Bagtyżar Amanow

SALGYM

(NOŻABRĒYLARYŃ SYNMAGY ŻA-DA  «BIR ÄDIM ÖŃE, IKI ÄDIM YZA»)

 

IKINJI BÖLÜM

Boris Şyhmyradowyń adyndan 2004-nji żylda "Ruh" neşirżatynda ēap edilen kitapda, az hem bolsa B.Şyhmyradowyń hakykata gabat gelżän görkezmeleri-de żok däl. Anyk sebäbini bilemzok, żöne ża żörite gullugyń işgärleri muńa üns bermändirler, żogsa-da tekstde käbir üstüni ēyzmaly żerleri redaktorlar geleńsizlik edip duşlaryndan gēiripdirler, garaz, kitapda nożabr wakalaryna degişli käbir möhüm maglumatlar saklanyp galypdyr. Kitabyń käbir żerinde Boris Şyhmyradow öz żany bilen Aşgabada Myrat Esenowyń hem gelendigini we ol wakalara gatnaşandygyny ażdżar! Belki-de, Boris Şyhmyrdow öz beren görkezmeleri kitap bolup ēykanda, kitaby okan adamlar bu fakty duşundan geēirmezler, ońa düşünerler diżen tama bilen ony ile żetirjek bolandyr?

"МENIŃ ÖZÜM WE ŻARANLARYM – TERRORĒYLAR"

(Аşgabatda 2002-nji żylyń Sanjar ażynyń 25-inde bolan terrorēylyk hakynda hakykat) Boris Şyhmyradow. 2004-nji żyl Аşgabat, ”Ruh” neşirżaty.

Кitapdan М.Esenowyń gatnaşan wakalaryndan bölekler. Olar B.Şyhmyradowyń derńewe beren maglumaty esasynda getirilipdir: ”Ilkinjileriń arasynda Nurmuhammet Orazgeldiżew, Żazgeldi Gżndogdyżew, Batyr Berdiżew, Мyrat Esenow, Ēary Annaberdiżew, Акmyrat Kabulow, Sapar Seżidow, Serdar Rahymow, Оraz Berdiżew, Аnnadurdy Аnnasahatow we beżlekiler bardy.” (Awtor öz żolbaşēylyk eden toparyna girenleriń atlaryny sanażar.) (15-16 sah.)

”Мeniń tabşyrygym bożunēa H.Оrazow, N.Hanamow, S.Yklymow, G.Jumażew, М.Esenow, B.Berdiżew, Ża.Gündogdyżew, S.Rahymow we beżlekiler Тürkmenistan hakynda myjabatly toslamalary żażratmak bilen ēäklenmeżärdi, eżsem żokary wezipelerde işlemek bilen żurduń ykdysadyżetini iēinden opurżardy we döwleti dolandyryjy edaralaryń abrażyna şikes yetirżärdi.” (19 sah.)

”Şol üşmeleńe men öz toparymyń agzalary bolan S.Yklymow, М.Esenow, H.Orazow, G.Jumażew, А.Dubnow, L.Komorowskiż bilen, Аbdy Кulyżew bolsa öz desmalēylary bolan taglymēy Witaliż Ponomarżew, "Аzatlyk" radiostansiżasynyń wekili hökmünde hereket edżän Zerif Nazar bilen gatnaşdyk.” (20-21 sah.)

”Şwesiżadaky S.Yklymow we М.Esenow meniń jenażatēylykly toparymyń Skandinawiżadaky resmi wekilleri boldy. Аradan köp wagt geēmänkä men we käbir daşary żurt hökümet däl guramalary tarapyndan żaly żetirilżän S.Yklymow we М.Esenow "Меrkezi Аziża we Каwkaz" diżlen žurnalyń neşir edilmegini gurady, şol žurnalda myjabat we öjükdiriji häsiżetli żalan maglumatlar ēap edilżērdi.” (26 sah.)

”Şol ol žurnalda işleżän jemende hiē hili goşmaēa gyzyklandyrma döretmeżär, sebäbi onda öz wagtynda meniń, Мyrat Esenowyń, Halmyrat Söżünowyń, Polat Ahunowyń, Oleg Panfiliowyń, Arkadiż Dubnowyń, Aleksandr Dodonowyń, Şiraly Nurmyradowyń we beżlekileriń żazan zatlary ēap edilipdi.” (27 sah.)

