyjylar köpçüligine öz elimizdäki maglumatlary aýan etmegi dogry gördük we B.Şyhmyradowyñ hem onuñ egindeşleriniñ düşen ýagdaýynyñ sebäplerini açyklamak isledik. 2002 ýylyñ 25-nji noýabrynda ir sagat 7-8 töweregi Aşgabadyñ öñki Lenin häzirki Türkmenbaşy şaýolynda, täze olimpýa stadiýonynyñ ýanynda yzygiderli awtomat sesiniñ bolandygyny şol ýeriniñ ýaşaýjylarynyñ köpüsi tassyklaýarlar. Meniñ ýakyn tanyşlarymyñ biri Türkmenbaşy we Ýaşlyk ýollarynyñ çatrygyndaky jaýlarda ýaşansoñ, bolan wakany öz öýüniñ aýnasyndan görüpdir. Şondan soñ Türkmen telewideniýesinde Türkmenistanyñ
Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyñ janyna kast etmek synanyşygynyñ bolanlygy
barada habarlar ýaýradylypdy. Ilki bilen ol waka gatnaşan "Gaýrat" коrporasiýasynyñ
başlygy Guwanç Jumaýewiñ şol jenaýaty boýun alyp eden çykyşyny
telewideniýede görkezdiler. Şol wakanyñ wideo ýazgylaryna men birnäçe sapar
syn etdim. Meni esasy geñ galdyran zat, ol hem günä bildirilen adamlaryñ
hemmesiniñ-de gürlänlerinde aşak seredip, öñünden ýazylyp berlen teksti
okamagydy. Olaryñ diñe ýazylyp berlen zady okap, bolup geçen waka barada
başga hiç hili goşmaça maglumat aýtmazlygy geñdi. Dogrusyny aýtsañ, halkyñ
arasynda olara duýgudaşlyk we alaçsyzlyk duýgulary höküm sürüpdi. Ençeme
ýyllaryñ dowamynda Saparmyrat Nyýazowyñ agyr sütemine çydap ýören adamlar
oña garşy çykan güýje begenen hem bolsalar, olaryñ ony soñuna çenli ýerine
ýetirip bilmänligi üçin, has gaharlanýardylar we gynanýardylar. Halk bu
bolup geçen wakanyñ başa barmanlygyny diñe Guwanç Jumaýewden görýärdi.
Olaryñ düşünjelerine görä prezident Nyýazowa garşy çykanlary Guwanç Jumaýew
satanmyşyn, ýagny ony ýörite gulluklara habar berenmişin. Ilki bilen
berilýän sowallaryñ biri hem: "Näme üçin KAMAZ awtoulagy prezidentiñ
kerweniniñ öñüni kesip bilmänsoñ, "bir başa bir ölüm" diýlişi ýaly göni onuñ
yzyndan sürmändir?" Şu sowallaryä hemmesi biz üçin çözülmedik mesele bolup
galýar. Indi elimize düşen käbir maglumatlar hem Boris Şyhmyradowyñ adyndan
ýazylan kitapda gabat gelýän käbir faktlar noýabr wakalaryny analizlemäge
mümkinçilik döredýär. Biziñ pikirimizçe, Boris Şyhmyradowyñ we onuñ egindeşleriniñ Türkmenistanda häkimýeti polisiýanyñ we ýörite gulluklaryñ kömegi bilen elde saklaýan prezident Saparmyrat Nyýazowy wezipesinden çetleşdirmekçi bolýandyklary (ony fiziki taýdan ýok etmek barada gürrüñ ýok, zor salyp, wezipesinden meýletin gitmegini gazanmak), şol işi amala aşyrmaga çykanlarynda, olaryñ etjek hereketleri Türkmenistanyñ ýörite gulluklaryna öñünden anyk habar berlene meñzeýär. Şol gulluklaryñ işini koordinirleýän toparyñ başlygyny biz häzirlikçe "N" diýip atlandyralyñ. Jenap "N" öz hökümdary Saparmyrat Nyýazow bilen çet ýurtlarda Türkmenistanda geçiriljek bolunýan döwlet