Ilim-günüm bolmasa, Aıym, Günüm dogmasyn!

 

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASY
(TBDO)

 

(Türkmenistanyñ dürli syıasy-jemgyıetçilik güıçleriniñ birikmesi)

 

Programma we Düzgünnama

 

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy (TBDO-ODOT) dürli syıasy partiıalarynyñ, hereketleriniñ, akymlarynyñ, jemgyıetçilik guramalarynyñ we ıurduñ aıry-aırylykdaky watançy ogul-gyzlarynyñ erk-isleginden dörän syıasy-jemgyıetçilik guramadyr. Onuñ Programmasy we Düzgünnamasy 1991 ıylda düıbi tutulan ”Geñeş” koordinasion birikmesiniñ degişli dokumentleriniñ esasynda düzüldi. Agzalan Programma we Düzgünnama soñra Türkmenistanyñ on ikinji çagyrylyş İokary Sowetiniñ on dördünji sessiıasynda 1992 ıylyñ 18-nji maıynda kabul edilen hem-de halk tarapyndan oñlanylan ilkinji özbaşdak döwlet Konstitusiıasynyñ 28-nji maddasyna gabat getirildi.

 

GIRIŞ

 

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ öz ata-baba topragynda azat hem erkin ıaşamak, öz ıurdunda demokratik hukuk döwletini gurmak erk-isleginden;

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ milletine, diline, dini ynanjyna, jynsyna garamazdan deñhukukly, oñşukly we bagtly ıaşamak isleginden;

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ öz ynamlaryna, dünıägaraıyşlaryna we durmuş tejribelerine görä kanuna laıyklykda dürli syıasy partiıalara, jemgyıetçilik guramalaryna erkin birleşmek hem-de demokratik esasda ıurdy dolandyrmaga gatnaşmak isleginden;

                 Ähli türkmenistanlylaryñ we külli türkmeniñ umumy Watany bolan Türkmenistany dünıäniñ iñ ösen ıurtlarynyñ yzyndan ıetirmek we üznüksiz progrese bolan isleginden;

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ özlerine we özünden soñky nesillerine ekologik taıdan arassa, baı, gülläp ösıän, demokratik hukuk döwletini miras galdyrmak isleginden;

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ berkarar demokratik milli döwletiñ çäginde öz goñşulary bilen müdümilik oñşukly hem agzybir ıaşamak isleginden;

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ öz ıurdunda adam hukuklarynyñ we bähbitleriniñ döwletiñ ıa-da aıry-aıry partiıalaryñ ıa-da toparlaryñ bähbidinden ileri tutulmagyny kanuny taıdan hemişelik üpjün etmek isleginden;

                 Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ geçileni sapak edinip, geljekde hiç haçan öz ata-baba topragynda halklaryñ erkini äsgermezçilik edıän we adam mertebesini ıere salıan şahsyıetparaz serdarçylyk syıasata we totalitar döwlet gurluşyna ıol bermezlik isleginden;

                 ugur alyp, Türkmenistanyñ dürli syıasy we jemgyıetçilik guramalary, hereketleri, partiıalary we öñdebaryjy wekilleri Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy (TBDO) ady bilen bu ortalyk, bütewi syıasy-jemgyıetçilik birikmäni döretdiler.


 

PROGRAMMA

Öz işini Türkmenistan döwletiniñ Baş kanunynyñ (Konstitusiıasynyñ) II Bölüminiñ 17, 21, 23, 24, 26, 28-nji maddalaryna we köppartiıalylyk hakdaky resmi döwlet kanunyna esaslanyp ıöredıän Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy (TBDO-ODOT) ıurduñ içindäki we daşyndaky dürli demokratik güıçleriñ başyny birikdirıär hem-de türkmen halkynyñ öz topragynda demokratik döwleti berkarar etmek üçin alyp barıan göreşini gurnaıar.

TBDO häkimiıet ugrundaky syıasy göreşde zorlugy we güıç ulanmagy düıbünden ret edıär hem-de öz işini diñe parahat esaslarda alyp barıar.

