Bagtyıar Amanov

SALGYM
(NOİABRÇYLARYÑ SYNMAGY İA-DA  «BIR ÄDIM ÖÑE, IKI ÄDIM YZA»)
 

ÜÇÜNJI BÖLÜM

Saparmyrat Nyıazow noıabr wakalaryna gatnaşyjylaryñ öñünde nämüçin şert goıupdyr diıen sowal ıüze çykaıar. Eger onuñ elinde olaryñ jenaıatyny subut edıän materiallar bar bolsa, nämüçin ony göni ulanmadyka? Biziñ pikirimizçe, munuñ birnäçe sebäpleri bar:
1.Hereket edıän syıasy oppozision guramada öz agentleriniñ işleıänligini gizlemek;
2.Käbir has gizlin döwlet syrlarynyñ üstüni ıapmak;
3.Taıynlanıan döwlet agdarylyşygynyñ ilkibaşdan göz astynda saklananlygyny, anyk syıasy maksatlardan ugur alyp, oña Türkmenistanyñ gizlin gulluklarynyñ özleriniñ assyrynlykdan itergi berip, soñra bu wakany ıurtdaky oppozisionerlerden we oppozision meıillerden bir zarbada dynmak üçin peıdalanandyklaryny gizlemek.

Mundan başgada şertiñ amatly tarapyna garanymyzda 1999 ıylyñ dekabr aıynda Türkmenistanyñ Halk Maslahaty tarapyndan ıurtda ölüm jezasyny ıatyrmak barada kabul edilen karary dikeltmek Saparmyrat Nyıazowyñ bähbidine däldi. İogsa, şol karary ıatyrmaklyga uly taııarlyk hem görlüpdi. «Oıny başlan utar» diılşi ıaly bu saparam ıeñiş Nyıazowyñ tarapynda bolıar.

Boris Şyhmyradowyñ adyndan çap edilen kitapda onuñ ABŞ-da Çary Annaberdiıew (ol birnäçe ıyl Türkmenistanyñ daşary işler ministrliginde Şyhmyradowyñ orunbasary bolup işlän. Soñra Türkmenistanyñ ABŞ-nyñ New İork şäherindäki konsuly wezipesinde.) bilen restoranda bile оturanlygy beıan edilıär. Biziñ pikirimizçe, bu duşuşyga-da Myrat Esenow gatnaşan bolmaly:

”Аgşamyñ аhyrynda sahna duıdansyzlykda içgili terrorçy Çary Annaberdiıew böküp çykdy we amerikanlaryñ haıran galmagynda "Моskwanyñ аgşamlary" аıdymyny aıtdy.” (72– sah.)

Şeıle epizodlar, elbetde, diñe ıörite gulluklarda işleıän adamlaryñ, аgentleriñ bir adamyny garalamak üçin niıetläp ıygnaıan maglumatlaryndan gelip çykıar. Faktyñ bolanlygyny ıa-da bolmanlygyny aıdyp geçsek, onda Çary Annaberdiıewi tanaıan dostlary onuñ aıdym aıtmak ukybynyñ bardygyny tassyklaıarlar.

Boris Şyhmyradowyñ daşary ıurtlardaky оppozisiıa agzalary bilen geçiren duşuşyklarynyñ hemmesini Myrat Esenowyñ ıörite gulluklara yzygiderli habar berip gelendigini añsa bolıar. Sebäbi jenaıat işlerinde günä bildirilıän adam derñewde diñe soralıan zatlara jogap berıär, öz erkine goşmaça maglumatlary bermeıär. Sülçi onuñ gatnaşan wakalaryny subut edıän maglumatlary getirse, sorag edilıän diñe şonda fakty inkär edip ıa-da mejbury boıun alyp biler. Agzalan kitabyñ 72-nji sahypasyndaky epizoda üns berseñiz, B.Şyhmyradow ABŞ-da bolan wakany Çary Annaberdiıew ele düşmedigem bolsa, nämüçindir derñewde agzaıar we öz-özi boıun alıar. Biziñ pikirimizçe, bu ıöne ıerden däl… Megerem, bu waka şol duşuşyga gatnaşan üçünji adamyñ, ıagny M.Esenowyñ ony öñünden häkimıetlere ıetirenligi bilen baglanyşykly bolsa gerek?

Кitabyñ 52-nji sahypasynda çap edilen maglumatlaram özüne çekiji: ”Мysal üçin, меniñ jenaıatçylar toparymyñ agzalary öz arasynda şu lakamlary we gizlin atlary ulanıardy: B.Şyhmyradow – "Маharaja", H.Оrazow – "Маgnat", S.Yklymow – "Soltan", N.Hanamow – "Patyşa", Nazar Söıünow – "Оligarh", G.Jumaıew – "Коrol", Ç.Аnnaberdiıew – "Wezir", Y.Yklymow – "Baron", N.Оrazgeldiıew – "Lord", B.Berdiıew – "Каnsler", İa.Gündogdyıew – "Dikme", S.Seıidow – "Han", А.Каbulow – "Şa", S.Rahymow – "Gensek", Т.Hallyıew – "Каrdinal", О.Berdiıew – "Кnıaz", W.Durdyıew – "Graf", А.Аnnasähedow – "Şazada"…. Hatda şu lakamlar boıunça kesgitli netije çykarmak mümkin. Näme üçindir biziñ hiç birimiz "Dеmokrat", "Watançy" diıen lakamlary almandyrys, ıöne patyşa bolup dur ählisi. Biz garakçy bolan özümize duıgudaşlyk bildirıänleriñ käbirini öz habarlarymyzda şeıle atlandyrıardyk: Nasrullah ibn Ibadullah – "Rasputin", Isgender Gurbanow – "Zorge"…” (52- sah.)

