İAKMA – BIŞERSIÑ, GAZMA – DÜŞERSIÑ!

Bir hatyñ yzy bilen! 

 

Geçen ıylyñ güızünde: ”öz arhiviñde sakla” diıip, Avdy Kuly maña bir hat iberdi. İaşy 70-den geçen goja bu hatyñ nämüçindir adatdan daşary agyr degenligi bildirdi. Şonda ol birnäçe günläp: ”Hudaı saklasyn, beıle-de bir zäherli adam boljak eken!” diıip, gaıtalady yördi…

Ol hatyñ avtory ”Azatlyk” radiosynyñ işgäri İowşan Annagurbanovdy. İowşanyñ bu ”namasyny” alan goja uzak gitmän, ıanyny ıere berdi we bary-ıogy alty aıdan soñ hem ıurduny täzeledi…

Men indi Avdy aganyñ bu haty nämüçin maña iberenligi hakynda oılanıaryn. Belki-de, ol bu hatyñ iru-giç ile ıetmegini isländir? Başgaça bolsa, ol ony öz arhivinde galdyrsa-da bolardy.

Meniñ çakym dogrymy ıa-da nädogry? Bu sowalyñ jogabyny indi diñe köpçulik bolup tapmaly. Çünki ıaşuly oppozisioner dünıäden ötse-de, İowşan Annagurbanyñ hatynda ady tutulıan ençeme adamlar, Hudaıa şükür, entek diri. Şol adamlaryñ bu hata berjek kommentarilerine garaşıarys.

Hatda ady tutulıan Annadurdy Hajyıev hatyñ mazmunyna nähili garaıar? Eıse, ”MHK-da işläp, ganhor rejimiñ arkasyndan baı-beg bolan maşgala” nähili maşgala? Ol kimiñ maşgalasy? Galyberse-de, ”Ilkibaşda bu işe döwtalap bolan adamlaryñ bir topary Aşgabada gitmekden boıun gaçyrypdyr” diıende İowşan Annagurban kimleri göz öñünde tutıar? Belki, ol adamlar İowşanyñ öz ıegre dostlarydyr? Belki, şonuñ üçin ol olaryñ atlaryny gizleıändir?

1995-nji ıylyñ ”parahat gozgalañynyñ” baştutanlarynyñ biri Gulgeldi Annanyıazov agzalıan faktlara nähili garaıar?

”…boıny buruk çagalary bilen daşaryk gaçan dul hatynyñy depelejek bolup duran “opposisiıa” diıende, İowşan Annagurban kimleri göz öñünde tutıar? Onuñ elinde anyk faktlar barmy ıa-da gybata ıüz urıarmy?

Avdy Kuly 1998-nji ıylda Aşgabada barıar, şonda ony tussag edip, birnäçe gün MHK-nyñ türmesinde saklaıarlar. Gizlin gulluklar 1995-nji ıylda bolan parahat gozgalañyñ jogapkärçiligini onuñ boınuna atmaga synanyşıarlar. Avdy aga bu aıyplamany ret edıär. Şonda MHK-çylar tussag edilen adamlaryñ biriniñ ıazan donosyny onuñ garşysynda goııarlar. Ol donosda ”hemme zadyñ günäkäri Avdy Kuly, bizi bu gozgalaña iteklän hem şol” diılip tassyklanıan eken. Bir bölegi ”Adalat” gazetinde çap edilen bu aıyplamanyñ avtory kim?

Garaz, İowşan Annagurbanyñ haty örän kän sowallary döredıär. Şonuñ üçinem 1995-nji ıylyñ wakalaryndan habarly adamlardan bu hata seslenmeklerini we käbir sowallaryñ jogabyny anyklaşdyrmaklaryny towakga edıäris!

Ak Welsapar, ıazyjy
2007-07-13

 

İowşan Annagurbanyñ Avdy Kula ıazan hatynyñ doly teksti:

Abdy aga, salawmaleıkim!

Belki, bu sözi size telefonda aırdyp goısam hem bolardy, ıöne beıdilse bu-da bir ıele giden söz bolardy. Ondan ötri, goı kagyzda-da galsyn diıip, muny size ıazmaça aıtmagy dogry tapdym.