Türkmenistanda demokratik hukuk döwletiniñ gurulmagy ugrundaky mukaddes parahat göreşe goşulmak isleıän syıasy partiıalar, hereketler, akymlar, jemgyıetçilik guramalary, toparlar, her bir türkmen we türkmenistanly üçin TBDO-nyñ gapysy açykdyr.


 

SYİASY WEZIPELER

 1. Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy (TBDO) halkymyzyñ oñlan we ıurduñ on ikinji çagyrylyş İokary Sowetiniñ on dördünji sessiıasynda 1992 ıylyñ 18-nji maıynda resmi kabul edilen döwlet Konstitusiıasynyñ ıurduñ çäklerinde iñ ıakyn wagtda doly möçberde dikeldilmegini gazanmagy öz başky syıasy wezipesi diıip yglan edıär.

2. TBDO Türkmenistanda demokratik hukuk döwletiniñ gurulmagyny üpjün etjek fundamental kanunlaryñ tiz kabul edilmegini we durmuşa geçirilmegini gazanmakçy. Munuñ üçin ol ıurtda adam hukuklary, söz, metbugat, mitingler, demokratik saılawlar ugrundaky göreşi dowam eder.

3. TBDO 2007 ıylyñ fevralynda häkimiıet başyna gelen Gurbanguly Berdimuhammedovyñ prezidentlik ygtyıarlyklaryny ykrar edıär. İöne G.Berdimuhammedova ıurduñ Baş kanunynyñ şol döwürde öz güıjündäki 61-nji maddasyny bozup, döwlet başyna gelendigini ıatladıar. Bu ıazyk diñe bir ıagdaıda - G.Berdimuhammedov öz wezipesini halky nobatdaky diktaturadan gutarmak we ıurtda demokratik reformalary amala aşyrmak üçin ulansa bagyşlanyp bilner.

Başgaça bolsa, taryh bu “säwligi” bagyşlap bilmez. Çünki soñra Baş kanuna degişli düzedişler girizilse-de, agzalan sebäp geljekde döwlet agdarylşyklaryna ıol açyp biler. Türkmenistan döwleti, türkmen topragy we halkymyz üçin iñ erbet netijelere getirip biljek bu howpdan gutulmagyñ ıeke-täk dogry usuly – ıurdy demokratiıalaşdyrmakdyr! Haıal etmän, ıurtda söz, metbugat azatlygyny girizmeli. Öz işini ıurduñ Konstitusiıasynyñ we kanunlarynyñ çäginde ıöredıän syıasy partiıalaryñ, hereketleriñ, garaşsyz jemgyıetçilik guramalarynyñ işine ıol berilmeli.

TBDO prezidentden Türkmenistanyñ döwlet Konstitusiıasynyñ mundan beıläk bozulmagynyñ öñüni almagy berk talap edıär! Türkmenistan döwletiniñ Baş kanunyny äsgermezlikde ıurduñ içinde-de, daşynda-da ıakasyny tanadan, öz topragyny, halkyny taryhyñ öñünde masgaralan diktator S. Nyıazovyñ etmişleri açyk ıazgarylmalydyr we ıurduñ prezidenti mundan beıläk Baş kanunyñ arkasynda sarsmaz gala bolmalydyr!

4. TBDO Türkmenistanda dörän syıasy-jemgyıetçilik ıagdaıdan ugur alyp, ıurduñ durmuşyny demokratiıalaşdyrmak boıunça üznüksiz parahat göreşi dowam etdirer we ıakyn geljekde ıurtda söz, metbugat azatlygynyñ bolmagyny, demokratik saılawlaryñ geçirilmegini gazanmaga çalyşar.

5. TBDO söz, metbugat, mitingler we parahat köçe ıörişleriniñ ykrar edilen şertlerinde, daşary ıurt synçylarynyñ gözegçiligi astynda demokratik esasda bäsleşikli Parlament we prezident saılawlarynyñ geçirilmegini syıasy göreşiñ ikinji etaby diıip yglan edıär.