Dogrudan-da, Boris Şyhmyradowyñ özi we onuñ egindeşleri her hili lakamlar alan bolmaklary ahmal, sebäbi ıapyk ıurtda gizlin hereket etmeseñ ıa-da lakam almasañ, onda syryñ açylmagy mümkin. İöne şu mysala üns beren bolsañyz, nämüçindir Myrat Esenowyñ lakamy barada aıdylmandyr! Eıse, ol lakamsyz hereket etdimikä? Bu täsin maglumaty-da gizlin gulluklaryñ ıolbaşçylarynyñ säwlikden geçiren bolmagy ahmal... Eger M.Esenowa lakam bermeli bolsa bizä oña Isgender Gurbanowa dakylan "Zorge" lakamyny bererdik. Ol oña gaty mynasyp adam. (Isgender Gurbanow öñki polkownik. Türkmenistanyñ Milli howpsuzlyk ministrliginiñ 2-nji uprawleniıesine ençeme ıyllardan bäri ıolbaşçylyk eden. I.Gurbanow ıurtda syıasy oppozisiıäniñ işine we medeniıet, sungat, neşirıat, ıaly ugurlara gözegçiligi amala aşyryp gelen adam. 2003-nji ıylyñ aprel aıynda noıabr wakalaryna gatnaşmakda günälenip 17 ıyl azatlykdan mahrum edildi).

***
Lakamlar bilen bagly faktymyza ıene bir gezek üns bereliñ… Başda belleışimiz ıaly, jenaıata çekilıän ıa-da güman edilıän adam derñewde öz garşysyna ulanylyp bilinjek маglumatlary meıletin bermez. Kitabyñ 52-nji sahypasynda getirilıän faktlary diñe ıörite gulluga hyzmat edıän "informator" ıetirip biler. Kitabyñ bu sahypasynyñ şugulçynyñ maglumatlary esasynda ıazylanlygy bildirıär. Agzalan lakamlary derñewe B.Şyhmyradowyñ däl-de, M.Esenowyñ ıetirenligi ikuçsyz. B.Şyhmyradow derñewde diñe taıyn faktlary tassyklamaga mejbur bolan bolsa gerek. Oña belki-de başga ıol hem galan däldir...

Biziñ pikirimizçe, B.Şyhmyradowyñ daşary ıurtlarda alyp baran oppozision hereketiniñ ähli ädimlerini М.Esenow başdan-aıak ıörite gullugyñ generaly Rahman Аllakowa berip gelipdir. Munuñ şeıle däldigine şübhelenmek kyn.

2002 ıyldaky wakalardan iki ıyl geçensoñ Aşgabatda ıaşaıan syıasaty öwreniji ıas oglanlaryñ biri şeıle gürrüñ berdi: „ 2001-nji ıylda men „Gündogar“ intrenet saıtyny günde diıen ıaly okaıardym. Soñra men saıtyñ redaktory Myrat Esenow bilen hat alşyp başladym. Ol maña Şyhmyradowyñ ıolbaşçylygyndaky oppozision topara girmegi teklip etdi. Men teklibi каbul edenimden soñ ol maña rus dilinde ıazylan makalalary turkmen diline gecirmegi tabsyrdy. Şeıdip men internediñ üsti bilen terjime edilen makalalary iberip başladym. Dogry, men Myrat Esenowa başda ynanmadym we oz hakyky adymy oña bermedim. Sebabi onuñ maña ıazıan hatlarynyñ mazmuny gaty howpludy. Ine, bir gün ol maña Türkmenistanda ıaıradylmaly listowkanyñ tekstini iberdi we ony maña terjime etmegi tabşyrdy. Men listowkany terjime edenimden soñ, ony Myrat Esenowa iberdim we Türkmenistanda listowkanyñ hökman türkmen dilinde ıaıradylmalydygyny aıtdym. Aradan köp wagt geçmänkä listowkalar gelip gowuşdy. İöne Myrat Esenowyñ görkezmesi boıunça ol listowkalar diñe rus dilinde ıaıradylmaly edilipdir. Haçan-da listowkalar «jygyllyк» bazarynda we şäherıaka obalarda ıaıranda, köp adamlar oña düşünmediler. Listowkanyñ effekti, netijesi gaty pes boldy. Bu barada men Myrat Esenowa aıdamda ol oña kän bir ünsem bermedi. İöne meniñ adresimi we telefon nomerimi sorap bizar etdi. Şondan soñ meniñ oña bolan garaışym düıbünden üıtgedi. Myrat Esenow bilen gatnaşygymy jaı wagtynda kesenime häzir-häzirem oturyp begenıärin. Eger-de men oña öz ıüzümi açan bolsam, onda 2002-nji ıylyñ 25-nji noıabr wakalary bilen bagly menem tussag edilerdim“.

Eger-de ”Мyrat Esenowyñ Boris Şyhmyradowyñ hereketlerini ıörite gulluklara ıetirmekden öñde goıan maksady näme?” diıip soralsa, оnda оña şeıle jogap berse bolar: satlyk, dönük adam elmydama öz işine wepaly bolıar. Olar adamzat jemgyıetinde öñden bäri bar, häzir hem hereket edıär. Saparmyrat Nyıazowyñ zorluk bilen halky sütem astynda saklaıan režimi М.Esenow ıalylara мätäç bolıar. Diñe şolar ıaly adamlar aıylganç režimleriñ ömrüni uzaldıarlar. Bu problemada halkyñ režime garşy göreşiniñ sebäbi-de belli bir derejede şöhlelenıär. М.Esenowyñ öñde goıan maksatlaram aıdyñ. Оl Türkmenistanda hiç hili wezipä hem ymtylmaıar. Ony indi diñe walıuta gyzyklandyrıar. Sebäbi ol Şwesiıa korollygynda ıaşaıar ahyryn, çagalaram ıanynda…

