TÜRKMENSÄHRADA SIL HELÄKÇILIGI

Wepat bolanlaryñ ıasyny tutıarys

 

Türkmensähranyñ gündogarynda ıerleşıän KEL-ALA welaıatyna (ilaty 160 müñ adam) bary-ıogy on-onki günüñ dowamynda basdyr üç gezek sil geldi. Netijede ıüzden gowrak türkmen obasy heläkçilige uçrady. Sil suwy on müñlerçe gektar ekin meıdanlaryny basdy, üç müñden gowrak mal-garany öz läbik akymyna dolap alyp gitdi. Bu betbagtçylykda köpsanly adam ıitgisi çekildi. Türkmen obalaryndan ıetmişden gowrak adamyny sil aldy. Wepat bolanlaryñ köpüsi-de aıallar we çagalar.

 

Soñra Güllidag we Marawdepe etraplaryny sil basdy. Eıranyñ Gülüstan welaıatynyñ häkiminiñ orunbasarynyñ we ”Gyzyl İarymaı” jemgyıetiniñ beren maglumatlaryna görä, şu ıylyñ 31-nji iıunynda (2005-07-31) Güllidag etrabyna sil gelip, 25 adamynyñ ömür tanapyny kesıär. Soñra 9-njy, 11-nji awgustda Marawdepäniñ üstünden inen güıçli ıelli çabga ıene-de suw joşmagyna sebäp bolıar. Bu betbagtçylykda 43 adam heläk bolıar. Wepat bolanlaryñ jesetleri soñra siliñ yzynda dörän lüık batgalykdan tapylıar. Gurban bolanlar, gynansak-da, siliñ öñünden gaçyp ıetişmedik, daga-daşa dyrmaşyp bilmedik aıallar we çagalar.

 

Sil heläkçiliginde wepat bolan ildeşlerimiziñ ıatan ıerleri ıagty bolsun! Merhumlaryñ dogan-garyndaşlaryna hem ähli türkmen halkyna beıik Tañrydan baş saglygyny dileıäris!

 

Magtymguly adyndaky Türkmen Kultur ojagy (Berlin) we Türkmenleriñ Paltalk internet-otagy

 

16.8.2005