6. TBDO türkmenbaşizmden arassalanan Türkmenistanda dünıäniñ iñ ösen ıurtlarynda wagtyñ synagyndan geçen demokratik hukuk döwletiniñ gurulmagyny baş syıasy maksat diıip yglan edıär. Demokratik Türkmenistanda häkimiıet deñhukukly üç şahadan: Kanun çykaryjy (Mejlis), ıerine ıetiriji (Prezident hem hökümet), şeıle-de Sud organlaryndan ybarat bolar. Metbugat, radio we telewideniıe ıurtda garaşsyz jemgyıetçilik gözegçiniñ roluny ıerine ıetirer.     

7. TBDO türkmen topragynda şahsyıetiñ hukuklarynyñ döwletiñ bähbitlerinden ileri tutulmagyny kanuny esasda üpjün eder.

8. TBDO öz göreşiniñ dowamynda ıurduñ häzirki dowam edıän Baş kanunyny kämilleşdirmegi, onuñ mazmunyny Günbataryñ we Gündogaryñ iñ ösen demokratik ıurtlarynyñ Konstitusiıalarynyñ, Halkara hukuk aktlarynyñ derejesine çenli ıokary götermegi göz öñünde tutıar.

9. TBDO syıasy ynamyna, diline, dinine, jynsyna garamazdan, külli türkmeniñ we her bir türkmenistanlynyñ Türkmenistan döwletini demokratik esasda dolandyrmaga gatnaşmagyny üpjün etmegi öz syıasy wezipeleriniñ özeni diıip, dabaraly jar edıär.

10. Häkimiıet ugrundaky göreşde zorlugy, güıç ulanmagy düıbünden ret emek bilen TBDO Halkara hukuk normalaryna laıyklykda geçirilen ıagdaıynda, ıurduñ legitim häkimiıet guramalary, şol sanda prezidenti hem-de Mejlis bilen ylalaşykly usulda demokratik Parlament we bäsleşikli prezident saılawlaryna gatnaşmaga taııardygyny aıan edıär.


 

YKDYSADY WEZIPELER

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasynyñ öñde goııan ykdysady maksatlary oña agza bolan syıasy partiıalaryñ, hereketleriñ, akymlaryñ, jemgyıetçilik guramalaryñ ykdysady programmalaryna, şeıle-de aıry-aırylykdaky agzalarynyñ isleglerine we tekliplerine esaslanıar.

1. TBDO erkin bazar ykdysadyıetini demokratik Türkmenistanyñ ykdysady syıasatynyñ düıp özeni diıip ykrar edıär.

2. TBDO ıurdumyzda dürli gurnawly ykdysadyıetiñ deñhukukly ösüşini goldaıar we hususy, kooperatiw, aksioner, kollektiwleıin hem-de döwlet eıeçiligindäki kärhanalaryñ, oba hojalyk artelleriniñ, önümçilik we söwda kärhanalarynyñ deñhukukly ösüşiniñ kanuny esasda üpjün ediljekdigine kepil geçıär.

3. TBDO Türkmenistanda ıeriñ we suwuñ daıhanlara nähili möçberde we şertlerde bölünip beriljekdigini kesgitlemekde baş rol halk köpçüliginiñ özüne degişli bolmaly diıip hasaplaıar. Suwarymly ekerançylyga daıanıan oba hojalygynda suw ıurduñ aıratyn möhüm hazynasydyr. İeriñ we suwuñ hemişelik adalatly bölünmegini üpjün etmek üçin geljekde ıurtda ählihalk referendumynyñ we şol referendumda tassyklanan kanuna daıanıan düıpli ıer-suw reformasynyñ geçirilmegi gutulgysyzlykdyr. Diñe söz we metbugat azatlygynyñ dabaralanan, ıeñen hukuk döwletiniñ şertlerinde geçirilen İer-suw reformasy hem bu hakdaky kanun legitim häsiıete eıe bolup biler!