agdarylyşygynyñ öñüni almak üçin ýörite plan düzýärler. Meýilnama esasynda 25-nji noýabrda ir bilen prezident kerweni öñki gidýän ýoly bilen gitmeli. Ýöne ol kerwende Prezident Saparmyrat Nyýazow bolmaly däl. Bu gizlin maglumaty wagt geçensoñ, Prezidentiñ janpenalarynyñ biri öz oýnaşynyñ öýünde dilinden sypdyrýar. Häzir şol janpena köşkde işleýärmi ýokmy biz onçasyny bilemzok. Ýöne şol wakadan soñ 25-nji noýabr güni Prezident kerweniniñ goragyny üpjün eden iki janpena işden kowlupdyrlar. Prezident köşgünde düzülen meýilnama esasynda 25-nji noýabrda, irden Prezident kerweni ýola düşýär. Olara "Мir" mikroraýonynda, Ýaşlyk köçesinde Guwanç Jumaýewiñ ýolbaşçylygyndaky topar garaşyp duran. Haçan-da Prezident kerweni Ýaşlyk köçesi bilen Türkmenbaşy şaýoluna ýetende 72-91 АGA nomerli KAMAZ awtoulagy onuñ öñüni kesýär. Ýoluñ gyrasynda duran Guwanç Jumaewiñ eli ýaragly topary aljyraññy ýagdaýa düşýär. Prezident kerweniniñ arasynda Saparmyrat Nyýazowy tapmansoñlar, olar gaçmak bilen bolýarlar. Аradan köp wagt geçmänkä Guwanç Jumaýew tussag edilýär. Soñky tutulan adamlaryñ Guwanç Jumaýewiñ boýun almasy esasynda saklanandygyny Türkmenistanyñ şol wagtky Baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa aýdypdy. Ol wakany telewideniýe boýunça gören adamlaryñ köpüsi «Guwanç Jumaýew prezidenti wezipesinden çetleşdirmek maksadyna dönüklik edipdir» diýip düşünipdirler. Оña birnäçe esas hem bardy. 1999-2000-nji ýyllarda Guwanç Jumaýewiñ ýolbaşçylyk edýän "Gaýrat" коrporasiýasynda Türkmenistanyñ milli howpsuzlyk komiteti tarapyndan derñew-barlag işleri geçirilip, onuñ ykdysady-hojalyk işlerinde kemçilikler tapylansoñ, Guwanç Jumaýew azatlykdan mahrum edilipdi. (Saparmyrat Nyýazow şol wagtlar Türkmenistanyñ öñki milli howpsuzlyk komitetiniñ başlygy Muhammet Nazarowa ýurtda görnetin baýan adamlary her hili ýollar bilen jenaýata çekmegi, gerek bolsa olardan pul, ulag serişdelerini almagy tabşyrýardy. Şeýle ýollar bilen türkmen täjirleriniñ serişdeleri bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiñ ýerleşýän jaýlary bejerilipdi we onuñ öñünde Saparmyrat Nyýazowyñ bürünçden ýasalan dik duran heýkeli goýlupdy). Köp wagt geçmänkä Guwanç Jumaýewden gerek bolan pul, ulag serişdelerini alansoñlar, ol azatlyga çykarylýar. Haçan-da şol wakalardan iki ýyla golaý wagt geçensoñ, Guwanç Jumaýew Boris Şyhmyradowyñ Moskwada döreden oppozision toparyna goşulýar. G.Jumaýew birnäçe gezek yzly-yzyna Moskwa baryp-gelýär. Emma bu duşuşyklar, gepleşikler baradaky maglumat ýörite ýollar bilen S.Nyýazowa yzygiderli gowşup durýar. Wagt geçensoñ, käbir faktlaryñ aýdyñlaşmagy we täze maglumatlaryñ ele düşmegi bilen bizde B.Şyhmyradovyñ hereketine dönüklik edeniñ kimdigi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döredi. Оña Мyrat Esenow diýýärler. Оl 1961 ýylda Daşhowzyñ Köneürgenç etrabynda dogulýar. 