Dogrusyny aıtsam, bize maşgala-da ıaşuly sylagy diıip bir zat öwredilıär, ıöne muña köplenç ıalñyş düşünıärler. Şoñ bilen birlikde munuñ tersi – ıaşkiçi sylagy hem bar. Men öz tarapymdan sizi ıaşuly hökmünde sylabildim, hatda çekmesiz gepleriñizi hem çekibildim hasap edıärin. İöne siz muña ıalñyş düşünıän şekilli. Geçen hepdeki “tegelek stolda” siz ıene bir gezek maña  nähak ıerden sesiñizi gataltdyñyz. Men ony şol durşuna efire berdim, goı, adamlar eşitsin hem netije çykarsyn. İöne gep munda däl, gep siziñ hemişe diñe özüñizi mamla hem gaty köp bilıän, belki-de öz bilıän zatlaryñyzy hiç kim bilmeıär diıip pikir edıänligiñizde. Aıdaly, men türkmenleriñ arasyndaky ynanmsyzlyk hakynda gürrüñ edıärin, munuñ sebäplerini orta çykarmaga, halkyñ öz derdine düşünmegine ıardam etmäge çalyşıaryn, siz bosañyz “Nyyazow öz häkimiıetini ıitirmekden gorkıar”  diıip demagogiıa tutıarsyñyz. Eısem Nyıazowyñ häkimiıetini ıitirmekden gorkıanyna diñe siz düşünıärsiñizmi, ıa bu taze bir pikirmi, jedelli bir zatmy, näme beıle gygyrıarsyñyz? Eger men şonda alyp baryjy bolman, siz ıaly söhbete ganaşyjy bolsadym, onda men siziñ ol gykylygyñyza başgarak gaıtargy bererdim. Gereksiz ıerde sesiñize bat bermek size näme berıär? Garşyñyzdaky adamy kiçeldip uly boljak bolıarsyñyzmy? Bu şekilde kime näme subut ederin öıdıärsiñiz? İa bu sizi hakykatdan hem akylly, rüstem, güıçli syıasatçy edip görkezer öıdıärsiñizmi? Gorky, ynamsyzlyk barada aıdamyzda bolsa, hemme kişi diıen ıaly bir zatlardan gorkıar. Häzirki zamanda adama öz ornuny, işini ıitirmekden gorkmak gaty bir mahsus häsiıete öwrüldi, adamlar gorkara zat bar bolansoñ gorkıarlar.  Bu gorkynuñ arkasynda adamyñ öz erteki gününe, geljegine ynanmsyzlygy bar, şol ynamsyzlyk hem töwerekdäki adamlara, bäsdeşlere, opponentlere ynanmsyzlyk döredıär.  Barha beter maddylaşıan dünıäde erkeklik, mertlikç watançylyk hakyndaky sözleri diñlemek ıakymly, ıöne olara ynanyp iş etseñ, Hoşaly Garanyñ, Çarymyrat Guruñ gününe düşmek gaty añsat. Bu-da ykbaldyr diıseñ, ıetim galan çagalaryña bir manat uzatjagyñ tapylmazlygy hem hhalkyñ garyplygy sebäplidir diısek, boıny buruk çagalary bilen daşaryk gaçan dul hatynyñy depelejek bolup duran “opposisiıa” näme diıjek? Emma siz beıle adamlara sesiñizi gataldyp bilıänsiñiz öıtmeıärin.

 Syıasatda adamlaryñ bir zat aıdyp, başga zat edıänleri täzelik däl. Uly döwlet işindäki adamlaryñ bir-birine, ıa-da bolmasa Owganystandan geljek adamlara ynanmazlygy hem täzelik däl.  Bu ynamsyzlyk hemişe esassyz hem däl. Sebäbi häkimiıet ugrunda hemişe, assyryn ıa açyk göreş barıar. Syıasatçy islese-islemese şol göreşe gatnaşmaly bolıar. Bu göreş kolhoz meıdanyndaky pagtaçylyk brigadasyndan köşge çenli aralyga uzalyp gidıär. Intrigalar netijesinde diñe ministleri kowanoklar, traktorçyny, suwçyny, hatda pagta ıygjak dul hatyny hem kowıarlar. Kowulmazlyk üçin näme etmeli, il ugruna bolmaly,  gerek bolsa ıalan sözlemeli, baş egmeli, el öpmeli. Bu sowet ıyllaryndan başlap kada öwrüldi. Şu zatlary etmeıän adama diñe başlyklar däl, ıönekeı adamlar hem şübheli garaıar. Umuman, ynamsyzlyk uly mesele. Türkmeniñ türkmene ynanmazlygy bolsa hasam uly mesele. Başga millet babatda biraz başgaça ıagdaı bar. İöne bu mesele, ıagny ynamsyzlyk, şübhe, güman absolıut hökümdarda has ösgün bir derejä etıär. Ozal beıle zady biziñ halkymyz Stalinde gördi. Ol özünden gorkup, millionlap adam gyrdy. Dogry, siz Staline beıle diıdirmek islemersiñiz, sebäbi siziñ hamyryñyz bolşewik propagandasy astynda ıugruldy, siziñ şondan başga bilıän zadyñyz gaty az.  Şol bir wagtda siziñ Stalini söıüp, Saparmyrady ıigrenmegiñiz o diıen mantykly bir zat däl. Herhal, Nyıazowda ıitirmäge zat bar, ol tutuş bir halky ıesir aldy, baılygy dünıä syganok, ıöne siz nämeden gorkıarsyñyz? Hala gaty görüñ, hala ıumşak, Nyıazow  türkmen syıasy meıdanyny ıurt içinde gabanıan bolsa, siz ol meıdany ıurt daşynda gabanıarsyñyz. Bu gabanç Boris Şyhmyrat opposisiıa geçende açyk göründi we Nyıazowyñ häkimiıetiniñ uzamagyna gaty peıdaly boldy.

