TOSLAMA İAPA DEGSE İAGŞY!

Bu aıyplama bilen baglanyşykly ıokarky ysnat sözlemi okan islendik adamda diñe bir sorag ıüze çykyp biler: Türkmenistanda Gizlin gulluklaryñ barlygy bir çynmyka?

2006-06-22
 

Içaly töhmetçilik etmez, töhmetçem – içalyçylyk! Bu iki aıyplama bir ıere sygyşanok. Sebäbi haısydyr bir ıurtda içalyçylyk etjek adam ol ıurduñ halkyna-da, hökümetine-de gowy görünmeli. İogsa ol arkaıyn içalyçylyk edip bilmez, derrew yzyndan ıetdirer. Tutular. Bu ıönekeıje hakykat hatda mekdep okuwçysyna-da bellidir.

Emma Türkmenistanyñ gizlin gulluklary hatda şu aksiomany-da bilmeıäne meñzeıärler. Olar birnäçe gün mundan ozal Türkmenistanyñ grajdanini Annagurban Amangylyjovy tutup, ony hem içalylykda hem töhmetçilkde aıypladylar. Öz ıurdunyñ grajdaninine gapma-garşy günäleri ıükleıän türkmen rejimi iki sany düıpgöter dürli düşünjäni garyşdyrıar.

”17 июня сего года во время незаконного сбора информации в пределах города Ашхабада А.Амангылыджов был задержан. В ходе следствия были изъяты закопанные в специальном месте очки для скрытой видеосъемки и 2 диска с записью материалов клеветнического характера. На основе неопровержимых фактов А.Амангылыджов полностью признался в совершенном преступлении и стал давать показания.”

Bu aıyplama bilen baglanyşykly ıokarky ysnat sözlemi okan islendik adamda diñe bir sorag ıüze çykyp biler: Türkmenistanda Gizlin gulluklaryñ barlygy bir çynmyka? Eger bar bolsa, onda olaryñ professional derejesi şeıle pesmikän? Görseñizläñ bu bolıan zady… Türkmenistanyñ ”şöhratly” gizlin gulluklary her gözüni gyrpanda, töweregini surata alyp ıören gorkunç bir içalyny tutıarlar welin, onuñ gizlençeginden nämüçindir diñe ”töhmetçilikli materiallar” çykıar!

Günüñizie ıanaıyn! Siziñ ıörite gulluklar bolaışyñyzy diısene! Içaly töhmetçilikli materialy başyna ıapsynmy? Oña hakyky fakt, gizlin syr gerek bolmazmy? Meselem, Türkmenistanyñ mahabatlandyrylıan tehniki we tehnologiki ösüşleriniñ syry? Gazly, nebitli ojaklar we olaryñ, aıdaly, Türkmenistanyñ territoriıasyndaky ıerleşiş yzygiderligi…

İok, Annagurban Amangylyjov öz surata alıan syrly äınegini dakynyp nämüçindir diñe halkyñ gözgyny ıagdaıyny paş edıän zatlary surata alypdyr. Diımek, A.Amangylyjov içaly däl-de, jurnalist, hukuk goraıjy bolmaly. Bu waka bilen baglanyşykly Türkmen hökümetiniñ ıaıradan resmi maglumatyny okasañ, diñe şeıle netije çykıar.Çünki A.Amangylyjovyñ eden işi jurnalistiñ, hukuk goraıjynyñ etjek işi. Hiç bir içaly türmede ıatanlaryñ, syrkawhananyñ ıagdaıyny surata düşürjek bolup öz janyny howpa salmaz!

Türkmenistanda soñky ıaıbañlanan wakalar biziñ bu pikirimizi aıdyñ subut edıär. Sebäbi soñky günlerde Aşgabatda ıene-de bäş adam tussag edildi. Olaryñ arasynda düıbi Bolgariıada ıerleşıän Türkmen Helsinki Fondunyñ başlygy, hukuk goraıjy Täjigül Begmedovanyñ we rejimiñ garşydaşy Annadurdy Hajyıeviñ ıakyn garyndaşlary, ”Azatlyk” radiosynyñ habarçysy Ogulsapar Myradovanyñ we Sapardudy Hajyıeviñ bolmagy türkmen hökümetiniñ syryny açıar. Tussag edilenleriñ arasynda O.Myradovanyñ çagalarynyñ we hukuk goraıjy Elena Öwezovanyñ barlygy bolsa içalyçylyk hakdaky biderek toslamalary düıbünden puja çykarıar. Tosalama-da ıapa degse ıagşy, ıogsa gülkünç bolıar.

