”İakma – bişersiñ, gazma – düşersiñ!”

Bir hatyñ yzy bilen!

 

Biz ”Azatlyk” radiosynyñ habarçysy İowşan Annagurbanovyñ merhum Avdy Kulyeviñ adyna ıazan töhmetçilikli haty bilen baglanyşykly okyjylardan gelıän soraglary we olara berilıän jogaplary ile ıetirmegimizi dowam edıäris!

 

Hormatly Agzybirlik,

Bu tayda Annagurbanov Yovshan kimi goz onunde tutiar? Annakurbanov shuny diyar: ”Siz adamlary ölüme ibermezden öñ ıoldaşlaryñyzyñ kimdigini bilmeli. Meniñ eşidişime görä, MHK-nyñ  planyñyzy bilıändigini size Moskwada öñünden aıdypdyrlar, emma siz bu duıduryşy hasaba almansyñyz. Galyberse, ilkibaşda bu işe döwtalap bolan adamlaryñ bir topary Aşgabada gitmekden boıun gaçyrypdyr, bu-da sizi saklap bilmändir. Bu nämäni görkezıär? Siziñ wezipä, kürsä suwsap, gözüñiziñ gapylandygyny, özgeleriñ janynyñ hasabyna ähli töwekgellige baş urmaga taıyndygyñyzy görkezıär.”

Ol adamlar kim Hoshaly Garayev hem Muhammet Aymuradov gidende gitman galanlar? Men sheyle pikir edyan, ol gitmedikler ol iki atyn dishi yaly oglanlary satandyr?

Geldiev

Redaksiıanyñ jogaby:


 ”Azatlyk” radiosynyñ işgäri İowşan Annagurbanovyñ merhum Avdy Kylyeve ıazan hatynda agzalıan ”ilkibaşda bu işe döwtalap bolan… [soñra] Aşgabada gitmekden boıun gaçyran”, ıönekeıleşdirip aıtsañ, ähdiıalanlyk eden adamlar: Halmyrat Söıünov, Myrat Esenov we Çary Kulyev. Bular 1994 ıylyñ oktıabrynda Muhammet Aımyradovdyr Hoşaly Garaevi ”bile Türkmenistana gitjek” diıip ynandyryp, ilki Daşkende uçara bileje bilet alyp, soñra-da iki kişini gitse-gelmeze ıollap, özleri bahana tapyp, galan adamlardyr.

İowşan Annagurbanovyñ ol adamlaryñ atlaryny köpçülikden gizlemegi tebigy ıagdaı. Başgaça bolsa, onda ol namartlykda aıyplan adamlaryny soñra günde-günaşa ”Azatlyk” radiosyndan ile wagyz edip bilmez. Häzirlikçe bolsa, ol bu kyn işiñ hötdesinden gelıär…

Görnüşine görä, H.Söıünov bilen M.Esenov İowşan Annagurbana sosial taıdan, ıagny öz ıaşaıyş we iş tejribeleri, ahlak sypatlary, durmuşda eıeleıän orunlary boıunça añrybaş golaı adamlar bolmaly? Olaryñ ”Azatlyk” radiosynyñ diñleıjileriniñ arasynda syıasy pikirdeşler hökmünde tanalmagy ıöne ıerden däl bolsa gerek?

2007-08-17