ADAM HUKUKLARYNY GORAİJYMY İA-DA SYİASY INTRIGAN?
Türkmenistanyñ demokratik güıçleriniñ Wena Konferensiıasyna

 

”Nyıazovdan soñky era. Wena duşuşygy.” diıen at bilen 10-njy ıanwarda Awstriıanyñ paıtagtynda Konferensiıa açylıar. Türkmenistanyñ dikmesi S.Nyıazov ölensoñ, türkmen oppozisionerleriniñ, dissidentleriniñ we adam hukuklaryny goraıjylarynyñ duşuşmagy, pikir alyşmagy örän zerur. Şonuñ üçinem bu ıygnanyşygyñ guralmagy hemmeleri begendirdi.

Emma Konferensiıanyñ guramaçylygynda geñ-tañlyklar ıüze çykdy. Nämüçindir oña türkmen oppzisionerleriniñ we adam hukuklaryny goraıjylarynyñ agramly bölegi çagyrylmady. Asly Eırandan, Owganystandan bolup, soñra Türkmenistanyñ grajdanlygyny alan, häzirki wagtda Günbatarda ıaşaıan we Türkmenistandaky ıagdaılar bilen içgin gyzyklanıan ildeşlerimizden-de bu ıygnanyşykda wekil ıok. Konferensiıany gurnaıjylar munuñ sebäbini maliıe ıetmezçilikleri bilen düşündirıärler.

İöne, gynansak-da, geñ-tañlyk diñe munuñ bilen gutaranok. Konferensiıa gatnaşıan syıasy partiıalaryñ wekilleriniñ sanynda-da deñlik ıok. Meselem, ”Respublikan” partiıadan 4 adam çagyrylsa, oppozision güıçleriñ arasynda tejribe hem san taıdan iñ ulusy bolan, birnäçe syıasy partiıalara we guramalara wekilçilik edıän, beıleklilerden has ir döredilen Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasyndan diñe bir adam – Avdy Kulyıev Wena çagyryldy!

Konferensiıanyñ guramaçylygy ynanylan Farid Tuhbatullin dürli syıasy partiıalaryñ arasyndaky deñagramlylygy bozany bilen-de oñman, görnüşine görä, dürli edaralaryñ içki işlerine-de gödeklik bilen gatyşmaga synanyşyk edıär. Meselem, ol ”Azatlyk” Radiosyndan Rozynazar Hudaıberdiıevi Konferensiıa çagyrylıanlaryñ resmi sanawyna goşıar. Muña nähili düşünmeli? Eıse nirä haısy habarçyny ibermelidigini Radionyñ özi çözmeli dälmi?

Eger Farid Tuhbatullin ”Azatlyk” Radiosynyñ habarçysy Rozynazar Hudaıberdiıevi Konferensiıa ıörite çagyrıan bolsa onda, belki, onuñ harajatlaryny-da özi çekmekçidir? Öz hasabyna korrespondent iberip bilıän Radiodan göwün söıen adamsyny çagyryp, onuñ hem çykdajylaryny Konferensiıanyñ hasabyna tölemekçi bolsa jenap Tuhbatulliniñ ”serişde az” bahanasy bilen onlarça türkmen oppozisionerlerini we adam hukuklaryny goraıjylary Konferensiıadan daşarda goımagyna nähili düşünmeli? Toparlaıyn syıasy bähbitlere gulluk etmäge höwesek bolup görünıän jenap Tuhbatullin asla kim: adam hukuklaryny goraıjymy ıa-da syıasy intrigan?

Biziñ bu soragy bermegimiz tötänden däl. Sebäbi öz diıeni bolmansoñ, Farid Tuhbatulliniñ ”Azatlyk” Radiosyndan beıleki bir habarçyny Konferensiıanyñ işine gatnaşdyrmakdan boıun towlandygy mälim boldy. Diımek, jenap Tuhbatullin Europada geçıän demokratik Konferensiıany sovet döwründäki ıapyk partiıa ıygnagyna öwürmäge synanyşıar! İene-de bir geñ ıagdaı: garaşsyz jurnalistler goıberilmese-de, ”Respublikan” partiıanyñ jurnalisti, ”Vremıa Novosteı” gazetiniñ habarçysy Arkadiı Dubnov Konferensiıa goıberiljege meñzeıär. İogsa, onuñ ady Konferensiıa çagyrylanlaryñ resmi sanawyna goşulmazdy. Biz jenap Tuhbatullinden agzalan iki jurnalistiñ arasynda näme tapawut barlygyny düşündirmegini talap edıäris!

Eger ”Azatlyk” Radiosynyñ gatnaşdyrylmadyk Konferensiıasyna Moskvanyñ ”Vremıa Novosteı” gazetiniñ habarçysy gatnaşdyrylsa, şondan soñ Farid Tuhbatulliniñ adam hukuklaryny goraıjy adyny götermegi ıa-da Hukuk goraıjy gurama ıolbaşçylyk etmegi gülkünç bolup görünıär. Dogrusy, ol eııäm gülkünç…

Sebäbi bu Konferensiıanyñ gurnalyşynda jenap Tuhbatullin öz jübüsi bilen Halkara hukuk goraıjy guramanyñ kisesini gatyşdyrıandygy belli boldy. Özi bilen ıakyn gatnaşykdaky jurnalistleri Konferensiıanyñ hasabyna Wena çagyrmagy eısem şuny añladanokmy näme? Beıle bolsa, munuñ bilen baglanyşykly ıüze çykıan soraglara, belki, Farid Tuhbatulliniñ ıolbaşylyk edıän Türkmen Inisiativasy guramasynyñ sponsorlary jogap bererler?

Jenap Farid Tuhbatulliniñ bu Konferensiıany gurnaışyny göreniñde, ıañy-ıakynda Minskide bolan bir waka biygtyıar ıadyña düşıär. Geçen güız Minskide Arkalaşyga Girıän Döwletleriñ (SNG) ıygnagy boldy. Ol ıygnaga Lukaşenkonyñ rejimine we Kremle gulluk edıän jurnalistleriñ hemmesi goıberilse-de, ”Moskovskiı komsomolec” gazetiniñ korrespondenti goıberilmedi. Sebäbi agzalan gazetde şonuñ öñ ıanynda A.Lukaşenkonyñ rejimini berk tankytlaıan makala çap edilipdi. Jenap Tuhbatulliniñ jurnalistler ıa-da hukuk goraıjylar bilen işleşmekde Aleksandr Lukaşenkodan tapawudy görnenok.

Europada geçirilıän Halkara derejesindäki demokratik Konferensiıa gatnaşyjylar toparlaıyn syıasy simpatiıalara we antipatiıalara görä, şeıle adalatsyzlyk bilen saılanyp seçilıärkä Türkmenistanyñ halky bu Konferensiıadan näme ıagşylyga garaşyp biler?

A.Welsapar, ıazyjy, adam hukuklaryny goraıjy, Adam Hukuklarynyñ Ählumumy Deklarasiıasynyñ jar edilmeginiñ 1998-nji ıylda Parizde geçirilen 50 ıyllyk ıubileı dabarasyna gatnaşyjy.

2007-01-10