TÜRKMEN JURNALISTIKASY HAÇAN JANLANAR?

 

2007-12-18

 

Garaşsyz ”Press Emblam kampan” guramasy konfliktli zonalarda we gyzgyn nokatlarda işleıän jurnalistleriñ janyny goramak boıunça Halkara Konvensiıasyny kabul etmek teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasyna (BMG-ä) ıüz tutdy. Häzirki wagtda bu teklibe BMG-de garalıar. Bu habar Jenewada ıaıradyldy.

Halkara derejesinde şeıle abraıly Konvensiıanyñ kabul edilmegi örän zerur. Çünki konfliktli zonalarda we gyzgyn nokatlarda işleıän jurnalistleriñ janyna abanıan howp ıyl-ıyldan artıar. Soñlanyp barıan 2007-nji ıylda öz professional borjuny ıerine ıetirıän wagty dünıä boıunça 110 jurnalist wepat boldy. Eger-de 2005-nji ıylda 68, 2006-njy ıylda 96 jurnalistiñ wepat bolandygyny göz öñünde tutsañ, onda ıagdaıyñ gitdigiçe erbetleşıänligi görnüp dur.

Jurnalistler üçin iñ howply ıerler uruş barıan ıurtlar. Owganystan, Yrak, Somali ıaly ıurtlarda olar gündelik howp astynda işleıärler. Yrakda diñe şu ıylyñ dowamynda 50 jurnalist wepat boldy, 2003-nji ıyldan bäri bu ıurtda öldürilen jurnalistleriñ sany 250 bardy.

Emma diñe bir uruşly däl-de, eıse, käbir parahat diılip hasap edilıän ıurtlarda-da jurnalistler arkaıyn işläp bilenoklar. Meselem, ozalky SSSR-iñ çäklerinde jurnalistler üçin iñ howply ıurt Orsıet. Bu ıurtda soñky ıyllarda onlarça jurnalistler gümürtik ıagdaıda wepat boldular. Rus häkimiıetleri jurnalistleriñ öldürilmeginiñ sebäplerini derñemekde, jenaıatkärleri tapmakda adatdan daşary perwaısyzlyk görkezıärler. Öldürilıän jurnalistleriñ köpüsiniñ häkimiıetlere oppozisiıada durıan, başgaça pikirlenıän adamlar bolmagy bu jenaıatlarda rus häkimiıetleriniñ öz elleriniñ barlygyny güman etdirıär. Vlad Listıev, Dmitriı Holodow, Anna Politkovskaıa, Pol Hlebnikov ıaly dünıä belli jurnalistleriñ garşysyna edilen jenaıatlaryñ açylmazlygy rus jurnalistikasyna urlan agyr zarba boldy. Orsıetde garaşsyz, batyrgaı jurnalistikanyñ öz ornuny ıaranjañ jurnalistika bermeginiñ bir sebäbi şu bolsa gerek.

Eıse, biziñ öz ıurdumyzda ıagdaı nähili? Soñky döwürde Türkmenistanyñ prezidenti ıurduñ köpçülikleıin habar beriş serişdeleriniñ hilini birnäçe gezek berk tankyt etdi. Türkmen metbugatynyñ ıurduñ ilatynyñ arasynda abraıynyñ ıokdugyny belledi. Prezident metbugatyñ, radionyñ we televideniıäniñ işini gowulandyrmagy talap etdi. Elbetde, bu gowy talap. Emma türkmen metbugatynyñ ıagdaıy diñe tankytdyr tabşyryk, buırukdyr görkezme bilen düzederden geçen.

Türkmenbaşy döwründe Türkmenistanda garaşsyz metbugat doly ıok edildi. Gazet-jurnallarda, radioda we televideniıede özbaşdak pikirlenip bilıän jurnalist galmady. İurtda hakyky jurnalistika ıok edilip, häkimiıetlere ıapja, ıaranjañ, ıöwsel jurnalistika döredildi. Bu talaby ödemedikler işden çetleşdirildiler. Gepiñ keltesi, garaşsyzlyk ıyllarynda türkmen jurnalistleri köpçülikleıin ıok edildiler. İöne fiziki taıdan däl-de, ruhy taıdan.

Ruhy taıdan öldürilen jurnalistleri täzeden janlandyrmak we türkmen jurnalistikasyny gaıtadan dikeltmek, elbetde, añsat düşmez. Munuñ üçin adamlarda ilki bilen ynam döretmeli. Adamlaryñ ynamyny gazanmak üçin bolsa, gury söz ıeterlik däl. Garaşsyzlyk döwründe olar ıalan buıruklary, talaplary kän gördüler. Türkmen jurnalistleriniñ ynamyny indi diñe anyk çäreler, işler arkaly gazanyp bolar. İurduñ ıolbaşçylygynyñ türkmen metbugatynyñ, radiosynyñ, televideniıesiniñ işini düıpli gowulandyrjagy çyny bolsa, bu ugurda anyk ädimleriñ ädilmegi gerek

Ilkinji anyk çäreleriñ biri hökmünde garaşsyzlyk döwründe metbugatyñ garşysyna edilen bikanun işler derñelmeli. Erkin metbugaty ıok etmäge gatnaşan adamlary öz wezipelerinden günübirin çetleşdirmeli. Türkmen gazet-jurnallarynda, radioda we televideniıede ornaşan ıaranjañ baş redaktorlary täzelemeli. Baş redaktorlary saılamak işini gazet-jurnallaryñ kollektivlerine ynanmaly. Hususy radio we tele kanallaryñ açylmagyna ıol bermeli. Deslapky senzurany ıatyrmaly.

Öz professional borjuny ıerine ıetirip ıörkä tutulyp, töhmetçilikli aıyplama esasynda tussaglyga höküm edilen, soñra-da türmede gynalyp öldürilen türkmen jurnalisti Ogulsapar Myradovanyñ ölüminiñ sebäbiniñ gaıtadan derñelmegi we günäkärlere berk temmi berilmegi bu ugurda ıene-de bir möhüm ädim bolardy. Şonda türkmen jurnalistleri öz işleriniñ we janlarynyñ indiden eıläk Türkmenistanyñ hökümeti tarapyndan goraljakdygyna ynanardylar.

Şeıle çynlakaı we düıpli işler geçirilse, Türkmenistanda metbugatyñ, radionyñ we televideniıäniñ işiniñ gaıtadan janlanjakdygyna şübhe bolup bilmez.

A.Welsapar, ıazyjy, jurnalist