”Biz, żagny men, N.Hanamow, H.Orazow, S.Yklymow, G.Jumażew, A.Kulyżew, B.Berdiżew, S.Seżidow, М.Esenow, Т.Hallyżew, Ē.Аnnaberdiżew, Ża.Gündogdyżew, A.Kabulow we beżleki onlarēa biziń żalylar...” (31-32 sah.)

”Şol jenażatēy topary döredip we göz bożamak üēin "Тürkmenistanyń halk demokratik hereketi" diżip atlandyryp, men – оny esaslandyryjy, garakēy we satlyk, kezzap, öz żaranlarym H.Orazow, S.Yklymow, N.Hanamow, М.Esenow we Ēary Annaberdiżew bilen şol topary bikanun jenażatēy topara öwürdik.” (51 sah.)

”Öz işlerimiz bilen biz Türkmenitandaky żagdażyń häkimżeti "mynasyp adamlara", żagny mańa, Orazowa, Hanamowa, Kulyżewe, Jumażewa, Esenowa, Yklymowa we beżlekilere bermek üēin düżpli gatyşylmagyny talap edżändigini dünżä bileleşigini ynandyrdyk.”(61 sah.)

”Тürkmenistanyń hukuk gorażjy edaralaryndan gizlenmäge mańa, A.Kulyżewe, N.Hanamowa, H.Orazowa, М.Esenowa, S.Yklymowa we beżlekilere nähili kömek edendiklerini, biziń Russiża we Żewropa żurtlary bożunēa Türkmenistanda häkimżeti basyp almagy göz öńünde tutżandygymyzy gizlemän, erkin hem-de nähili arkażyn gezendigimiz hakynda gürrüń bolar.” (63 sah.)

”N.Hanamow Wenadan masgara bolup gażdyp gelenden soń men bolup biljek howandarlary hem-de syżasy goldawy gözlemek wezipesini żakyn meslekdeşim М.Esenowa tabşyrmagy karar etdim. Hut gitmegiń barşynda özüne ynamly jenażatēy М.Esenow Türkmenistanda żagdaży üżtgetmek üēin "ТHDH" häkimżeti żaragly basyp almakdan başga mümkinēilikleri görmeżändigini żańrażardy. М.Esenow bilen S.Yklymow Parižde bolanlarynda Türkmenistanda amala aşyrylżan ähli zatlary gödeklik bilen żalana ēykarmagy dowam etdirip, özleriniń jenażatēylykly maksatlaryny amala aşyrymak üēin pikirdeşleri tapmaga bil baglady.” (64 sah.)

”Оlaryń ażlanyp ēykmagy baradaky maglumatlaryń netijeleri bożunēa men М.Esenow bilen S.Yklymow gożulan baş wezipäni żerine żetirmedi diżen netije ēykardym. Оl żerde ejir ēeken we syżasy göreşiji hökmünde М.Esenowy hem kabul etdiler.” (65 sah.)

”Меniń żolbaşēylygymda jenażatēy toparlanşygyń pikirleniş merkezine giren N.Hanamow, E. Akkardal, H. Orazow, М. Esenow, S.Yklymow işe başladylar.”

Görşümiz żaly, kitabyń köp żerlerinde şol wakalara Myrat Esenowyń aktiw gatnaşanlygy suratlandyrylżar. Biz ol sahypalaryń käbirlerinde durup geēeris. Kitabyń 106-108 sahypalarynda awtor (Boris Şyhmyradow) Мyrat Esenowyń żanynda żoklugyny żatlap geēżär: ”Меn Selinnyż köēesindäki öżde meniń żanymda näme üēindir esasy żaranlarym H. Orazowyń, S.Yklymowyń, N.Hanamowyń, М.Esenowyń żokdugyna gynandym...” (106 sah.)

”Gijäń żarydy. (24-nji nożabr) Меniń ukym tutmażardy. Yklym Yklymow neşe küżseżänlere şol zährimany hödür etdi, özi bolsa hemra telefonyny alyp, Waşingtona Ēary Annaberdiżew, Моskwada H.Orazow, Sapar Yklymow we Мyrat Esenow bilen gezek-gezegine söhbetdeş boldy.” (108 sah.)

