Gadyrly okyjylar!

2007-04-29


”Agzybirligiñ” saıtynda ”TÄZELENİÄN TÜRKMENISTAN” ady bilen ıörite rubrika dowam edıär. Bu rubrikanyñ astynda biz Türkmenistanda bolup geçıän oñyn özgerişler we olara öz garaışymyz dogruda yzygiderli gürrüñi mundan beılägem dowam etmekçi

Bu günler Türkmenistanda hakyky döwlet gurluşygy başlanıar diıip, biz umyt edıäris. Emma entek başyçylyk rejim özüniñ ıok bolup gitmänligini her ädimde duıdurıar, ol yzyna gaıdyp gelmäge synanyşıar. Dogduk topragymyzda başgaça pikirlenıän, başgaça garaıyşly adamlaryñ entegem ıanalmagyny, yzarlanmagyny biz häzirlikçe başizmiñ residivleri bilen baglanyşdyrıarys. Bir zady anyk aıtmaly: eger başizmiñ zyıanly mirasyndan tizräk saplanylmasa, onda ol adaty syıasata öwrülip, täze prezidentiñ, hökümetiñ abraıyny döküp biler.

 Eger täze prezident, hökümet halkyñ öñündäki öz borjuna dogry düşünse, onda uzak eglenmän, külli türkmeniñ uzak ıyllar boıy eden arzuwlary hasyl bolar: her bir türkmenistanly özüniñ bu güneşli ıurtda ıaşaıanlygyna ıürekden guwanar, buısanar. Şonda türkmen televideniıesiniñ diktorlary ruhy çökgün adamlara ”ruhuñyz belent bolsun” diıip, öwran-öwran ıatlatmaly bolmazlar. Adamçylyk mertebeleri, ykdysady ıagdaılary ıokary galsa, adamlaryñ ruhy öz-özünden beıgeler. Iñ esasy zat-da, ol ıasama däl-de, hakyky belentlik bolar.
***

”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ıurt bölümi