Bir wagt, student zamanyñyzda siz hemme zady Staliniñ üstüne atmaly däl diıen pikirde bolupsyñyz, emma indi hemme zady Nyıazowyñ üstüne atıarsyñyz. Stalin zamanynda döwür biraz başgady, bolşewikler başga pikirlileri rehimsiz gyrıardylar, metbugaty syıasatyñ gullugynda goıup, adamlaryñ beınisini ıülmäp-ıuwıardylar. Nyıazow hem şu ıoldan barıar, ıöne onuñ ıodasy Lenin-Stalin derejesinden biraz pesräkde. Stalin adamlary göni gyrdyran bolsa,  Nyıazow muny ederden güıçsüz, üstesine döwür hem başga, emma ony biz halky sowatsyzlyk, tirıek, heroin, ogurlyk, parahorluk bilen gyryp biler ıaly bir derejä ıetirdik. Bu tötänden bolan zat däl, bu adamlaryñ içindäki, añyndaky-pikirindäki boşluklar bilen bagly. Haram tapsa, halala seretmeıän adam bizde gaty kän, aralyk, añsat ıoldan gitjek bolsa has kän, onsoñ köpler dymmak, görmedik, düşünmedik  bolmak, mümkinçilik bolsa ogurlamak, para almak, ıagdaıa görä ıaşamak hem işlemek ıolunu saılap alıar. Nyıazow adamlaryñ şu hili gowşak ıerlerinden ussatlarça peıdalandy hem öz patşalygyny gurdy. Ol patşalygy türkmeni gutarnykly ıok etmezinden öñ ıykmak üçin akyl gerek, duıgydan netije az. Yrak türkmenleri bir däliniñ ıerinden gaçyran daşyny ıüz akylly ıerine eltip bilmez diııär. Nyıazow däli diıeli, ıene bir zat diıeli, ıöne onuñ türkmeni ullakan pohly çukura gapgarandygyny boıun alaly. Indi biziñ hemmämiziñ üstümizden pohyñ ysy gelıär. Bu ıerde men arassa diıip gygyrmak manysyz... Ol muny, ıagny türkmeni pohlamany  başardy. Dogrusy, ökde çykdy. Emma bu biziñ bir-birege herrelip, pohuna pyçak çekip duran türkmen bolup galmalydygymyzy añlatmaıar. Elbetde. biz bir goşgy-gazal  adamsy, duıguçyllyk etsek, ıalñyşsak aıyp däl, emma syıasatçy, diplomat duıgysynyñ guly bolsa, bu diñe aıyp däl, heläkçilik.  

Siz Azatlykda çykyş edip başlañyzda men Tejende bir gürrüñçiligiñ şaıady boldum. O wagt adamlar sizden gaty köp zada garaşıardylar (indi garaşmaıarlar!). Şonda bir mugallym başyny ıaıkap, şeıle diıdi: “Aı, gaty begenmäñ, men Abdy bilen bir döwürde okadym. Harby tälim sapagynda yzda oturyp, orusça kitap okardy, Atamyrat Çopanam böwrüne dürtüp, “eı, Abdy, mollumyñ saña näme diıenini eşitdiñmi, ol saña “ıobtuwoıemat” diııä diıerdi. Abdam ıerinden turup, harby tälim sapagyndan okadıan mugallyma “sen maña näme diıdiñ, ıene bir gaıtala hany göreıin” diıip azgyrylardy. Mugallym añk-tañk bolup, “hä, näme diıdim?” diıerdi we oglanlar ony beıle añsat oıanaıyşlaryna hezil edip gülerdiler... Beıle girrik adamdan uly syıasatçy çykmaımasa...”