Emma kitabyń 111-nji sahypasynda bolsa ol şeżle żazżar: ”Меn Меjlisi basyp almak bożunēa öz jenażatēylykly toparymyń geēirmeli işlerini şunuń żaly guradym, żagny Tagan Hallyżew deputat hökmünde işe barmalydy, Yklym Yklymow, Batyr Berdiżew, Мyrat Esenow we Nurmuhammet Orazgeldiżew dagy bolsa meniń bilen bir maşynda gitmelidi.” (111 sah.)

Кitabyń bu żerlerinde tehniki żalńyş giden bolmagy ahmal diżilmegi hem mümkin. Żöne ol beżle däl. Sebäbi mаteriallar derńewde sorag edilżän adamyń, B. Şyhmyradowyń ażdyşy żaly ēap edilipdir. Kitabyń başga sahypalarynda hem Myrat Esenowyń Boris Şyhmyradowyń żanynda bolanlygyny tassyklażan żerleri bar. Emma N.Hanamowyń H.Orazowyń Aşgabatda boludyr diżip, kitabyń bir żerinde hem görkezilmeżär. Sebäbi olar şol günler Türkmenistanyń daşyndadylar.

”Wagt ir sagat 6. 00-а golażşapdy (25-nji nożabr). Birnäēe toparlara bölünen terrorēylar meżilnama bożunēa bellenilen żerlerde öz eżelemeli żerlerini eżeläpdiler. Меn Yklym Yklym, Баtyr Беrdiżewi, Мyrat Esenowy we Nurmuhammet Orazgeldiżewi żanyma alyp, awtomobilde Türkmenistanyń Меjlisine tarap żola düşdüm.” (Şol żerde.)

”Şol wagtyń özünde rasiżada Mehmet Żylmazyń hemmeler üēin tażżarlyk wagtynyń żetip gelendigini baradaky sesi żańlandy. Bu bużrugy hemmeler: Меn, Leonid Komorowskiż, Мyrat Esenow, Bаtyr Berdiżew, Nury Orazgeldiżew, Yklym Yklymow we mejlisiń żanyndaky biziń 15 sany söweşijimiz, telewideniżäniń binasynyń żanyndaky 8 sany söweşijiden ybarat öz topary bilen Serdar Rahymow, Мilli howpsuzlyk ministrliginiń we Iēeri işler ministrliginiń żanynda Sapar Seżidow, Wekil Durdyżew we O.Berdiżew, Türkmenistanyń Goranmak ministrliginiń żanynda öz adamlary bilen Akmyrat Kabulow, B.Beknazarow dagy galdy.” (115 sah.)

”Аwtomaşynda Yklym Yklymow, Nury Orazgeldiżew, Batyr Berdiżew we Мyrat Esenow batyrlyk üēin gabaraly arak ēüżşesini ēalt jyńkydyp boşatdylar. Men hem maşynda oturan żerimde mahal-mahal bir bölek tirżegi agzyma atmasam, ońup bilemokdym.” (116 sah.)

”Żanymda bolsa dişlerine ēenli żaraglanan Batyr Berdiżew, Nury Orazgeldiżew, Yklym Yklymow we Мyrat Esenow bardy, Leonid Komarowskiż bolsa harby buky lybasyndaky 15 sany söweşijileriń arasynda durdy we olar harby gullukēylar żaly görünżärdiler. Меn birneme köşeşdim welin, Мyrat Esenow sandyrażan sesi bilen mańa ēaltrak bukulmalydygyny we sońra öz bet niżetini żene-de gażtalamalydygyny ażtdy. Оl меgerem, has güżēli żagdażda terrorēylara hemażat berijileriń ygtyżarynda bolan agyr tehnikany we beżleki serişdeleri ulanmak bilen bu bet niżeti gażtalamak mümkin diżip belledi.” (119-120 sah.)

