Ak Welsapar

İA DEMRINDEN, İA KÖMRÜNDEN…

Sovet senzurasy gazaplymy ıa-da garaşsyz Türkmenistandaky senzura? Senzuranyñ garşsyna ozal nähili göreşilıärdi, häzir nähili göreşilıär? Senzuranyñ daşyndan aılanyp geçmek we halka öz sesiñi ıetirmek mümkinmi?

 

TÜRKMEN TELEVIDENIİESI

Türkmenistanlylaryñ milli televideniıäniñ gepleşiklerini görmeıändikleriniñ sebäbi diñe tehniki yzagalaklykda bolsa, onda bu mesele çözüljege meñzeıär… Sebäbi bu hakda prezident G.Berdimuhammedovyñ deñi-taıy bolmadyk karara gol çekenligi we şol karara görä, Türkmen televideniıesiniñ ıakyn wagtda onlarça millionlyk täze tehniki enjamlary aljaklygy habar berilıär. İöne ıurduñ täze ıolbaşçylarynyñ Aşgabat televideniıesiniñ halkyñ arasynda abraıyny artdyrjaklary çyn bolsa, onda onuñ diñe demrini täzeläp goıman, kömrüne-de üns bermekleri gerek! Has möhümi-de – işiñ ussasyna göz aılamaly! Belki, işiñ ussasy duşıan däldir? Belki-de, ussanyñ iş şertleri oña hünärini görkezmäge mümkinçilik berıän däldir?..

Ussasy duşmasa, has beteri-de ussanyñ adam şekilli işlemäge erki bolmasa, onuñ elleri, aıaklary, dili öñküsi dek bagly bolsa, onda gymmatbahaly daşary ıurt abzallaryny alanyñ bilen iş düzelmese gerek. Televideniıäni il görer ıaly, radiony diñlär ıaly etmek üçin abzaldan öñürti hünärli jurnalistler, öz işine sarpa goııan hunärmenler gerek. Ol hünärmenleriñ, jurnalistleriñ-de halky özüne çekjek tele- we radiogepleşikleri taıynlamaklary üçin ıurtda söz azatlygy bolmaly!

Türkmen jurnalistleri, ıazyjylary we beıleki döredijilik işgärleri-de, prezidente ıaranmak üçin däl-de, halka ıaranmak üçin jan çekseler, prezidentden, polisden ıa dürli wezipeli adamlardan gorkup däl-de, eıse halkyñ gözünden düşmekden gorkup ıaşasalar, parahor çinovnikleri däl-de, ilkinji nobatda TÜRKMENISTANYÑ BAŞ KANUNYNY hem JENAİAT KODEKSINI hormatlap işleseler we döretseler, diñe şonda gymmatbahaly tehniki abzallara edilen ummasyz çykdajy özüni ödär.

 

TARYHA GÖZ AİLASAх

Geçen asyryñ 70-80-nji ıyllarynda biz Türkmen televideniıesindäki häzirki ıaly tehnikany diñe arzuw edip bilerdik. Sebäbi Türkmen televideniıesi özüniñ abzallaşdyrylyşy boıunça SSSR-iñ çäklerinde iñ yzdaky orunlarda durardy. Moskva bize täze abzallary däl-de, merkezde ıa-da has agyzly respublikalarda ulanylyp, könelişen enjamlary ibererdi. Biz şoña-da kaıyldyk, şol enjamlary-da eşrepi ıaly edip ulanardyk. Sebäbi respublikanyñ başynda oturan adam diñe öz iş stoluny hem telefonyny saklap, merkezden näme diıilse, gylyny gyşartman şony ıerine ıetirip oturan adamdy. Ol diñe özüni bilıärdi, Türkmenistan üçin janyny gynajak adam däldi. Şonuñ üçinem Türkmenistan ähli soıuz respublikalaryñ arasynda iñ yzagalak respublika, iş ıüzünde diñe arzan pagta öndürıän, gazyny merkeze mugt akdyrıan çig mal baknasyna öwrülipdi.

Elbetde, hut şu sebäbe görä, Türkmen televideniıesiniñ mümkinçilikleri-de örän çäklidi. Onsoñ hatda 80-nji ıyllaryñ başlarynda-da Aşgabat televideniıesiniñ gepleşiklerini respublikanyñ hemme ıerinde görüp bolmanlygyna nädip geñ galjak? 

Sovet senzurasy-da biziñ elimizi-golumyzy baglap goııardy: diıjegimizi diıdirenokdy, etjegimizi etdirenokdy. Ol senzura örän sak hem hüşgärdi. İöne bu ıerde bellemeli zat – 80-nji ıyllara çenli biz ol senzuranyñ gowşak taraplaryna belet bolupdyk we gadagançylyklaryñ ençemesiniñ daşyndan aılanyp geçmegiñ hem-de halka öz gizligin pikirlerimizi ıetirmegiñ inçe tilsimlerini öwrenipdik.

Eıse bu nädip mümkin bolıardy? Munuñ sebäbi – sovet senzurasy belli bir düzgüne görä işleıärdi. Gadagan edilıän zatlaryñ sanawy, onuñ öz düşnükli ideologiki esaslary we talaplary bardy. Ol talaplary kabul etmek ıa etmezlik – her kesiñ öz işi, bu aıratyn mesele, ıöne her halda olaryñ kagyza ıazylanlary-da, ıazylmadyklary-da bize öñünden bellidi. Olary ömrüñ dowamynda öz iş tejribäñde ıitgiler çekip, dura-bara öwrenip bolıardy. Şonuñ üçinem edebiıat, sungat, jurnalistika we beıleki döredijilik ugurlary ”ezop dilini”, ıagny aılawly dili ulanyp, senzuranyñ ösüşe ıetirıän zyıanyny azaltmagyñ hötdesinden gelip blıärdi.

Elbetde, sovet senzurasy hiç haçan dek ıatanokdy. Eger-de ol dörediji adamynyñ öñüni açyk alyp bilmese, onuñ zehininden, ulanıan emellerinden, grajdan batyrlygyndan basylsa, onda beıle ıazyjynyñ, sungat işgäriniñ, alymyñ ıa-da jurnalistiñ yzyna ymykly düşülıärdi. Onsoñ ol görgüliniñ dat gününe!

Eıse garaşsyz döredijilik adamlaryny dyza çökermek üçin Türkmenistanda sovet döwründe nähili usullar ulanylıardy?

Dowamy bar...