4. TBDO ıurtda milli senagaty, oba hojalygyny, ıerli hususyıetçiligi döwletiñ maddy taıdan goldajagyna kepil geçıär. Şol bir wagtyñ özünde-de, senagat, söwda we ilata durmuş taıdan hyzmat ediş kärhanalarynyñ hususylaşdyrylmasyna hukuk döwletiniñ şertlerinde gaıtadan kanuny esasda garalmagynyñ gutulgysyzdygyny belleıär.

5. TBDO ıurduñ çäklerindäki ähli ıerüsti we ıerasty baılyklary halkyñ umumy hazynasy diıip yglan edıär we olary döwlet eıeçiliginde galdyrmagy hökmany saııar. Olaryñ diñe häzirki däl-de, eıse geljekki nesillerimiziñ-de kanuny baılygy hökmünde tygşytly we aıawly ulanylmagyny üpjün etmek döwletiñ mukaddes borjydyr diıip hasaplaıar.

6. TBDO Türkmenistanyñ halk hojalygynda dünıäniñ öñdebaryjy tehnologiıasyny ornaşdyrmak we hususyıetçilere, kopperatiwçilere, aksioner, kollektiwleıin kärhana eıelerine öz önümçiliklerini kämilleşdirmek üçin zerur maddy we ylmy ıardamy bermek döwlet ähmiıetli işdir diıip belleıär.

7. TBDO hususy, kooperatiw, aksioner, kollektiwleıin we döwlet sektorlarynyñ, şeıle-de daşary ıurt kompaniıalary we şärikli kärhanalaryñ sazlaşykly işini guramak esasynda Türkmenistanyñ ykdysadyıetiniñ dinamiki ösüşini üpjün etmek we ony dünıäniñ iñ ösen ıurtlarynyñ yzyndan ıetirmek mümkin diıip hasaplaıar.

8. TBDO Türkmenistanyñ prezidentinden we hökümetinden topragymyzyñ gaıtadan öwezi dolmajak tebigy baılyklarynyñ, aıratynam tebigy gazyñ we nebitiñ eksportyny çäklendirmegi talap edıär. Gaıtadan öwezi dolmaıan tebigy baılyklarymyzy syıasy maksatlar üçin deger-degmezine we artykmaç köp mukdarda daşarky bazarlarda satmak – geljekki nesillerimiziñ hakyny iımekdir.

9. Tebigy baılyklaryñ eksportyndan gelıän serişdeleri türkmen topragynda ebedi girdeji berjek senagat we oba hojalyk infrastrukturasynyñ döredilmegine sarp etmek – ıeke-täk dogry ıoldur. TBDO bu ugurda öz ähli başarnygyny dürs ıörelgäniñ durmuşa geçrilmegine bagyşlajakdygyny halka söz berıär.   


 

SOSIAL WEZIPELER

1. Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy ıurduñ her bir ıaşaıjysynyñ adam şekilli maddy ıaşaıyş derejesini üpjün etmek türkmen döwletiniñ baş sosial wezipesidir diıip yglan edıär we her bir adamynyñ zerur ıaşaıyş minimumy bilen doly üpjün edilmegini hökmany saııar.

2. TBDO ıurduñ ıaşaıjylarynyñ ekologik taıdan arassa iımit, agyz suwy bilen üznüksiz üpjün edilmegini gaıragoıulmasyz wezipe diıip yglan edıär.

3. TBDO ıurduñ ilatynyñ ıokary hilli medisina hyzmaty bilen üpjün edilmegini gaıragoıulmasyz wezipe diıip yglan edıär.

4. TBDO türkmenistanlylaryñ ıurduñ howa şertlerine we dünıä standartyna laıyk derejedäki ıaşaıyş jaılary bilen üpjün edilmegini we özüne ıaşaıyş jaı gurunmakçy bolan her bir maşgala uzak möhletli karzlaryñ berilmegini zerur hasaplaıar.

5. TBDO köpçagaly maşgalalaryñ güzeranynyñ beıleki sosial toparlaryñkydan pes bolmazlygyny üpjün etmek döwletiñ borjudyr diııär.