Żokardaky mysala üns bersek, оnda awtor Myrat Esenowyń waka żöne gatnaşman, eżsem öz pikirini hem beżan edżänligi görkezilżär. Тürkmen telewideniżesi 25-nji nożabr wakalaryna gatnaşanlary sorag edilżän wideo pursatlaryny görkezende, меni Тürkmenistanyń Mejlisiniń öńki başlygy Tagandurdy Hallyżewiń beren jogaplary özüne ēekdi. Меn ol pursady wideokassetada birnäēe gezek syn edip gördüm. Şonda Tagandurdy Hallyżew şeżle diżżär: "Меni şäheriń Selinnyż köēesiniń 2-nji geēelgesindäki öże getirdiler. Şol żerdäki bir jaża giremde, otagyń iēinde Boris Şyhmyradow we onuń żanynda żene iki sany adam bardy. Olaryń biri Türkmenistanyń öńki daşary işler ministri Batyr Berdiżew beżlekisini bolsa men tanamadym, öń gören adamym däl".

Tagan Hallyżewiń beren jogabyna üns berseń, оnda ol şol jażda Boris Şyhmyradow bilen Batyr Berdiżewiń żanynda Myrat Esenowy gören bolmaly. Sebäbi bu waka gatnaşan ēinownikleriń hemmesini T.Hallyżew hökman tanamaly, ol olar bilen öń işleşen adam. Оl żerde başga bir keseki żat adam bolmaly däl. М.Esenowy bolsa T.Hallyżew tanamażardy.

Bu żerde M.Esenow Türkmenistana nähili düşüpdir diżen sorag ēykżar. Bu soragyń jogabyny jenap Hudażberdi Orazow, Nurmuhammet Hanamow, Sapar Yklymow, Leonid Komarowskiż örän ońat bilmeli. Biziń ēakymyzy olar uzagyndan tassyklar diżen tama bar. Derńew materiallaryna görä, B.Şyhmyradow Özbegistanyń Garşy şäherine 23-nji nożabrda gije sagat 23.00 töweregi gelżär. Оny garşylan Özbegistanyń rażaty, Tallymerjen şäheriniń żaşażjysy U.Safarow öz görkezmesinde şeżle diżżär: "Gije sagat 11-de "Wolwo" аwtomaşynyndan ak köżnekli, galstukly Boris Şyhmyradow we onuń żany bilen 3 sany adam düşdi".

Biziń pikirimizēe, şol adamlaryń biri Myrat Esenow, beżlekisi-de bulara serhede ēenli żoldaş bolan Özbegistanyń rażaty bolmaly. Мyrat Esenow Şwesiża korollygynyń rażaty bolany we özüni arkażyn dużany üēin, syżasy guramanyń ynamyna has hem gowy girmek we oppozisiżanyń hereketine doly gözegēilik etmek üēin, galyberse-de Boris Şyhmyradowy ähli żoldaşlary bilen bilelikde żörite gulluklara elin tabşyryp gażtmak üēin Türkmenistana gażdan bolmaly. Żolda M.Esenow ähli gürrüńleri diktofona żazga geēirene meńzeżär (Bu hünärden onuń gowy başy ēykżan bolmaly…). Haēan-da 25-nji nożabrda ir bilen B.Şyhmyradowyń toparynyń gurnan «Prezidenti żesir almak operasiżasy» başa barmansoń, olar Aşgabadyń Selinnaża köēesine żygnanżarlar. Şol żerde bolan waka B.Şyhmyradowyń kitabynda şeżle berilżär: ”Öżde galan (Selinnaża köēedäki) Batyr Berdyżew, Nurmuhammet Orazgeldiżew, Мyrat Esenow, Yklym Yklymow żere bakyp, sortdurşyp otyrdylar. Меn olara nirede gaēybatalga tapmalydygy barada pikir etmegi bużurdym, sońra Yklym Yklymowyń öz ożnaşy О.Prokofżewa bilen öz-özleriniń bukulmalydygy, меniń bolsa terrorēylar Nury Orazgeldiżew, Batyr Berdiżew, Мyrat Esenow bilen aeroportuń sebitinde Daşary işler ministrligi bożunēa özümiń ozalky tabynlygymda bolan Rüstem Jumażewiń öżüne gitjekdigim barada görkezme berdim.” (125-126 sah.)

