TÜRKMENIÑ AHWALY

 

İandakdan pes, dagdan belent

Boldy türkmeniñ ahwaly.

Aıak astynda oba-kent,

Öldi türkmeniñ düıp ıoly.

 

Eı ıumrulmyş, köne dünıä!

Kimler saña boldy eıe?

Geçen günün diıe-diıe,

Aglamak türkmeniñ haly.

 

Bir sallançak – dokuz oglan,

Mündi, düşdi, geçdi döwran,

Köne dünıä soñy weıran,

Çyna meñzär mekri-aly.

 

Kyrk şäherden hyraç aldy,

Oguz ili äleme doldy,

Çoh döwran geldi, sowuldy,

Kany onuñ däbi, ıoly?

 

Körhan ogly Ugurjyk Alp,

Gyrdy türk ilin at salyp,

Görogly oña at galyp,

Paç alyp geçdi sag-soly.

 

Doglup ikinji Ugurjyk,

İa-da satylandyr bir çak,

Döwran dolanıandyr her çak,

Düzlener türkmeniñ haly.

 

Gel, Şeıdaıy, köñlüñ alda,

İalan söz çykyp her dilde,

Her bela bolsa görelde,

Bulandyrdy biziñ ili.