TÜRKMENBAŞY HAÇAN OPPOZISIİA GELIP GOŞULAR?..

 

                                                                                                                                                                              2005-05-25

 

Soñky gelip gowuşıan maglumatlara görä, Türkmenistanda syıasy, ykdysady we sosial ıagdaılar gitdigiçe ıitilişıär. Adamlaryñ gedaılaşmagy, hojalyklaryñ tozmagy, ilatyñ arasyndaky ertire umytsyzlyk we döwleti dolandyryjy wezipeli adamlaryñ arasyndaky syıasy aljyraññylyk gün-günden güıçlenıär. Türkmenistandan biziñ habarçylarymyzyñ aıtmagyna görä, ıurt garañky gorpuñ gyrasyna ädimme-ädim golaılaıar. Hemmeler diñe şu günki gün bilen ıaşaıarlar, ertir näme boljagy belli däl.

 

Geçen hepde, Ministrler kabinetiniñ ıygnagynda ıurduñ vice-premıeri, uzak wagtlap S.Nyıazova wepaly gulluk eden İolly Gurbanmyradovyñ duıdansyz işden boşadylmagy we onuñ garşysyna jenaıat işiniñ gozgalmagy hemmeleri geñ galdyrdy. Adamlarda İ.Gurbanmyradov özüniñ her bir ädimini Türkmenbaşy bilen biligli edıändir diıen ynam bardy. Onuñ mirasdüşer diılip yglan edilmegine garaşylıardy. Emma birdenem hemmesi puç boldy: İ.Gurbanmyradov ogry diılip yglan edildi we onuñ garşysyna jenaıat isi gozgaldy.

 

Bu ıerde bir fakt bizi uçursyz geñ galdyrıar… İ.Gurbanmyradov döwletiñ 60 million dollaryny ogurlapdyr diıilıär. Bu aıyplamany agzalan ıygnakda Türkmenistanyñ Baş prokurory Gurbanbibi Atajanova yglan etdi. Örän täsin waka! Her bir eden işi göze görnüp duran döwlet işgäri hazynadan 60 million dollar ogurlaıança muny añmadyk, bilmedik döwlet eısem nähili döwletkä? Nämüçin İ.Gurbanmyradov bary-ıogy birnäçe ıüz, birnäçe müñ, bolmanda bir million dollar ogurlanda bu jenaıatyñ üsti açylmandyr? Nämüçin?!

 

Hazynasyndan 60 000 000 dollar ogurlanıança bilmedik döwlete döwlet diıip bolarmy?

 

Mundan ozal Boris Şyhmyradovyñ, Sapar Yklymovyñ, Nazar Söıünovyñ, Hudaıberdi Orazovyñ Türkmenistanda ıokary wezipelerde işleıärkäler kümsüklik bilen öz ellerini döwletiñ hazynasyna urandyklary aıdylıardy. Olaryñ her biriniñ ogurlan we Türkmenistanyñ daşyna gaçyryp çykaran pullarynyñ millionlar bilen ölçelıändigi tassyklanıardy. Emma İ.Gurbanmyradova ıüklenıän günä ıapa degıän bolsa, onda ol ozalky kärdeşleriniñ hemmesinden ozdurypdyr!

 

Diımek, Türkmenistanyñ daşarky oppozisiıasynyñ hatarlarynda basym ıene-de bir ”arassa”, ”dogruçyl” hem ”edenli” ”lideriñ” peıda bolmagyna garaşybermeli! Megerem, ıakyn wagtda Europada ıa-da Amerikada (Azyıada, Afrikada ıa-da Australiıada bolmagy-da ahmal!), Türkmenistanyñ ozalky vice-premıeri İolly Gurbanmyradovyñ syıasy partiıasy dörär, Internet sahypasy açylar. Onsoñ İ.Gurbanmyradov ”Agzybirlik” Halk Demokratik Hereketini, Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasyny emelsizlikde, gowuşgynsyzlykda, milletçilikde, ysnatlykda, HPK-nyñ (Hereketiniñ Peıdaly Koffisentiniñ) pesliginde aıyplar! ”Çyn demokrat men, men türkmen halkyny azat etjekdiıip dyzar!

 

Munuñ üçin İ.Gurbanmyradovyñ diñe ıurtdan gaçyp çykmagy ıeterlik. Galan zatlaryñ hemmesi ozal synagdan geçen – onuñ öñünde öñki kärdeşleriniñ torç eden şa ıoly ıatyr!

 

Eger tussag edilmekden sypyp bilseñiz, daşary ıurt türkmen oppozisiıasynyñ hatarlaryna hoş geldiñiz, gadyrly İolly Gurbanmyradov! Ogurlykda aıyplanan ozalky vice-premıerlerden, ministrlerden we ministrleriñ orunbasarlaryndan, ıaranjañlyk bilen deputatlyga saılanyp, soñam kişiniñ maşgalasyna el urup, it masgarasy bolup ıurtdan gaçyp gaıdan ozalky deputatlardan ybarat leşger size sabyrsyzlyk bilen garaşıar! Siz olaryñ arasynda görnükli orna mynasyp bolarsyñyz!