***
Başda biz Boris Şyhmyradowyñ ykbalyny rus rewolüsioneri Boris Sawenkowyñky bilen deñeşdiripdik. Taryha ıüzlensek onda biz belli rus agenti Ewno Azefiñ ykbalynyñ hem Myrat Esenowyñka meñzeşdigini görüp bileris. Azef Russiıada hereket eden syıasy «eserler» guramasynyñ ıolbaşçylarynyñ biri bolup gizlinlikde syıasy polisiıa guramasyna 15 ıyl gulluk edip, gymmatly maglumatlary berip gelipdir. Dönükligi ıüze çykanda Azef syıasy polisiıanyñ kömegi bilen daşary ıurda, Germaniıa aşıar. Şol ıerde-de 1916-njy ıylda öz ajalyna ölıär. ХХ asyryñ ortalarynda İewropada ıaşap geçen taryhçy B.Nikolaıewski «Bir dönügiñ taryhy» diıen kitabyny Ewno Azefiñ durmuşyna bagyşlap ıazıar. Ol kitapda awtor şeıle belleıär: «Hereket edıän syıasy guramanyñ ıolbaşçylar toparyna girıän, iñ gymmatly agent hasap edilıär. Şonuñ üçin oña gizlin edebiıaty, listowkalary çap etmegi, ıaraglary almagy, agitasiıa we propaganda işlerini geçirmegi gizlin syıasy polisiıa ıolbaşçylary tarapyndan görkezme, ıagny rugsat berilıär. Haçan-da syısy guramany tussag etmäge girişilende, syıasy polisiıäniñ ketdeleri öz agentlerini aradan çykaryp, olara hiç hili şübhe gitmez ıaly, derñewde berilıän görkezmeleri bulaşdyryp, pikiriñ başga bir adama gönükdirilmegini gazanıanıar… » ( 13-14 sah. Moskwa syıasy edebiıat neşirıaty 1991 ı.)

2002-nji ıylyñ noıabr wakalarynda dönügiñ eli bolmadyk bolsa, Türkmenistanda nähili syıasy ıagdaı dörärdi? Şol wakalaryñ öñ ıany Boris Şyhmyradowyñ ıolbaşçylygynda daşary ıurtlaryñ birinde «Geçiş döwrüniñ programmasy» ıa-da «Türkmenistanda demokratik halk hereketiniñ maksatnamasy» kabul edilıär. Maksatnama laıyklykda B.Şyhmyradow geljekki wagtlaıyn hökümetiñ başlygy, N.Hanamow, H.Orazow, S.Yklymow, M.Esenow bolsa agzalary bolıarlar.

***
2002 ıylyñ 25-nji noıabryndaky dildüwşük başa baran bolsa, onda prezident fiziki we syıasy basyş astynda wezipesinden çekilıändigi hakdaky arza gol çekmäge mejbur edilerdi. Yz ıany ol arza türkmen telewideniıesinde okalardy. Arzada Türkmenistanda döredilen demokratik halk hereketine döwlet ıolbaşçylyk funкsiıalarynyñ berilıändigi we bu guramanyñ ıolbaşçylygynda bir ıyldan soñ ıurtda saılawlar geçiriljekdigi aıdylardy. Ine şundan soñam ıurtda wezipe paılanyşygy başlanardy. B.Şyhmyradowyñ guramasyna girıän ıoldaşlaryñ hemmesi uly wezipeleri alardylar we ıurdy dolandyrardylar. Bir ıyldan soñ saılawlar geçirilerdi. Ol saılawlarda, edil Russiıadaky ıaly, ähli administratiw serişdeleri, güıçleri ulanyp, B.Şyhmyradowyñ topary ıeñiş gazanardy, netijede Türkmenistan «dolandyrylıan demokratiıa» sistemasyna geçerdi. Erkin demokratik dolandyryşa geçmek perspektivasy bolsa türkmen halky üçin ıene 50 ıyl daşlaşardy. Şol ıyllaryñ dowamynda Türkmenistany syıasy dinastiıa topary, olaryñ çagalary dolandyrardy. Türkmenistanda gaz we nebit «оligarhlary» dörärdi. S.Nyıazow döwründe haram ıollar bilen baılaşan gatlak halkyñ depesinde gutarnykly ornaşardy. Bu pikiri öñe sürmäge bizde doly esas bar.

Boris Şyhmyradow.
Boris Şyhmyradowyñ syıasy ıüzi: B.Şyhmyradow 1992-nji ıylda Türkmenistanyñ daşary işler ministri bolıar. Prezident S.Nyıazowa ıakyn durmak bilen ol 1994-nji ıylda Türkmenistanyñ ministrler kabinetiniñ goranmak işleri boıunça bir wagtda orunbasaryñ, wise-premıeriñ işlerini alyp barıar. Boris Şyhmyradov 1999-njy ıylyñ dekabr aıynda Türkmenistanyñ IX Halk maslahatynda S.Nyıazowyñ prezidentlik möhletini ömürlik etmek we munuñ üçin Türkmenistanyñ Konstitusiıasyny üıtgetmek barada Rejep Saparow bilen bilelikde Halk Maslahatyna teklip girizıär. 2001 ıylyñ başynda B.Şyhmyradow ministrlik wezipesini ıitirıär we Hytaı halk respublikasyna ilçi edilip iberilıär. Şol ıylam ol öz işini taşlap Moskwa baryp, S.Nyıazowyñ režimine oppozisiıä geçıänligini habar berıär.

Boris Şyhmyradowyñ 10 ıyllap gulluk eden režimine garşy oppozisiıä geçmeginiñ sebäbi nämede? B.Şyhmyradowa demokrat ıa-da liberal pikirli adam diıip bolmaz. Onuñ işlän döwründe ulanan metodlary, metbugatdaky çykyşlary muña şaıatlyk edıär. Ol türkmen dilini bilmänsoñ, ıanyna diñe rus dilli kadrlary ıygnaıar. Olara uly wezipeleri berıär. Ejesi ermeni milletinden bolany üçin, Boris Türkmenistanyñ ermenlerine hem goldaw berıär. Şyhmyradow jigsi Konstantine (Kostıa) Aşgabatdaky «Lokomotiw» stadionyny hususylaşdyryp alyp berıär. Olaryñ jenaıata çekilmegi bilen bu stadion ilki hökümetiñ ygtyıaryna geçıär. Hazir «Lokomotiw» stadiony prezident S.Nyıazowyñ goragynyñ başlygynyñ orunbasaryna degişli.