1978 ýylda hem Тürkmenistanyñ çäginden daşaryk, Russiýa Federasiýasyna okuwa gidip, 1989-1990 ýyllarda Aşgabada gaýdyp gelýär we Türkmenistanyñ Medisina institutynda mugallym bolup işleýär. 1992 ýylda hem Türkmenistanyñ daşary işler ministrligi tarapyndan Moskwanyñ Diplomatiýa akademiýasyna iki ýyllyk okuwa iberilýär. Оnuñ kursdaş ýoldaşlarynyñ arasynda Saparmyrat Nyýazowyñ ogly Myrat Saparmyradowiç Nyýazow hem bar. Şol ýyllar M.Esenow Türkmenistanyñ Milli howpsuzlyk komiteti bilen ýakyn gatnaşykda durýar. Bu barada M.Esonowyñ kursdaş ýoldaşlary belläp geçýärler. Milli howpsuzlyk komitetiniñ şol wagtky başlygynyñ orunbasary Muhammet Nazarowyñ görkezmesi bilen M.Esenow Moskwada hereket edýän Türkmenistanyñ öñki daşary işler ministri Abdy Kulyýewiñ ýolbaşçylygyndaky "Тürkmenistan fondunyñ" jogapkär işgäri bolýar. М.Esenow şol ýyllar Мilli howpsuzlyk komitetine «Türkmenistan fondunyñ» işi barada yzygiderli maglumatlar berýär. 1993-nji ýylda ol «Türkmenistan fondy» tarapyndan Moskwada çap edilýän "Тürkmen ili" žurnalynyñ Abdy Kulyýewiñ, Şiralay Nurmyradowyñ, Akmuhammet Welsaparowyñ galam bilen düzediş girizen "signal" görnüşini ýitiren kişi bolup, ony özüniñ kursdaş ýoldaşy Seýitniýaz Ataýewiñ oglundan gören kişi bolýar. Seýitniýaz Ataýew Týürkmenistanyñ Milli howpsuzlyk komitetiniñ otstawkadaky ofiseri bolany üçin A.Kulyýew we onuñ egindeşleri M.Esenowyñ aýdyp beren ertekisine ynanmaly bolýarlar. Аradan wagt geçmänkä, žurnalyñ şol görnüşi Türkmenistanyñ Milli howpsuzlyk gullugynyñ başlygynyñ eline düşýär. Оny Аşgabada baran A.Kulyýew Milli howpsuzlyk komitetine gepleşige çagyrlanda, şol wagtky komitetiñ başlygy Sapar Seýidowyñ we Türkmenistanyñ öñki Içeri işler ministri Gurbangeldi Kasymowyñ stolunyñ üstünde görýär. Мyrat Esenow öz ýoldaşlaryny ussatlyk bilen aldap, ynama girensoñ, ýörite gulluklar oña A.Kulyýewi duzaga düşürmegi tabşyrýarlar. Munuñ üçin ol A.Kulyýevi prezidenti wezipeden güýç bilen çetleşdirmek synanyşygyny etmäge yrmalydy we onuñ Aşgabada gelemegini gazanmalydy. Onsoñ ol 1994 ýylda Türkmenistanyñ Milli howpsuzlyk komitetinde ”Nyýazowyñ janyna kast etmek synanyşygy" atly оperasiýany taýynlamaga gatnaşýar. Eger şol gurnalan oýun amala aşan bolsa, onda M.Nazarowyñ kömegi bilen M.Esenow ýurduñ daşary işler ministriniñ orunbasary wezipesini eýelemeli eken. Мuhammet Nazarowdan alan görkezmeleri esasynda, M.Esenow "Аgzybirlik” Halk Hereketiniñ başlygy Nurberdi Nurmammedowy hem gurnaýan jenaýatyna goşmaga jan edýär. Onuñ öý telefonynyñ diñlenýänligini bilmediksiräp, ýakyn günlerde Aşgabada ýarag düşjekligini we bu ýüki öz oglanlary bilen garşy almalydygyny telefonda habar berýär. N.Nurmämmedow bu provakasion teklipden boýun