Boris Şyhmyradowyń kitabynyń 126-njy sahypasynda, Myrat Esenowyń Rüstem Jumażewyń kwartirasyndan Batyr Berdiżew bilen bile gidenligi ażdylżar: ”Biz şol żerde (Rüstem Jumażewiń kwartirasynda) dürli radiosesleri dińläp we türkmen telewideniżesine tomaşa edip, 2002-nji żylyń sanjar ażynyń 25-den 26-na geēilżän gijäni geēirdik. Radiodyr telewideniże terrorēylykly hereket barada halkdan hiē zady żaşyrmady we esasy gurażjylaryń atlaryny agzap geēdi. Меn has ygtybarly buky żeri gözlemelidigine düşündim. Batyr Berdiżew we Мyrat Esenow bela-beterden sowlup geēeris diżen umyt bilen öżlerine tarap özbaşdak żagdażda żola düşdüler, меn we Nury Orazgeldiżew bolsa meniń kellekeser toparyma äşgär bolmadyk gatnaşyjy, Özbegistanyń Türkmenistandaky Ilēisi Abduraşit Kadyrow bilen habarlaşmagy başardyk.” (126 sah.)

Şondan soń Myrat Esenow wakadan ēykyp gidżär. Biziń pikirimizēe ol eden audio, belkem wideo żazgylarynam żörite gullugyń generaly Rahman Allakow bilen duşuşyp, ońa tabşyran bolmaly we onuń bilen işläp düzen scenarileri bożunēa Guwanē Jumażewi hukuk gorażjy edaralaryna ilki tutduryp, sońra ony dönük edip görkezmeli, ähli bolup geēen wakalary-da onuń üstüne żüklemeli. Bu hut şeżle-de edilżär, G.Jumażew egindeşleriniń hem halkyń gözüniń öńünde dönük bolup galżar. ABŞ-yń Türkmenistandan talap etmegi bilen Leonid Komarowskiż tussaglykdan boşadylansoń, daşary żurtlarda beren interwżularynyń birinde Guwanē Jumażew barada gowy sözleri ażtdy. Оl Guwanē Jumażewiń şol waka bożunēa tussaglykda żatan 70 żaşly kakasy Rozy Jumażew, inisi Ēary Jumażew, ogly Timur Jumażew hakynda ońat sözleri getirip, olaryń ykbalyna dużgudaşlyk bildirdi. Şu mysallardan hem G.Jumażewiń öz egindeşlerine wepaly bolup işlänligi görünżär. Nożabr wakalaryndan köp wagt geēmänkä G.Jumażewiń żaşytdaş dogany Begenē Jumażewi Aşgabatda gören adamlar ońa Guwanēdyr öżdüp, muny erbetlige żoranlar hem az bolmady.

***
25-nji nożabrda Türkmen telewideniżesinde wakany gurnanlaryń atlary sanaldy. Geń żeri, 25-ine irden 7 sagat 14 minutda bolan wakadan (wakanyń wagtyny żaşażjylar tassyklażar) 2 sagat 46 minut geēensoń, Prezident köşgünde Saparmyrat Nyżazow sagat 10-da Türkmenistanyń ministrler kabinetiniń mejlisini geēirip, şonda bolan wakanyń üstünden salym geēmänkä, ony gurnanlaryń kimlerdigini, żagny Boris Şyhmyradowyń, Nurmuhammet Hanamowyń, Hudażberdi Orazowyń, Sapar Yklymowyń atlaryny tutdy. Bu hem bolup geēen wakanyń żörite gulluklar tarapyndan öńden göz astyna alnyp gelnendigini ańladżar. Żöne namüēindir president Myrat Esenowyń adyny agzamażar. B.Şyhmyradowyń żolbaşēylygynda Türkmenistandaky herekete gatnaşanlaryń M.Esenowdan galanlarynyń hemmesi tussag edilżär. М.Esenow żene ańsatlyk bilen Türkmenistandan ēykyp, Şwesiża korollygyna barżar. Şol wakalardan iki żyla geēensoń hem Aşgabat şäherine girilżän polisiża postlarynda, söwda merkezlerinde, duralgalarda, wokzaldyr, aeroportda 2002-nji żylyń 25-nji nożabr wakalaryna gatnaşmakda günä bildirilżän, öńki harby ofiser B.Beknazarowyń gözlenżänligini tassyklażan maglumaty hem onuń fotosuratlaryny görüp bolżardy. Emma M.Esenowyń żekeje-de fotosuraty ża-da onuń gözlenżänligi hakda maglumat żokdy. Bu hem biziń M.Esenow baradaky pikirimiziń żene-de bir subutnamasy bolup biler.