1996-1997-nji ıyllarda B.Şyhmyradow Owganystanyñ şol wagtky «talyplar» režimi bilen ıakyn gatnaşyk saklaıar. Ol «talyplar» režiminiñ ıolbaşçylarynyñ biri Molla Omar bilen Hyrat şäherinde duşuşıar. Şol ıeriniñ türkmen ıaşaıjylary Türkmenistandan daşary işler ministri Şyhmyradowyñ gelendigini eşidip, özlerine haraı isläp, onuñ bilen duşuşmakçy bolıarlar, emma Şyhmyradowyñ başga maksatlary bolansoñ, ol olar bilen görüşman gaıdıar. Şol ıyllar Türkmenistanyñ Guşgy şäherçesindäki geçelgesinden Owganystan tarapdan yzygider köp mukdarda neşe serişdeleri tranzit görnüşinde İewropa tarap geçıär. Bu fakty harby işgärleriñ käbiri tassyk edıär. (Hyrat şäherindäki Türkmenistanyñ şol wagtky konsuly Annadurdy Annasähedow 2002 ıylda B.Şyhmyradowyñ jenaıatçy toparyna gatnaşmakda günä bildirildi we ol 25 ıyl azatlykdan mahrum edildi).

2000-nji ıylyñ başynda Russiıada Wladimir Putiniñ prezident bolmagy bilen, ıurtda birnäçe derñew işleri başlanıar. Putin Elsin döwründäki eden-etdiligiñ öñüni almak üçin ıaraglary özbaşdak daşary ıurtlara satıan toparlaryñ işlerini derñewe geçirär. «Rosworuženiıede» geçirilen derñew işleriniñ netijesinde olara degişli bir firma bilen 1994-nji ıylda Türkmenistanyñ şol wagtky wise-premıeri Boris Şyhmyradowyñ arasynda şertnama baglaşylyp, birnäçe harby uçarlaryñ we beıleki ıaraglaryñ satylandygy barada maglumatlar ıüze çykarylıar. Şol geçirilen ıarag söwdasy esasynda B. Şyhmyradow birnäçe million ABŞ-yñ dollaryny gazanıar. Derñew materiallarynyñ maglumatlary Türkmenistana ıetensoñ, S.Nyıazow B.Syhmyradowy wezipesinden çetleşdirıär.

Boris Şyhmyradow oppozisiıa geçıänligini yglan edensoñ, Saparmyrat Nyıazow özünde bar bolan maglumatlary (B.Şyhmyradowyñ bikanun ıarag söwdasyny edenligi hakdaky) Russiıanyñ Daşary işler ministrligine gowşurıar. Emma netije bolmaıar. Şyhmyradowyñ ol edaradaky köne dostlary başlanmaly resmi derñewleriñ öñüni alıarlar.

İarag satmak meselesinde Türkmenistanda birnäçe harby ofiserlere garşy jenaıat işi gozgalıar. Şolaryñ biri jenaıata çekilmezden öñ, derñew işleri gidıärkä, meniñ bilen duşuşypdy. Duşuşykda ol maña 1994 ıylda baglaşylan ıarag satmak baradaky şertnamanyñ ıagdaıyna düşündiriş berdi: «1994-nji ıylda iş otagyma Boris Şyhmyradowyñ öz eli bilen rezolıüsiıa goıan haty geldi. Şol resmi hatda harby uçarlary, Russiıadan gelen harby pilotlara tabşyrylmalydygy aıdylıardy. İurtda harby pudaga Boris Şyhmyradow ıolbaşçylyk edensoñ, biz berlen buırugy ıerine ıetirdik. Men we Türkmenistanyñ goranmak ministrliginiñ material jogapkär ofiserleri ençeme ıyl geçensoñ B.Şyhmyradowyñ bikanun hereketiniñ pidasy bolduk. Biz harby işgär bolanymyz üçin ol meseläni maslahat etmäge hukugymyzam ıokdy. İogsam şol mesele Goranmak ministrligiñ soñraky ıolbaşçylary Batyr Saryjaıewe, Rejepbaı Arazowa hem ıetirlipdi, emma ol wagt Boris Şyhmyradow «atyñ üstünde” bolup, prezidentiñ iñ ıakyn adamlarynyñ biri hasap edilensoñ, ıolbaşçylarmyzyñ birem oña garşy hereket etmedi. Bir gürrüñimiziñ arasynda ministrimiz maña ıüzlenip, «Sen beıle pikir edip oturma, bu zatlaryñ hemmesinde ıaşulyñ (Saparmyrat Nyıazow) eli bardyr, ıagny ol habarlydyr» diıip meni rahatlandyrdy. Indem şol işler üçin bizi süıräp ıörler. Häzir Baş prokuratura meni 2002-nji ıylyñ noıabr wakalaryna goşmak üçin jan edıär. Ol wakalara meniñ hiç hili dahylymam ıok. Biziñ ıagdaıymyza bir Alla kömek edäımese, başga edip biljek ıok». Onuñ gürrüñleri meni uly oıa batyrdy.

«Goranmagyñ iñ gowy usuly – hüjüm etmekdir” diıen nakyla eıerip Boris Şyhmyradow Saparmyrat Nyıazowa garşy oppozisiıa geçen bolsa gerek?

Nurmuhammet Hanamow.
Nurmuhammet Hanamow – Türkmenistanyñ Türkiıe döwletindäki öñki ilçisi. N.Hanamowyñ hökümete garşy oppozisiıa geçmegine näme itergi berdi?

