TÜRKMENISTANDA GEÇIRILİÄN PREZIDENT SAİLAWLARYNDA MYRAT GARRYİEV ÖÑE SAİLANDY…

2007-02-11

 

Türkmenistanda geçirilıän prezident saılawlarynda Myrat Garryıev öñe saılandy. Ol Halkara saılaw düzgünlerini, adamzada öñden belli ähli kada-kanunlary bozup, günortana galman, bu gün Türkmenistanda geçirilıän prezident saılawlaryny başa bardy diıip yglan etdi.

Halkara derejesinde belli bolan düzgünlere görä, beıçle beıanaty etmek üçin iñ bärkisi agşama çenli, ıagny saılaw bölümleriniñ ıapylaryna garaşmaly. Soñra iñ bärkisi despapky hasaplamalar geçirilmeli, soñra-da olary garaşsyz gözegçiler barlamaly. Diñe şondan soñ onuñ netijesi yglan edilmeli. Emma Türkmenistanda düzgüne boıun egilmejekligi Merkezi saılaw komissiıasynyñ başlygy Myrat Garryıeviñ sözlerinden belli. Ol, görnüşine görä, hatda günortana galman, prezident saılawlarynyñ gutarnykly netijesini yglan etmäge-de taıyn!

İogsa näme, ozalky prezident ölenden bary-ıogy 3 gün geçensoñ, ıagny 2006 ıylyñ 26-njy dekabryndaky Halk maslahatynda eııäm alty dalaşgäriñ birini prezident diıip jar etmäge taıın bolup duran adamdan başga nämä garaşjak? Aslynda şol Halk maslahatyndaky diıen antikonstitusion beıanaty üçin ol Merkezi saılaw komissiıasynyñ başlyklygyndan bada-bat boşadylmalydy. Sebäbi ol şol gün özüniñ Halkara kanunlaryndan baş çykarmaıanlygyny, asla hiç hili kanuna boıun egmekçi däldigini görkezmänmidi näme? Şondan soñ ony eıeleıän wezipesinde galdyrmak hamana demokratik esaslarda geçirilıän prezident saılawlarynyñ netijesini Halkara jemgyıetçiliginiñ gözüniñ öñünde gümana goımakdy. Sebäbi düzgüni bilmeıän, oña boıun egmeıän adamyny iñ möhüm işiñ başynda saklamak – diñe öz abraıyña kast etmek we geljekki saılawlaryñ netijesini gümana goımakdyr.

Bu hut şeıle-de boldy. Prezident saılawlarynda Merkezi saılaw komissiıasynyñ başlygy Myrat Garryıeviñ özüni görkezjek bolup edıän suwjuk hereketleri külli türkmeniñ ıüzüni ıere salıar. Biz onuñ bu gün agşama galman, eııäm prezident saılawlarynda alty dalaşgärden kimiñ ıeñenligini we kimiñ Türkmenistanyñ täze prezidenti bolandygyny jar etjekligine şübhelenemzok.İöne bu spektaklyñ, bu gözboıagçylygyñ demokratik saılawlar bilenem, türkmençiligiñ salykatly düzgünleri bilenem işi ıok.

Eger-de Türkmenistan mundan beılägem Myrat Garryıev, Onjuk Musaıev ıaly suwjuk adamlaryñ ıoly bilen ıörese, onda täze saılanıan prezidente-de Saparmyrat Nyıazovyñky ıaly abraısyz, Halkara guramalary we Halkara jemgyıetçiligi tarapyndan äsgerilmeıän, deñli-derejeli gatnaşyk edilmeıän wezipe garaşıar.

Türkmenistanyñ oppozisiıasynyñ bu günki geçirilıän prezident saılawlarynyñ netijesini ykrar etjekligi-etmejekligi entek sorag astynda. Munuñ nähili boljaklygyny geljek görkezer.

”AGZYBIRLIK” HALK DEMOKRATIK HEREKETINIÑ DAŞARY İURT BÖLÜMI