SÖZ AZATLYGY ÄHLI BEİLEKI GRAJDAN AZATLYKLARYNYÑ GÖZBAŞYDYR!

                                                                                       2005-05-03

Bu gün Bütin dünıäde Söz, Metbugat azatlygy bellenıär. Söz azatlygy, öñde bir dananyñ aıdyşy ıaly, ähli beıleki grajdan azatlyklarynyñ gözbaşydyr! Söz azatlygynyñ ıok ıerinde ynsan hukuklary barada gürrüñ edip oturmagyñ özi-de artykmaçdyr. Diıjegiñi erkin diıip bolmaıan, öz hukuklaryñ barada dil ıaryp bolmaıan ıurtda adam hukuklary näılesin?

 

SÖZ AZATLYGY -- adamyñ mukeddes hukugydyr! Halkyñ şol hukugyny elinden alsañ, galan hukuklary gadagan etmegiñ geregi ıok, olar barybir işlemez. Türkmenistandaky häzirki ıagdaı muña aıdyñ mysal. Türkmenistanyñ diktatory: ”Bizde demokratiıa guruldy, adamlar islän ıerine gidip, islän işinde işläp, islän ıerinde ıaşap, islän zadyny diıip bilıär. Bizde syıasy tussaglar ıok” diııär. Diktator göz-görtele ıalan sözleıär, sapalak atıar, ikiıüzlülik edıär. İöne onuñ ıalanyny ıüzüne basyp bolanok. Sebäbi Türkmenistanda söz azatlygy ıok!

 

Eger söz azatlygy bolan bolsady, onda adamlar ıurtda syıasy tussaglaryñ köpdügini, ilatyñ islän ıerinde ıaşap, islän ıerine erkin gidip-gelip bilmeıändigini, okuwyñ ıatyp galandygyny, saglygy saklaıyşyñ dargandygyny, ıurtda korrupsiıanyñ ıetjek derjesine ıetendigini, halkyñ köp böleginiñ garyp ıaşaıandygyny, döwlet edaralarynda öz arzlarynyñ diñlenmeıändigini bihaıa diktatoryñ ıüzüne bazyrdadyp basardylar. Emma hany oña erk? Hany oña idin? Uly iliñ dilini baglap, adamlaryñ bogazyna gurşun guıup, Saparmyrat Nyıazovyñ bir özi garga ıaly gagyldap otyr! Oña garşy çykmaga adamlarda hukuk ıok!

 

Dünıänin dürli ıurtlarynda Söz azatlygynyñ ıagdaıyna syn edıän Halkara guramalarynyñ hasabatyny göz aılañda bialaç suslanıañ… Çünki bu hasabatda Söz azatlygynyñ erbet bozulıan ıurtlary diılip görkezilıän ilkinji bäşligiñ arasynda Türkmenistan ıok. Ilkinji bäşlikde Filippinler, Yrak, Kolumbiıa, Bangaladeş we Russiıa agzalıar. Elbetde, bu ıurtlaryñ jurnalistlere azar bermekde, Söz, metbugat azatlygyny bogmakda ıakasyny tanadandygyna şübhe ıok, ıöne Türkmenistan bilen deñäniñde olary hut ıüzüñe sylaımaly! Sebäbi eger Filippinlerde, Yrakda, Kolumbiıada, Bangaladeşde we Russiıada Söz azatlygy bogulıan bolsa, onda Türkmenistanda Söz azatlygy bireııäm boglup öldürildi! Bu agzalan ıurtlarda jurnalistler öldürilıän bolsa, onda Türkmenistanda jurnalistikanyñ özi öldürildi!

 

Söz azatlygy köki-damary bilen ıok edileni üçinem Türkmenistanda: ”Bizde Söz azatlygy ıok diıip, dil ıaryp bilıänem ıok! Eısem birje garaşsyz gazetiñ ıa-da jurnalyñ, birje garaşyz tele ıa-da radio programmanyñ, erkin Internetiñ ıok ıerinde başga nähili bolsun?! Elbetde, onsoñ daşyndan göz aılasañ, göıä hemme zat gülala-güllük, bärkisi oñşarlykly bolup görünıän bolmagy-da ahmal. Dünıä boıunça Söz, metbugat azatlygynyñ ıagdaıyna syn edıän Halkara guramalry-da, meger, bu görnüşe aldanıandyrlar.

 

İöne, göwnüme bolmasa, Halkara guramalarynyñ ”Türkmenistanda entek döwrebap jurnalistika döräp ıetişen däldir, bu ıurtda asla eli galam tutıan düzüwli jurnalist ıokdur diıip oılanıan bolmaklary-da ahmaldyr?.. Eger şeıle bolsa, bu haıp. Sebäbi Türkmenistanda döwrebap derejede jurnalistik materiallary ıazyp bilıän, öz ynsabyna hiç haçan ikilik etmejek ıüzlerçe professional jurnalistleriñ, onlarça ıazyjylaryñ bardygyny men gowy bilıärin. Wagt geler, ol ynsaply jurnalistler, ıazyjylar öz sözlerini hökman aıdarlar. Olaryñ ençemesi häzirem agyr şertlere garamazdan, rejime boıun egmän, öz asyl hünärini ıöredip ıörler.

 

Şonuñ üçinem men bu gün öz galamdaşlarymy Halkara derejede bellenilıän Söz, metbugat azatlygy bilen gutlaıaryn! Janyñyz sag bolsun, öñüne badak atylan galamlaryñyz kütelmesin!

A.Welsapar, ıazyjy