PARIZ KONFERENSIŻASYNYŃ JEMLERI

 

2007-11-05

 

Türkmenistanyń Birleşen Demokratik Oppozisiżasynyń Pariz Konferensiżasynyń (25-26 awgust 2007) jemleri żygnanşygyń özi geēenden iki aż ēemesi soń jemlenildi. Munuń sebäbi şeżle: Konferensiża gatnaşyjylar iń esasy meseleler bożunēa umumy karara gelseler-de, käbir soraglary Türkmenistana dolanyp, öz partiżalarynyń has köpräk aktiviniń gatnaşmagynda żerlerde geńeşmeli boldular.

Netijede dińe oktżabr ażynyń sońunda ol jedelli meseleler bożunēa belli-külli karara gelindi. Şol gelnen karara lażyklykda TBDO-nyń ilkinji hem Halkara derejesinde hormatlanżan baştutany Avdy Kulynyń adyny dakmak hakyndaky teklip häzirlikēe geēmedi. Bu meselä TBDO-nyń geljekdäki żygnanyşyklarynda dolanyp gelmek bellenildi.

Türkmenistanyń täze hökümeti bilen syżasy dialoga girişmek meselesinde-de, Birleşen Oppozisiża girżän iki partiża öz ikirjińlenmesini bildirdi. Netijede uzaga ēeken geńeşden soń bu iki partiżanyń ażratyn pikirini nazara almak bilen barybir bu syżasy dialoga girişmeli edildi.

Konferensiżada TBDO-nyń hatarlaryna girmäge isleg bildiren adamlaryń hem syżasy guramalaryń ikisiniń arzalaryna garaldy. Individual żüz tutanlaryń hemmesiniń islegleri kanagatlandyryldy, emma syżasy guramalaryń kabul edilmegi sońa gożuldy. Olaryń agzalaryna TBDO girmek barada ażratynlykda żüz tutmak teklip edildi. Munuń sebäbi ol syżasy hereketlerde adam sanynyń azlygy bilen baglanyşykly.

Netijede, gysgaēa ażdanyńda, TBDO-nyń Pariz Konferensiżasy Birleşen Oppozisiżanyń işini janlandyrmak we täzeēe guramak bożunēa möhüm syżasy ēärä öwrüldi. Türkmenistanyń Birleşen Oppozisiżasy gutarnykly täzeleniş żoluna düşdi. Ozal habar berlişi żaly, TBDO żakyn wagtda Türkmenistanyń Adalat ministrligine özüni syżasy demokratik Birleşme hökmünde resmi tażdan hasaba almak towakgasy bilen żüz tutar.

Türkmenistandaky bolup geēżän ońyn syżasy, sosial we medeni özgerişleri nazarda tutulyp, Birleşen Demokratik Oppozisiża żolbaşēylyk etmek bożunēa egindeş baştutanlyk girizildi. Egindeş başlyklaryń biri – Türkmenistanda, ikinjisi-de – Europada hereket ederler. Türkmenistanyń öz iēindäki egindeş başlygyń adyny köpēülige żakyn geljekde mälim etmek mümkin bolar diżip ynanżarys. Europada TBDO-nyń egindeş baslyklygyna ”Agzybirligiń” Daşary żurt bölüminiń başlygy Güżē Atażev sażlanyldy.

”Agzybirlik” internet sażtynyń öz habary