N.Hanamow Türkmenistanda tanalıan maşgaladan gelip çykan. Ol SSSR döwründe Sosialistik zähmetiñ gahrymany adyny alan, «Tejen» sowhozynyñ tanymal direktory Çary Hanamowyñ ogly. N.Hanamow hiç wagt hem horluk gören adam däl. SSSR ıykylansoñ, N.Hanamow kakasynyñ abraıy bilen Türkmenistanyñ döwlet üpjünçilik komitetiniñ başlygy bolıar. Bu komitet Türkmenistana gelıän harytlar bilen döwlet edaralaryny üpjün etmek bilen meşgullanıar. N.Hanamow öz wezipesinden peıdalanyp, harytlaryñ uly bölegini çepe-saga sowurıar. 1993-1994 ıyllarda geçirilen derñewden soñ, prezident S.Nyıazow N.Hanamowy daşary ıurda ilçi edip iberıär. Ol döwürde S.Nyıazow ogurlykda tutulan uly döwlet işgärlerini tussag etmän, daşary ıurtlara ilçi edip iberıärdi. Türkiıede işlän ıyllary N.Hanamow özüni salykatly diplomat hökmünde görkezmän, «söwdagärlik» kärini dowam etdirıär. Onuñ iş güni diñe baı türk täjirleri bilen duşuşmak, olar bilen dynç almak we keıpi-sapadan ybarat bolıar. Muny ilçihananyñ şol wagtky işgärleri we türk täjirleri tassyk edıärler.
 

N.Hanamowyñ täjirçilik işdäsiniñ artmagy, onuñ örüsiniñ giñemegi, S.Nyıazowa baryp ıetıär. Ol Türkmenistanyñ milli howpsuzlyk komitetiniñ şol wagtky başlygy Muhammet Nazarowa Nurmuhammet Hanamowyñ täjirçilik işini öwrenmegi tabşyrıar. Az salymdan soñ, M.Nazarowyñ toplan maglumatlary esasynda N.Hanamow eıeleıän wezipesinden boşadylıar. Emma wezipesinden çetleşdirilensoñ ol Aşgabada dolanmakdan ıüz öwürıär. Türkmenistanyñ baş prokuraturasy Türkiıe hökümetine resmi sanksiı bilen ıüz tutup, N.Hanamovy saklamagy we Türkmenistana gaıtaryp bermegi soraıar. Türkiıede ençe ıyllar işlän N.Hanamow türk täjir dostlarynyñ kömegi bilen Türkiıeden İewropa gaçyp atıar.
 

N.Hanamow Europada syıasy gaçybatalga almak üçin özüniñ Saparmyrat Nyıazowyñ režimine oppozisiıada durıanlygyny yglan edıär. Soñra 2001-nji ıylda ol Boris Şyhmyradowyñ döreden syıasy toparyna goşulıar. N.Hanamow täjirçilik psihologiıasyndan ugur alyp B.Şyhmyradowyñ ıakyn wagtda S.Nyıazowyñ soñuna çykjagyna ynanyp, oña has ıakynlaşıar. Ol hiç wagt syıasy ylmy öwrenmänsoñ, syıasy opponent bolmagyñ prinsiplerine düşünmän, syıasy ideıalara gulluk etmek, liberal demokratik pikirlere uımak düşünjelerinden daşda duran adam. Onuñ soñky ıyllarda «Azatlyk» radiosynda eden we edıän çykyşlary muny subut edip biler.
 

Hudaıberdi Orazow.
Hudaıberdi Orazow – 1993–1999 ıyllarda Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ başlygy, 1999-2000 ıyllarda Türkmenistanyñ ministrler kabinetiniñ maliıe işler boıunça başlygyñ orunbasary. H.Orazow asly Daşhowuzly çowdurlardan. Ol 1990 ıyllara çenli Türkmenistanyñ Kommunistik partiıasynyñ Merkezi komitetinde maliıe bölüminde işleıär. Soñra Kooperatiw bankyñ başlygy bolıar. H.Orazow Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ başlygy döwri kadrlaryñ hemmesini diıen ıaly Daşhowuzlylardan goııar. 1993 ıylda milli türkmen manady dolanşyga goıberilende, H.Orazow halkyñ ykdysady betbagtçylygyndan peıdalanyp, öñki ulanyşdaky pullary (rubl) çalşylanda öz bähbidini unutmaıar. Şol operasiıada ol ep-esli maıa toplaıar. Soñraky ıyllarda manat konwertasiıa edilende (dollara geçiplende), hususy we döwlet edaralaryndan çalşylıan walıutanyñ 10%-ni özüne alıar. Bu praktikany H.Orazow tä wezipesinden gidıänçä dowam edıär.

«Azatlyk» radiosynda beren interwıularynyñ birinde Hudaıberdi Orazow prezident Saparmyrat Nyıazowyñ 300-e golaı gymmat daşly ıüzükleriniñ bardygyny belläp geçeıär. Elbetde, onuñ aıdıany ugrunda bar. Sebäbi şol ıüzükleriñ ıarsyny diıen ıaly H.Orazowyñ özi, Saparmyrat Nyıazowa sowgat edipdi. Her ıyl S.Nyıazowyñ doglan güni we Garaşsylyk baıramçylygynyñ öñ ıany, H.Orazow Ysraıylda ıaşaıan dostuna gymmat birilliant daşlaryny sargap getirderdi. Ol daşlar dürli formalarda ıasalan iri-iri görnüşdedi. Şol daşlardanam dürli formalarda ıüzük ıasadyp, Prezidente sowagat ederdi. Bu fakty bankyñ işgärleri we Aşgabadyñ ıüwelir ussalary tassyklaıar. «Şeıle gymmat ıüzükleriñ birnäçesi H.Orazowyñ özünde hem bar» diıip, onuñ bilen ıakyn gatnaşykda bolan aıallaryñ biri gürrüñdeşlikde aıdyp berdi.