Gepiñ gerdişi gelende bir wakany ıatlap geçmekçi… 1992 ıylda Eırandan Haşemi Rafsanjanynyñ tabşyrygy boıunça Türkmenistana halymsyrap gelen kişileriñ (olaryñ arasynda Rafsanjanynyñ ogly-da bardy) ellerine tasdanam Türkmenistanyñ ähli gazly ojaklarynyñ ıerleşiş yzygiderliliginiñ kartasy düşen eken. Eger-de şol gizlin karta Eırana berlen bolsa, spesialistleriñ güwä geçmegine görä, şondan soñ ol gaz känleriniñ (iñ möhümleri-de – tapylyp goılan, ıöne entek ulanylmaıan ıataklar) territorial taıdan ıerleşişini yzarlap, araçägiñ beıle ıüzünden ugurdaş gözlegleri geçirmek we şol bir gaz ıatagynyñ üstünden barmak mümkin.

Eıse şeıle gymmatly maglumaty keseki döwlete berjek bolan kimdir öıdıäñiz? Eger türkmen jurnalistleridir ıa-da hukuk goraıjylarydyr öıdıän bolsañyz, onda gaty ıalñyşıañyz. Bu ıakymsyz işi etjek bolan Türkmenistanyñ prezidenti Saparmyrat Nyıazovdy. Şol wagt türkmen topragynyñ janköıerlerinden biri ara düşüp, prezidenti saklamadyk bolsa, ıurduñ soñky çekjek ıitgileriniñ möçberini öñünden kesgitlemek kyn bolardy. Içalyçylyk diıibem, ine, şuña aıdaısañ!

Hakyky içalylary tutardan professional derejeleri pese gaçan ıörite gulluklar üçin adaty jurnalisti ıa-da hukuk goraıjyny tutup, oña içaly diıip, ıurduñ prezidentini aldamak, belki, öz janlaryny saklamagyñ bir usulydyr? İöne olar bu işe baş goşup, döwleti masgara edip biljekdiklerini öñünden añmaıarlarmyka?

Bu wakalary keseden synlaıanlar üçin bir zat düşnükli: Türkmenistanda erkin pikirli jurnalistleriñ we adam hukuklaryny goraıjylaryñ garşysyna alnyp barylıan üznüksiz repressiıalryñ täze tapgyry başlanıar. Elbetde, muny boıun almaga Saparmyrat Nyıazovyñ we onuñ öz asyl kärlerini unudyp, gije-gündiz jurnalistleriñ, ıazyjylaryñ, hudojnikleriñ, kompozitorlaryñ, hukuk goraıjylaryñ yzyna düşüp ıören ”gizlin gulluklarynyñ” bogny ysanok.

İöne temeni haltada gizläp bolmaz. Türkmen rejiminiñ bu guran ysnat toslamasynyñ syry-da tiz açylar. Sebäbi öz grajdanlaryna sütem etmekde ıakasyny tanadan we gözi gyzaran rejim halys hetden aşyp, daşary ıurt ilçihanasyna-da töhmet atmaga synanyşıar. Şonuñ üçinem bu hapa oıny guramagy buıran Saparmyrat Nyıazov-da, onuñ buırugyny ıerine ıetiren kişiler-de dünıä jemgyıetçiliginiñ öñünde ıene bir gezek wejera bolarlar. Muña hiç hili şübhe ıok.

Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ daşary ıurt bölümi tussag edilenleriñ tiz boşadylmagyny, olardan ötünç soralmagyny we ıetirilen maddy we ahlak zyıanlaryñ öweziniñ dolunmagyny talap edıär.

”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY İURT BÖLÜMI
Stockholm, Moskva, Montreal, Washington, Istanbul, Strasburg