6. TBDO türkmen topragynyñ ıerasty we ıerüsti baılyklarynyñ ulanylmagyndan hem-de eksport edilmeginden gelıän milli girdejide ıurduñ her bir hemişelik ıaşaıjysynyñ hususy paıy bolmaly diıip hasaplaıar we şol paıyñ öz hak eıelerine gowuşmagyny kanunlaşdyrmak Türkmenistan döwletiniñ sosial syıasatynyñ möhüm meselesi diıip hasaplaıar.

7. TBDO Türkmenistanda çagalygyñ we garrylygyñ döwletiñ goragynda bolmagyny hökmany saııar.


 

MEDENI WEZIPELER

1. Türkmenistan – külli türkmeniñ we ähli türkmenistanlylaryñ ıeke-täk Watanydyr. Dünıäniñ islendik ıurdunda ıaşaıan her bir türkmeniñ syıasy garaıyşyna, dini mezhebine, ykdysady ıagdaıyna garamazdan, öz ata-baba topragyna göçüp gelmäge haky bardyr. Türkmenleriñ öz Ata Watanyna göçüp gelmegine zerur maddy kömegi bermek, olary ıaşaıyşa ıaramly ıerlerde öz isleglerine görä ıerleşdirmek türkmen döwletiniñ jana-jan borjudyr.

2. Türkmen topragynda azlykda ıaşaıan halklaryñ öz dilini, edebiıatyny we medeniıetini erkin ösdürmäge haky bardyr. Azlykdaky halklaryñ diliniñ, edebiıatynyñ we medeniıetiniñ deñhukukly ösdürilmegine ıardam bermek döwletiñ wezipesidir.

4. Halkyñ milli ruhy baılygynyñ özeni we geljekki nesillerimiziñ ruhy sagdynlygynyñ diregi hökmünde edebiıat, medeniıet we sungat döwletiñ hemişelik goldawyndan peıdalanmaga haklydyr. TBDO totalitar we serdarçylyk döwlet gurluşy döwründe urlan agyr zarbadan aıñalmagy we täze belentliklere göterilip bilmegi üçin türkmen diline, edebiıatyna, sungatyna, ylmyna we medeniıetine döwletiñ hemmetaraplaıyn goldawy hökmany we aıratyn zerur diıip hasaplaıar.

5. TBDO Türkmenistanyñ çäklerindäki geçmişden galan köne arheologiki ıadygärlikleri dikeltmek, ıurduñ çäklerinden öñki döwürlerde talanyp äkidilen medeni, taryhy we arheologiki gymmatlyklary gaıtaryp getirmek döwletiñ öz halkynyñ öñündäki milli borjudyr diıip hasaplaıar.

6. TBDO halkyñ ruhy we fiziki sagdynlygyny üpjün etmegiñ zerur şerti bolan sportuñ ösdürilmegini döwlet hemmetaraplaıyn goldamalydyr diıip belleıär.


 

DÜZGÜNNAMA

Türkmen halkynyñ we ähli türkmenistanlylaryñ öz topragynda demokratik hukuk döwletini gurmak we ol döwletde erkana ıaşamak hem zähmet çekmek islegi mukaddesdir we TBDO hut şol islegleri parahat usulda durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi.

Bu kanuny we belent maksada ıetmek üçin Türkmenistanyñ ähli halkynyñ, onuñ ıurduñ içindäki we daşyndaky syıasy partiıalarynyñ, akymlarynyñ, hereketleriniñ, jemgyıetçilik guramalarynyñ hem-de öñdebaryjy ogul-gyzlarynyñ öz güıçlerini jemlemeginiñ möhümligini göz öñünde tutup we isleg bildirenleriñ nirede ıaşaıanlygyna garamazdan, sazlaşykly göreş alyp barmagyny üpjün etmek üçin TBDO öz işini doly demokratik esasda, ıurduñ grajdanlaryna berlen kanuny hukuklara we Türkmenistanyñ döwlet Konstitusiıasynyñ 17, 26, 27, 28, 29-njy maddalaryna görä gurnaıar.