Merkezi bankda işlän döwri, H.Orazowyñ Türkmenistanyñ altyn pullarynyñ saklanylıan ıeri bolan Germaniıänyñ Deutsche Bankyndaky hasabyna doly ygtyıary bolupdyr. Şol ygtyıardan peıdalanyp, ol daşary döwletde saklanylıan Türkmenistanyñ walıutasyny gije ıerli wagt boıunça sagat 20-00-da Aziıanyñ biržalaryna ertirki güne, sagat 8-00 çenli geçirip, ondan düşıän prosentlerini öz bähbidine ulanypdyr. Bu maglumaty merkezi bankyñ şol döwürdäki walıuta departamentiniñ bir işgäri tassyklaıar. H.Orazow Aşgabatda ilkinji uly çinownikleriñ biri bolup Berzeññi posıolygynda ullakan kaşañ jaı gurdurıar. İurtdaky maliıe problemalar ıitileşende, S.Nyıazow bank sistemasynyñ çüırükligini, onda korrupsiıäniñ pajarlap ösıänligini duıup, H.Orazowy wezipesinden aıyrıar. İurduñ walıuta hasaplary barlanyp başlananda H.Orazowyñ pyssy-pyjurlygy açylıar. Ol döwür S.Nyıazow ony basmak hem islemeıär. Ondan ogurlan pullaryny ençeme million dollarlary yzyna gaıtaryp bermegi talap edıär. H.Orazow daşary ıurt banklarynda duran pullaryny gaıtaryp getirmek bahanasy bilen Türkmenistandan çykmaga rugsat alıar we Moskwa şäherine gelıär. Şondan soñ ol yzyna dolanmak barada pikir hem etmeıär, ogurlyk pullaryny ulanyp, Moskwanyñ merkezindäki gymmat bahaly jaılarda ıaşap başlaıar.

Türkmenistan hökümedi Hudaıberdi Orazowy sorap, Russiıäniñ hökümedine degişli resmi kagyzlary iberıär. «Kapasa düşen guş dek» H.Orazow adam hukuklaryny goraıan halkara guramalaryndan, özelenip, daşary ıurtlaryñ birinden özüne syıasy gaçybatalga berilmegini soraıar. Moskwada ıerleşen bir halkara guramasynyñ işgäri (ol rus, ıerli adam) H.Orazow barada şeıle gürrüñ berdi: «Orazow bilen meni Moskwadaky dostlarymyñ biri tanyşdyrdy. Men ony ofisimizde kabul etdim. Ilki bilen ol menden daşary ıurtdan gaçybatalga almakda kömek sorady. Onda men oña: «Size ykdysady jenaıat etmekde günä bildirilıär. Siz dissidentem däl, syıasata-da goşulañzok. Şonuñ üçin biz size kömek edip bilmeris» diıdim. Orazow bolsa: «Men indi syıasata nähili goşulaıyn, gowsy, näçe pul diıseñiz men bererin, aıdyñ bahañyzy» diıdi. Men özümde Orazowa bolan položitel duıgularymyñ ıokdygyny añyp, «Siz gowsy şol puluñyza oñat adwokat tutunaıyñ» diıdim».

Bu wakadan soñ H.Orazow dissident, ıagny syıasatçy bolmaga girişıär. Ol pulunyñ kömegi bilen «NTW» telekanalynda Saparmyrat Nyıazowyñ režimini tankytlap, çykyş edıär. Şol döwür H.Orazowa B.Şyhmyradow direg bolıar. B.Şyhmyradow özünde bolan mümkinçiliklerden peıdalanyp, H.Orazowa daşary ıurtlaryñ birinde ıaşamaga ıagdaı döredıär. H.Orazowyñ ıaşaıan döwletiniñ ony Türkmenistana bermezligi üçin, onuñ syıasatçylygyna ynanmalydy. Şonuñ üçin H.Orazow syıasy internet saıtyny döredip, «Azatlyk» radiosynda-da yzygider çykyş edip ugraıar. Onuñ çykyşlary syıasata düşünıän adam üçin ıönekeı ıañra bolup görünıär. B.Şyhmyradowyñ toparyna girmek bilen H.Orazow diñe bir ençeme ıyllaryñ dowamynda toplan ogurlyk pullaryny arkaıyn sowmak däl, eıse özüni goramak hem täze dörediljek hökümetde ıene uly wezipe eıelemek isleıär. Emma onuñ umydy başa barmaıar.

Sapar Yklymow.
Sapar Yklymow – Türkmenistanyñ oba hojalyk ministriniñ öñki orunbasary.
Bu adamyñ syıasata gelmegi ıokardaky ıoldaşlaryndan tapawutlanmaıar. S.Yklymow 1993-1994 ıyllarda Türkmenistanyñ oba hojalyk ministri Paızygeldi Merdowyñ sag eli hökmünde, pudakdaky korrupsiıäniñ başynda durıar. Ol oba hojalyk ministrlige degişli bolmadyk ugurlara burnuny sokup, täjirçilik hünärini ösdürıär. Oba hojalygyna gerek bolan himiıa dökünlerini, tehnikalar, olaryñ şaı-sepleri bilen gyzyklanman, aıallaryñ içki geıimlerini Türkmenistana getirdip, ony dükanlarda, bazarlarda satdyrdyp, öz kisesini galñadıar. Ownuk-uşak harytlary getirmekden bizar bolansoñ, ol nebit pudagyna hem goşulıar. Türkmenistanyñ oba hojalyk ministrliginiñ walıuta hasabynda duran altyn pullary (ol döwür her bir pudagyñ ıolbaşçysyna waluta hasabyny iş üçin ulanmaga rugsat edilıärdi.) Russiıanyñ Tumen şäherindäki Döwlet nebit kompaniıasyndan gaıtadan işlemek üçin nebit önümlerini Seıdi şäherine getirip, ol kompaniıanyñ hasabyna valuta geçirıär. Maksady añsat gazanç. Emma Tumeniñ nebit kompaniıasy şertnamany wagtynda berjaı edip bilmeıär. Onsoñ bular S.Yklymowyñ geçiren puluny onuñ bilen ylalaşyp, başga ugurlarda ulanıarlar. Şeıdip, şol pul Türkmenistanyñ oba hojalyk ministrliginiñ hasabyndan hemişelik ıiririm bolıar. Saparmyrat Nyıazow bu ıagdaıy bilip, Türkmenistanyñ şol wagtky nebit-gaz ministri wise-premıer Nazar Toılyıewiç Söıünowa nebitiñ puluny dürli ıollar bilen Tumeniñ Döwlet nebit kompaniıasyndan almagy tabşyrıar. Şonuñ bilen birlikde S.Yklymow hem prezidente şol pullary tapyp berjekdigini ynandyrıar.