 

İöne gijä galmajak bolaweriñ… İogsam, siziñ ıeriñizi basga biriniñ-de almagy mümkindir. Meselem, Saparmyrat Nyıazov diıen biri! Çünki bu gidişine gitse, basym Türkmenbaşynyñ hut özi-de daşary ıurda gaçyp gelip, özüni oppozisiıanyñ lideri diıp yglan edermikä diııäris. Onuñ ozalky egindeşleriniñ köpüsi bireııäm Europada demokrat bolup gezip ıörler. Onsoñ Saparmyrat Nyıazovyñ oppozisiıa gelip goşulmagy o diıen geñ-tañlyk bolup görnesi ıok-la!..

 

Belki, Saparmyrat Nyıazov oppozisiıanyñ tarapyna geçmez, muny özüne kiçilik biler. Bu-da bolup biljek zat. ”Doñzuñ ölse-de hor-hory ıatmaz” diılipdir!

 

Oppozisiıanyñ hataryna goşulmasa-da, Türkmenbaşy öz Ministrler kabinetiniñ ıygnaklaryny-ha indiden eıläk Europada geçirip biler. Sebäbi onuñ ıetişdiren kadrlary halypalarynyñ beren terbiıesini aıap saklaıarlar. Europada olar özlerini Aşgabatdaky ozalky eıelän hökümet kabinetlerinde alyp baryşlary ıaly alyp barıarlar. Olaryñ ruhy oppozisioneriñ däl-de, eısem barypıatan çinovnigiñ ruhy! Çüırük çinovnigiñ! Özünden özgäni äsgermezlik, köne oppozisiıa şübhe bilen garamak, daşlaryna ahlak taıdan degradirlenen şahslary toplap, töweregine pitjiñ atmak – ine olaryñ Europadaky bu günki syıasy keşbi!

 

S.Nyıazov tagtdan taıandan soñ Türkmenistanda demokratik özgerisleriñ başa barjakdygyna mende umyt bar, ıöne ynam welin az. Daşary ıurt türkmen oppozisiıasynyñ arasyndaky hakyky ıagdaıa göz aılamda, men türkmen halkynyñ, türkmenistanlylaryñ görıän gününiñ häzirkisinden ıeñil bolmajakdygyny anyk görıärin.

 

Türkmenistany geljekki kynçylyklardan irgözinden gutarmak üçin dogruçyl, arassa, halkyñ öñünde päkligini uzak wagtyñ dowamynda subut eden adamlaryñ öz güıçlerini haıal etmän birikdirmegi we aıgytly göreşe başlamaklary zerur. Wagt garaşmaıar… Her geçen gün Saparmyrat Nyıazovyñ adamhor rejiminiñ synjak sagadyny we Türkmenistanda şondan soñ ıüz bermegi ahmal bulam-bujarlygy, adalatsyzlygy, baş-başdaklygy barha bize golaılaşdyrıar!

 

Erbetlik bolmasyn diıip diläniñ bilen dilegiñ bitenok. Dilege bir zat berilıän bolsa, onda SSSR ıykylanda türkmenler uly il bolup, ıagşy dilegi kän etdiler. İöne gowy bolmagy üçin hereket etmediler: syıasy partiıalary döretmediler, olaryñ işine göwünjeñ gatnaşmadylar, söz, metbugat, ıygnaklar azatlygy, erkin saılawlar hukugy üçin göresmediler. Türkmenleriñ bu passivliginiñ aıylganç netijesini şondan soñky geçen ıyllar görkezdi. Eısem türkmenleriñ köpçüliginiñ geçen asyryñ 80-90 ıyllardaky bolşundan häzirki bolşunyñ näme tapawudy bar? Görıän, synlaıan faktlarymyz bu tapawudyñ uly däldigini subut edıär. Eger 15 ıyl mundan öñ halk öz geljegini S.Nyıazova ynanyp, iki elini gowşuryp oturan bolsa, onda bu günem ıagdaı şondan düıpli tapawut edenok. Bu günem köpçülik öz geljegini, Türkmen topragynyñ Nyıazovdan soñky ykbalyny bäş-üç sany gaçgak hökümet çinovniklerine ynanyp, hereket däl-de, ıagşy dileg edip gününi geçirıär.

 

Ertirki gün erbetligiñ bolmazlygy üçin bu gün gowulygyñ ugrunda biliñi guşap göreşmeli! ”Azapsyz ıeriñ ady ıok diıip, ata-babalarymyz ıönelige aıdan däldir!

 

A.Welsapar, ıazyjy