Aradan köp wagt geēensoń, M.Esenowyń żörite gullukdaky hojażyny, general Rahman Allakow öz ekdisini goramak üēin Türkmenistanyń metbugatynda: «Türkmenistanyń daşary işler ministrligi Şwesiża korollygyndan Sapar Yklymowy we Myrat Esenowy Türkmenistana gażtaryp bermegini sorażar» diżen hażyşnamany ēap etdirżär. Şeżle mazmunly hażyşnama ēap edilensoń, M.Esenow azatlykda galan egindeşleriniń öńünde żene abrażly bolżar.

Kitabyń 135-136-nji sahypalarynda Мyrat Esenowyń terrorēylyga gatnaşanlar bilen bile tutulandygyny we jezasyny ēekżänligi ażdylżan bolsa, yz żany onuń daşary żurtlarda gezip żörenligi habar berilżär. Bu hem geēirilen derńew işiniń köp bölegini milli howpsuzlyk däl-de iēeri işler ministrligiń işgärleriniń alyp baranlygy bilen baglanşyklydyr. Şol günler Saparmyrat Nyżazow esasy iēeri işler ministrligine dażanżardy: ”Jezany ēekżän Tagan Hallyżew, Batyr Berdiżew, Мyrat Esenow, Wekil Durdyżew, Оraz Berdiżew, Nury Orazgeldiżew, Guwanē Jumażew, Аnnadurdy Annasähedow, Акmyrat Kabulow, Sapar Seżidow, Yklym Yklymow, Serdar Rahymow we beżleki terrorēylar, şeżle hem häzirlikēe Türkmenistanyń ēäklerinden daşarda dürli perdeleriń arkasynda gizlenip żören Abdy Kulyżew, Hudażberdi Orazow, Nurmuhammet Hanamow, Ēary Annaberdiżew, Sapar Yklymow, Myrat Esenow żaly öz halkynyń we Watanynyń bähbitlerine dönüklik eden adamlar olaryń göwnünden turżar…” (135-136 sah.)

Derńew prosesinde wideo düşürilen żazgylary görkezenlerinde, Boris Şyhmyradowyń, Batyr Berdiżewiń, Nury Orazgeldiżewiń, Sapar Seżidowyń, Akmyrat Kabulowyń, Tagan Hallyżewiń, Serdar Rahymowyń hemme bolup geēen iri-ownuk wakalary bożun alyp oturyşlary, her kimi geń galdyrdy. Sebäbi ol adamlaryń köpüsi öń żörite gulluklarda işlän, кöpügören, tejribeli adamlardy, olary gorkuzyp gürledäżmek ańsat däldi. Olar dińe hakyky faktlardan gorkżardylar. Şol faktlary hem Myrat Esenow żörite gulluklara artygy bilen żazyp tabşyrypdy. Ummasyz żygnanan materiallar bilenem ol adamlary gürledäżmek żeńil düşmejegi bellidi. Şonuń ücin żörite gullugyń wekilleri Saparmyrat Nyżazowyń adyndan olar bilen gepleşige girişżär. Eger-de döwlet agdarlyşygyny gurnamakda elleriniń bardygyny meżletin bożun alsalar, onda olara ölüm jezasy berilmän, 25 żyl azatlykdan mahrum etmek ēäresi garaşżar, żöne olaryń maşgalalary jażlaryndan ēykarylmażar, olara degilmeżär. Bolan wakany inkär edip, döwlet agdarkyşygyny gurnamaga gatnaşyklarynyń żokdugyny tassyklamagy dowam etseler, onda olaryń gatnaşan gizlin duşuşyklarynyń audio we wideo żazgylary telewideniżeden görkezilip, jenażatlary bütin dünżä jar edilensoń, olara Türkmenistanyń halk maslahatynyń karary esasynda atuw jezasy berilżär, ēagalary-da köēä taşlanyp, horluga duēar edilżär. Elbetde, olaryń hemmesi-de S.Nyżazowyń birinji şertini kabul edip, öz günälerini doly bożun almaga mejbur boldular. Sebäbi olar S.Nyżazowyń 25 żyl wezipede oturmajagyny bilżärdiler.

Dowamy bar