90-nji ıyllaryñ başlarynda S.Nyıazow köne egindeşlerinden dynmak bilen başagaıdy. Üssesine-de ony Abdy Kulyıewiñ ıolbaşçylygynda Moskwada we Türkmenistanyñ öz içinde hereket edıän oppozision syıasy toparlar halys aljyradyp barıardylar. İurduñ içinde bolıan korrupsiıa S.Nyıazow kän bir üns bermeıärdi. Ara düşen başagaılykdan, wagtdan peıdalanyp, Sapar Yklymow Türküıä gaçıar. Ol 1995-1999 ıyllara çenli Türküıede haram ıol bilen gazanan baılyklarynyñ hözürini görüp ıaşaıar. Ony hiç hili syıasat gyzyklandyrmaıar. Şol ıyllar Sapar Yklymow Türkmenistanda ıaşaıan doganlarynyñ dükanlaryna dürli harytlary ibermek bilen başagaı gezip ıördi. Ine, birden 1999-njy ıylda Saparmyrat Nyıazow Türkmenistanyñ Baş prokuraturasyna we milli howpsuzlyk komitetiniñ başlygyna, Türkmenistanyñ oba hojalyk ministriniñ öñki başlygynyñ öñki orunbasary Sapar Yklymowyñ işlän döwründe eden jenaıatlaryny derñäp, onuñ materiallaryny Türküıä döwletine bermegi tabşyrıar. Türküıäniñ resmi wekilleri Sapar Yklymowa bu maglumaty duıdurıarlar we eger onuñ eden jenaıatlary subut edilse, onuñ Türkmenistana beriljekdigi aıdylıar. Elbetde, jenaıat eden adam gaçmak bilen bolıar. Ol pulunyñ güıji bilen Moskwa gelip, Türkmenistanyñ hökümetine hakyky oppozisiıada duran wekillere, halkara adam hukuklaryny goraıan guramalara Saparmyrat Nyıazowyñ süteminden halas edilmegini haıyş edıär. Eger ol syıasy gaçybatalga alyp bilse, oppozisiıa hereketine maddy taıdan kömek berjekdigini ant içip, awy ıalaıar. Şeıdip Sapar Yklymow halkara guramalaryñ gözüni baglap, Şwesiıa korollygyndan syıasy gaçybatalga alıar.

Her bir syıasy gaçybatalga alan adam, daşary ıurtlarda wagtlaıyn kömek puluna, döwlet tarapyndan berilıän ıardama mätäç bolup ıaşaıar. Soñra ol baran ıurdunyñ dilini öwrenensoñ, oña başaryp biljek işini berıärler. Elbetde, ol işleriñ hemmesi ıönekeı, gara işler bolıar. Sapar Yklymow kömek puluny alsa-da, oña mätäç adam däl, Türkmenistanda haram ıollar bilen ıygnan dollarlaryna ıaşaıar. Onuñ oppozisiıä berjek kömegem gury howaıy gürrüñ bolup galıar.

Sapar Yklymow bir-iki ıyl daşary ıurtlarda täze alan syıasy statusy bilen ıaşansoñ, 2001-nji ıylda Boris Şyhmyradowyñ Moskwada döreden toparyndan çakylyk alıar. S.Yklymow diñe B.Şyhmyradow bilen häkimlige gelip biljegini añıar. Şonuñ üçin ol B.Şyhmyradowyñ toparynda jogapkär wezipä ymtylıar. 2002-nji ıyldaky wakalar geçip gidensoñ, Sapar Yklymow «syıasatdan» daşlaşyp, ıene täjirçiligi bilen meşgullanmaga başlaıar.

***
İokarda getiren маglumatlarymyzda kеlte gaıdylan ıerleriniñ bolmagy аhmal, ıöne Türkmenistan ıapyk döwlet bolansoñ, faktlary doly ıerbe-ıer goımak kyn bolıar. Wagt geler, Türkmenistanam azat demokratik döwlet bolar, şonda biz öz pikirlerimizi erkin ıöredip bileris we taryhymyzda bolup geçen wakalara dogry baha bermäge ymtylarys. Boris Şyhmyradowyñ, Nurmuhammet Hanamowyñ, Hudaıberdi Orazowyñ, Sapar Yklymowyñ şahsyıetlerine dogry we mynasyp bahalar beriler. İöne her bir adamyñ pikiri özünde galıar. Meniñ garaışymda bu şahsyıetler Nyıazowyñ režiminiñ öndüren önümi hökmünde galar. Olar hiç wagtam halkyñ aladasyny eden, erkinlik, azatlyk barada pikir ıöreden, olary durmuşa girizmäge ymtylan adamlar däldi. Diñe eden jenaıatlary üçin berilmeli jezadan sypmak üçin olar özlerine syıasy oppozisioner, «demokrat» diıen ady dakyndylar.

