GÖZEL İIGRIM BÄŞ

Şeıle gulaga ıakymly,
Sözledim, gözel ıigrim bäş.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ıigrim bäş.

Bu gün ornuñ boldy belli,
Bul amanat, telli-pelli,
Ösdürip şol güne çenli,
Gizledim, gözel ıigrim bäş.

Arzuw edip, ıete bilmen,
Görünip dur, tuta bilmen,
Maly-dünıä sata bilmen,
Uzladym, gözel ıigrim bäş.

İedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müñ ıaşda ömrüñ ıakyp,
Bozladym, gözel ıigrim bäş.

Matam, mersiıe, Şakandy
İazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ıat ederler şindi,
Gözledim, gözel ıigrim bäş.

Şeıdaıy diır, bar beterler,
Seniñ üçin ıas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
İiter sen, gözel ıigrim bäş.