 Tejenli mugallymyñ bu gepini siz maña gaty köp ıatlatdyñyz. Syıasatçyda paıhas gahardan öñde durmaly, käte gahar öñe geçende bolsa, türkmeniñ ıaşululygy gerek, ıagny men şonda gyzgynyma şeıtdim welin diıen ıaly sypaıyçylyk gerek, emma sizde bularyñ hiç biri ıok şekilli, belki, men ıalñyşıan bolaıyn. İadyñyzda bolsa,  arada Annadurdy Hajy bilen gürleşip, siz maña ıene bir gezek igäñizi sürtjek bolduñyz, “men öñem bir gazek gatyrganypdym” diıip, öñki kineleriñizi hem gaıtaladyñyz, haıp, şonda men ıene edep sakladym, ıaşuly adam, il adamsy, men sebäbli bir ıüregi çişmesin diıdim, emma siz adamlar ıüzüñize gelip, morta bir zat diımeseler, özüñizi hemişe mamladyryn öıdüp ıörsüñiz.

İalñyşmasam, siziñ menden gaty gören zadyñyz ıa-da “kinejikleriñiz” meniñ 12-nji iıul protestçileri barada aıadan sözlerimden başlanıar. Men öz pikirimi aıtdym, siz öz pikiriñizi aıtdyñyz, bu şoñ bilen gutaraımaly ıaly, ıöne siz menden edil gan algyly ıaly bolduñyz. Sebäbi näme? Sebäbi bu ıerde sizi nähilidir birahat edıän zat bar. Siz maña 12-nji iıul protestçilerine meniñ dahylym ıok diııärsiñiz. Emma bu ıalan. Ilki Gyllaw, soñ Ajdar siz bilen duşuşdy we siz olara çürt-kesik ıok diımediñiz, öz aıdıan sözleriñizden çen tutsak, oıun oınadyñyz. İagny  3 gün saklansañyz geleıin diıdiñiz we Praga, radio işe gaıtdyñyz. Nämemiş, siz olara ynanmansyñyz, eger baran bolsañyz, türmede oturjak ekeniñiz. Eısem, şonda türmede oturmaly bolan adamlar, ölen oglanlar özüni sizçe görenokmydy? Siz olary KGB-ñ agentidir öıdüpsiñiz... Emma olar size size bil bagladylar. İene-de siz men namysly, at-abraıym bilen ıaşaıan diııärsiñiz. Eger şeıle bolsa, näme üçin etmejek işiñizi ederin diııärsiñiz, ynanmaıan adamlaryñyza näme üçin ynanamok diımeıärsiñiz? Elbetde, bu hili ıagdaı her adamda bir gezek bolup biler, sebäbi adamda gorky, ikiıüzlilik diıen  belalar bar diıeli. Emma bu sizde bir gezek bolmady.  Mysal üçin, 1994-nji ıyldaky başa barmadyk “parahat protestiñizi” alaly. Parahat ptotest üçin presidentiñ ıaşaıan ıerini, onuñ daşynyñ goragyny öwrenmek gerek däl. İöne siziñ Aşgabatdaky “wekiliñiz” İusup Kulyıew Nyıazowyñ daşynyñ goragy, olary  ädip zyıansyzlandyryp boljagy hakynda Aşgabatdan Moskwa hat-maglumat iberıär hem şol maglumat MHK-nyñ eline düşıär. Siz hakykatda  ondan şeıle maglumat ibermegini talap etmedik bolsañyz,  ıa-da İusup Kulyıewe dahylsyz bolsañyz, muny aıtmak üçin şu wagta çenli kän mümkinçilik boldy, emma men beıle bir zat eşitmedim. Belki, soñky kitabyñyzda bir zatlar aıdansyñyz, ıöne men ol kitaby okamadym, wagtymam ıok. Ikinji bir tarapdan, täze bir zat öwrenerin hem öıdemok. Sebäbi siziñ  Nyıazowdan dynmak üçin şeıle emelsiz plan çekendigiñizi, İusup Kulyıew bilen onuñ şol wagt MHK-da işlän agasy Ahmet Kulyıew derejesinde gurlan duzaga düşendigiñizi boıun alyp, hakykaty aıdyp biljegiñize ynanmıaıaryn. Siz 12-nji iıul protestçilerini MHK agentleridir öıtdüm diııärsiñiz, emma MHK-da işläp, ganhor rejimiñ arkasyndan baı-beg