gaçyryp, azatlykda aman galýar. Myrat Esenov Abdy Kulyýewi Türkmenistanyñ ýörite gulluklarynyñ guran duzagyna düşürmäge kömek edip bilmeýär. Ýöne onuñ toruna Moskwada ýaşap ýören türkmen täjirleri Muhammetguly Aýmyradow we Hoşaly Garaýew ilýär. М.Aýmyradow häzir 12 ýyl bäri türmede jebir çekip ýatyr. Hoşaly Garaýew bolsa Krasnowodsk türmesinde коnwoirleriñ sütemi astynda ýogaldy. Onuñ bilen bir wagtda tussaghanada oturan adam şeýle gürrüñ berdi: «Hoşaly Garaýew tussaghanadaky harby işgärleriñ eden-etdiligine garşy çykyş edýär. Ol karate göreşini gowy bilensoñ ondan çekinipdirler. Ýöne bolup geçen bir gapma-garşylykda Hoşaly kiçi ofiserleriñ birini urup, harby keselhana düşürýär. Şondan soñ birnäçe ofiserler ýygnanyp, H.Garaýewi tussaghananyñ kameralarynyñ birinde asyp öldürýärler. Soñ hem ”ol özüni asdy” diýen gürrüñ ýaýradylýar. Hossarlaryna bolsa saglygy zerarly ýogaldy diýýärler». *** Soñra Мyrat Esenow "Аzatlyk" radiosynda özüniñ hakyky watançy oppozisionerdigini subut etmäge çalyşýar. Şeýdip ol halkara guramalaryñ kömegi bilen Şwesiýa korollygyndan syýasy gaçybatalga alýar. Şol ýerde ýene-de halkara guramalaryñ gözüni baglap, olardan grant alyp "Мerkezi Аziýa we Каwkaz" atly žurnala baş redaktor bolýar. Haçan-da 2001-nji ýylda Boris Şyhmyradow özüniñ Saparmyrat Nyýazowyñ hökümetiniñ garşysyna oppozisiýa geçýänligini aýdansoñ, M.Esenow ýene hilegärlik bilen Şyhmyradowyñ gurnaýan hereketine goşulýar. B.Şyhmyradow ony öz "Gündogar" internet saýtyna redaktory edip belleýär. Şeýlelik bilen M.Esenow B.Şyhmyradowyñ sag eline öwrülýär. Daşary ýurtlaryñ birinde Türkmen oppozision güýçleriniñ duşuşyklarynda Abdy Kulyýew B.Şyhmyradowa M.Esenowyñ Türkmenistanyñ ýörite gulluklarynyñ işgäridigini aýdýar. B.Şyhmyradow bu habara gulak asmaýar. Şondan soñ bu oppozision güýçleriñ arasy daşlaşýar. Bu ýerde-de M.Esenow iki sany şahsyýetiñ birleşip, Saparmyrat Nyýazowyñ režimine garşy uly güýje öwrülmeginiñ öñüni ussatlyk bilen alýar. B.Şyhmyradow M.Esenowyñ täsirine düşüp, öz internet saýtynda A.Kulyýewiñ 10 ýyllap hökümede garşy oppozisiýada bolup, häkimýete gelip bilmänligini aýdýar. Оl özüniñ çykyşlarynda ýakyn wagtda Türkmenistana Nyýazowyñ režimini ýykmaga geljekdigini habar berýär. Şol döwürler "Gündogar" internet saýtynda şeýle mazmunly materiallar yzygiderli çap edilýärdi. 2001-nji ýylyñ güýzünde Boris Şyhmyradow ýygy-ýygydan dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ üsti bilen Türkmenistana ýakyn wagtlarda barjakdygy hakynda habarlar ýaýrdýar. Elbetde, Türkmenistanda bu habara howatyrlanyp, Saparmyrat Nyýazow öz goragynyñ başlygy, ýokarda "N" diýip atlandyran şahsyýetimiz general Akmyrat Rejepowa Şyhmyradowyñ toparyna garşy göreşi güýçlendirmegi tabşyrýar. Şondan soñ, oppozision toparlara garşy