TBDO Türkmenistanda demokratik hukuk döwletiniñ gurulmagyny gazanmak ugrunda tä ıeñişli güne çenli üznüksiz parahat göreş alyp barjakdygyny aıan edıär we Türkmenistanyñ döwlet Konstitusiıasynyñ çäklerinde bu ugurda göreşmäge döwtalap ähli syıasy partiıalary, hereketleri, akymlary, jemgyıetçilik guramalary, toparlary we aıry-aıry adamlary öz hatarlaryna çagyrıar!

 

1. Türkmenistanyñ halkynyñ oñlan we respublikanyñ on ikinji çagyrylyş İokary Sowetiniñ on dördünji sessiıasynda 1992 ıylyñ 18 maıynda kabul edilen döwlet Konstitusiıasyny ykrar edıän we türkmen topragynda demokratik hukuk döwletini gurmaga ıardam bermek isleıän ähli syıasy partiıalar, hereketler, akymlar, jemgyıetçilik guramalary, toparlar we aıry-aıry adamlar TBDO agza bolup bilerler.

2. TBDO agza bolmak isleıän syıasy partiıalar, hereketler, akymlar, jemgyıetçilik guramalary öz Programmalaryny we Düzgünnamalaryny TBDO-nyñ Dolandyryşyna gowşurmalydyrlar.

3. TBDO toparlaıyn ıa-da aıry-aırylykda agza bolmak isleıänler TBDO-nyñ Programmasyny we Düzgünnamasyny ykrar eden ıagdaılarynda umumy esasda oña agzalyga alynıarlar.

4. TBDO-nyñ agzalygyna girmek isleıänler bu guramanyñ ıaşamagy we işlemegi, onuñ metbugat organlarynyñ neşir edilmegi we ıaıradylmagy üçin zerur maliıe serişdelerini döretmäge güıçleriniñ ıetdiginden gatnaşyp bilerler. Agzalaryñ serişde kömegi meıletin ıagdaıda amala aşyrylıar we onuñ möçberi agzalaryñ öz maddy ıagdaılaryna görä bolmalydyr.

5. TBDO Türkmenistanda demokratik hukuk döwleti gurlansoñ öz wezipesi ıerine ıetirildi diıip hasaplaıar we ol şondan soñ öz işini bes edıär.

6. TBDO-nyñ öz işini tamamlaıandygy baradaky karar onuñ ähli agzalaryndan delegatlaryñ gatnaşmagynda geçirilen açyk gurultaıda wekilleriñ azyndan üçden iki böleginiñ goldamagy esasynda kabul edilip bilner.

7. TBDO-nyñ öz işini bes edıändigi baradaky karary kabul eden gurultaı onuñ maddy serişdeleriniñ we emläginiñ şondan soñky ykbalyny kesgitlär.

Watandaşlar! Türkmenistanda demokratik döwlet gurluşy, söz we metbugat azatlygy ugrundaky mukaddes göreşde öz gujur-gaıratyñyzy gaıgyrmañ! Bu ugurda Türkmenistanyñ Baş kanunyndan we Adam Hukuklarynyñ Ählumumy Jarnamasyndan gündelik peıdalanyñ! Öz erkiñizi özgä tabşyrmañ! Ykbalyñyzy bir adama ynansañyz, netijesiniñ nähili bolıanlygyny eııäm gördüñiz!

Öz kanuny hak-hukuklaryñyzyñ, erkiñiziñ, grajdan azatlyklaryñyzyñ goragynda sak duruñ! Erk üçin baş göteren halk ıeñilmezdir! Bu göreş iru-giç ıeñişli tamamlanar!

İaşasyn adam hukuklarynyñ ömürlik dabaralanjak, külli türkmeniñ we ähli türkmenistanlylaryñ ıalñyz Watany bolan demokratik Türkmenistan!

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASY
Pariz
2007 ıyly
ñ 1-nji iıuly.