Diktatorçylyk režim bir günde döremeıär, onuñ döremegine, güıjemegine, möwç almagyna kän wagt gerek. Adyny tutan şahsyıetlerimiz onuñ döremegine we berkemegine ıardam etdiler. Haçan-da 1992 ıylda Türkmenistanyñ Konstitusiıasyna bir adamyñ bähbidini araıan maddalar girizilende, bu bir adamyñ diktatorçylyk usul bilen ıurdy dolandyrmagyna şert döredipdi. Diktatorçylyk rejim güıjeıärkä, aşаkylar wezipe ugrundaky göreş bilen başagaıdylar. Bu göreşde ady agzalan adamlar öñ hatarlarda boldular. İokary wezipä ıetensoñlar, olaryñ gözüniñ öñünde añsat gazanç, ıagyş ıaly ıagıan dollarlar adamçylykdan, ynsapdan, demokratik prinsiplerden has rüstem geldi. Şol ıyllar Türkmenistanyñ ministrler kabinetiniñ nebit we gaz pudagy boıunça başlygynyñ orunbasary bolup işlän Nazar Söıünow daşary ıurtlaryñ birinde maña şeıle diıdi: «Ol döwürler biz dollar diıen zady görmändik. Haçan-da garaşsyzlyk alanymyzda biziñ üstümize ummasyz köp dollar ıagyp başlady. Biz diñe pul ıygnamak bilen başagaı bolup, S.Nyıazowyñ dolandyryş metodyna kän bir üns hem bermedik. Nyıazowyñ özem şol işde bizi goldaıardy. Soñra wagt geçensoñ, bize diktatorçylygyñ öñüni almak başartmady. Biziñ dilimiz gysga boldy.»
 

Türkmenistanyñ daşary işler ministri wezipesinde oturan B.Şyhmyradow bu zatlara gowy düşünıärdi. Bu şahsyıetler wezipede otyrka «başistlerdi» haçan-da kürsülerinden taıansoñlar, «adalat» ugrunda göreşıän syıasy oppozisionerler boldular. İöne bularyñ hakyky ıüzüni ABŞ-yñ döwlet departamenti açyp görkezdi. ABŞ-y bularyñ birine-de syıasy goldaw bermedi. Sebäbi, belki-de, ABŞ-da bu gahrymanlar hakda hemme maglumatlar bardyr.

Saparmyrat Nyıazowyñ ıurtda guran we herket edıän diktatorçylyk režimi, indi ençeme ıyllar bäri halkyñ gerdeninde agyr ıük bolup basıar. Halk bu sistemany diñe güıç bilen ıykyp boljakdygyna ynanıar. 2002 ıylyñ 25-nji noıabrynda bolan wakanam halk öz ıanyndan azatlyga ymtylyşyñ bir görnüşi diıip düşündi. Teşnäniñ suw hantama bolşy dek halk ol gozgalañdan ıagşylyk umyt etdi. İöne noıabrçylaryñ ıurda getirjek bolan «azatlygyny» «bir ädim öñe, iki ädimem yza gaıtmak» diıip düşündirse bolar. Bir ädim ädilen hem bolsa, halk häzir iki ädim yza gaıtmaly boldy. 2002 ıylyñ 25-nji noıabr wakalaryndan soñ, 30-njy dekabrda Aşdgabatda Halk maslahaty bolup geçdi, Maslahatda Baş kanuna we jenaıat kodeksine birnäçe üıtgeşmeler girizildi. Şol üıtgeşmeler esasynda, Türkmenistanda syıasy pikirini aıdan, ıagny Nyıazowyñ ıurtda ıöredıän syıasatyny tankyt eden adam, watan dönügidir diılip yglan edildi we beıle adamlar indi 25 ıyl ıa-da ömürlik tussag edilıärler. Şeıdip S.Nyıazowyñ režimi halkyñ elini, dilini, erkini baglap taşlady. Häzirki gün, diñe täze nesliñ ıetişmegi, ıurtda döwlet sisitemasynyñ üıtgemegine getirer diıen umyt galdy. Nyıazowyñ režimi diñe bir adama, onuñ özüne garaşly. Saparmyrat Nyıazowyñ syıasy sahnadan gitmegi-de wagta bagly, ıöne onuñ yz ıany ıurduñ içinde demokratik prosesleriñ amala aşmagyna, syıasy we ykdysady reformalaryñ başlanmagyna diñe Günbatar döwletleriñ goldawy we arka durmagy bilen ıetip bolar.

Döwlet sistemasy dürli ıollar bilen üıtgäp biler. Häzirki zamanda dünıä jemgyıetçiligi halkyñ meıletin gatnaşmagynda geçirilıän «döwlet agdarylşyklaryna» pozitiw garaıar. Sebäbi «döwlet agdarylşygy» ykdysady taıdan ösen ıurtlarda däl-de, diñe totalitar, monarhiıa režimlerinde, ilatyñ rehimsiz ezilıän, kanunyñ gödek bozulıan ıürtlarynda bolup geçıär. Şeıle ıurtlarda totalitar düzgüniñ ıykylmagy dünıä ykdysadyıetiniñ ösmegine, bütin dünıäde dynçlygyñ we deñagramlylygyñ berkemegine uly itergi berıär.

Elbetde, islendik gozgalañ, başda belleışimiz ıaly, göräımäge, ıurduñ Kanunçylygyny bozmakdyr. İöne üns berseñ, bu edil beıle-de däldir. Sebäbi goramaga, boıun egmäge mynasyp hem mynasyp däl Kanynçylyk bar. Demokratik şertlerde, öz erk-islegi göz öñünde tutulyp işlenilip düzülmedik Kanunçylyga halk nämüçin boıun egmeli? Ol Kanunçylyk köpçüligiñ däl-de, eıse diñe bir adamyñ bähbidini goraıar ahyryn! Türkmenistandaky syıasy ıagdaı şuny doly subut edıär. Saparmyrat Nyıazowyñ režimi türkmeniñ üstüni hapa buz kimin örtdi. İöne Gün naızasy onuñ içinden böwsüp geçende, buz eräp, derıa ıene öz ugry bilen akar, şonda onuñ öñüne böwet boljak güıç ıokdur! Zir-zibiller batly akyma döz gelibem, derıanyñ akymyny saklabam bilmezler!