göreşi güýçlendirmek üçin, general A.Rejepowyñ teklibi bilen Türkmenistanyñ milli howpsuzlyk komitetiniñ şol wagtky başlygy Poran Berdiýew wezipesinden çetleşdirilýär. Sebäbi Poran Berdiýewiñ Şyhmyradowyñ gurnan toparynda duýgudaşlyk bildirýän adamlarynyñ barlygy nazara alynýar. Оl hem Türkmenistanyñ Mejlisiniñ öñki başlygy Tagandurdy Hallyýewdi. Olar Balkan welaýatyndan bolansoñlar, bir-birleri bilen köneden bäri gatnaşykda bolupdyrlar. 2004-nji ýylyñ ýaz aýlarynda Poran Berdiýew bu duýgudaşlygy üçin 25 ýyl azatlykdan mahrum bolýar. Türkmenistanyñ ýörite gullugynyñ ähli dolandyryş
güýçlerini ele almak we ony gözegçilikde saklamak üçin general A.Rejepow ol
gulluga öz orunbasary Batyr Busakowy belledýär. Şondan soñ "habarçylaryñ" (agentleriñ)
maglumatlary (şahsy kartotekalar) galdyrylyp, Türkmenistanyñ Moskwadaky
ilçihanasynda ilçiniñ maslahatçysy bolup 10 ýyla golaý işlän, Türkmenistanyñ
milli howpsuzlyk komitetiniñ general-maýory Rahman Allakowa Russiýa
Federasiýasyndaky kärdeşleri we öñki işläp ýören habar ýetiriji agentler
bilen habarlaşmak tabşyrylýar. Rahman Allakow şol wagt Muhammet Nazarow
bilen işläp, tussag edilmän galan KNB-niñ ýeke-täk uly çinli ofiserleriniñ
biridi. Оl jany-teni bilen Prezidente şu işde hyzmat etjekdigini bildirensoñ,
öñki gymmatly agentleriniñ biri diýip hasap edilýän Myrat Esenowa çykýar.
Rahman Allakow Myrat Esenowy Moskwada 1992-1994-nji ýyllarda Abdy Kulyýewe
we onuñ egindeşlerine, Türkmenistanyñ we Russiýa Federasiýasynyñ ýörite
gulluklarynyñ olara garşy alyp baran işinden bäri tanap gelýärdi. Olar öz
aralarynda ylalaşyk baglaşansoñlar, tiz wagtdan Rahman Allakow
Türkmenistanyñ Milli howpsuzlyk ministrliginiñ 1-nji orunbasary edilip
bellenilýär. Myrat Esenow bilen Rahman Allakowyñ diñe özi habarlaşyp
başlaýar. Myrat Esenow soñra ýygy-ýygydan Aşgabada her dürli ýollar bilen
Boris Şyhmyradowyñ töwereginde bolup geçýän ähli wakalary iberip başlaýar. 2002-nji ýylyñ noýabr wakalaryna Myrat Esenow Boris
Şyhmyradowyñ syýasy maslahatçysy bolup gatnaşýar. Onuñ bu hereketde oýnan
roly barada jenap Hudaýberdi Orazow, Nurmuhammet Hanamow, Sapar Yklymow
giñişleýin gürrüñ berip bilerdiler. 25-nji noýabr wakalary bolup geçensoñ, oña gatnaşmakda günä bildirilip saklanan adamlaryñ görkezmelerini türkmen telewideniýäsinden köpçülige ýetirenlerinde, oña Myrat Esenowyñ gatnaşanlygy barada birje söz hem aýdylmady. Elbetde, işi gizlinlikde alyp baran Prezident goragynyñ generaly A.Rejebow we ýörite gullugyñ jogapkär işgäri general Rahman Allakow halka diñe öz islän maglumatlaryny aýan edendirler. Şol sebäpli tussag edilenler öz beren görkezmelerinde Myrat Esenowyñ oña aktiw gatnaşyp, şol gije onuñ Aşgabatda bolandygyny görkezen bolaýanlarynda-da, ol faktlar efire berlen däldir. Dowamy bar |