bolan maşgala bil baglaıarsyñyz. Iñ ıamany, soñam bu barada iliñ bilmeli zatlaryny ıaşyrıarsyñyz. İusup Kulyıew MHK-dan telefon edip, Myrat Eseniñ üsti bilen sizden Hoşaly hem Muhammetguly barada maglumat alıar, ıagny siz öz eliñiz bilen iki sany atyñ dişi ıaly adamy MHK-a tabşyrıarsyñyz, emma özüñizde günä, wyždan azabyny duımaıarsyñyz, bar günäni Myrat Eseniñ üstüne atıarsyñyz. Emma bu ıerde esasy günä İusup Kulyda-da, Myrat Esende-de däl, sizde! Siz adamlary ölüme ibermezden öñ ıoldaşlaryñyzyñ kimdigini bilmeli. Meniñ eşidişime görä, MHK-nyñ  planyñyzy bilıändigini size Moskwada öñünden aıdypdyrlar, emma siz bu duıduryşy hasaba almansyñyz. Galyberse, ilkibaşda bu işe döwtalap bolan adamlaryñ bir topary Aşgabada gitmekden boıun gaçyrypdyr, bu-da sizi saklap bilmändir. Bu nämäni görkezıär? Siziñ wezipä, kürsä suwsap, gözüñiziñ gapylandygyny, özgeleriñ janynyñ hasabyna ähli töwekgellige baş urmaga taıyndygyñyzy görkezıär. Şondan soñam ıene siz başgalara nagarañyzy döwjek, hiç zat bolmadyk ıaly gaışaryp gezjek...  Goı, bu zatlar bu ıerde galsyn, hemmesi öz ynsabyñyza, geçinem öz aıagyndan asarlar, goınam öz aıagyndan diıeli. İöne men siziñ meniñ üstüme Görogly boljak bolşuñyza düşünemok. Näme, men siziñ eliñize galan ıetimmi? İa-da bu ıerde meniñ bilmeıän başga bir sebäbim barmy? İa meniñ bir aıbymy, utançly ıerimi bilıärsiñizmi? Size näme bolıar? İa sizden başgalaryñ jany, ıüregi ıanıan däldir öıdıärsiñizmi? Men size diñe iş ıerimdäki borjum sebäpli telefon edıärin, sizden çallyk geçi hantamalygym ıok, bolsa-da bermejegiñizi bilıärin. Sebäbi men gönimel, İusup Kulyıew ıaly, 50 müñ dollaryñy alyp, ynha, seni tagta çykarjak diıip adam aldamaıaryn. Dogrusyny aıtsam, ıyllar maña özümi iki gezek türmä basan Nyıazow bilen özüni opposisiıa atlandyrıan adamlaryñ aratañpawudynyñ gaty azdygyny görkezdi. Siz häzir edil men ıaly ıurdundan gaçgak, şoñ bilen bir wagtda ıurt üçin menden kän eden işiñiz hem bardyr öıdemok, gaıta bir topar zady bulaşdyrdyñyz diıip hasap edıarin, emma eliñize emel ıetse, Nyıazowdan hiç bir enaıylygyñyz boljaga meñzemeıär. Elbetde, bu zatlara wagt baha berer. Uzak sözüñ gysgasy, Abdy aga-da, Muhammet pugamberiñ ıegeni hem bolsañyz, indi meniñ üstüme nagarañyzy döwmejek boluñ. Şoñ bilen birlikde meniñ kimden interwiıu almalydygymy, kimden almaly däldigimi hem öwretjek bolup azar edinmäñ. Men 46 ıaşyma çenli siziñ maslahatyñyzy almazdan mydar etdim, indiden eılägem günümi görerin, halkyma, ıurduma-da siziñ akylyñyz bilen hyzmat etmek niıetim ıok, ıöne siziñ akyl-pikiriñizi işleıän ıerime, söz azatlygyna, ynsan haklaryna hormatym sebäpli ile ıetirmek meniñ borjum, ol zatlary kakama gerek bolany üçin däl, işim bolany üçin edıärin. Şuña dogry düşünmegiñizi haıyş edıärin. Galany öz işiñiz, alan galañyz özüñiziñki, men o galanyñ kölegesinde kilim ıazynyp oturaıyn size dilege barmaly bolmaıyn! Tañry meni hem çagalarymy zalymdan, azgyndan gorasyn.

Hormat bilen, İowşan Annagurban, Praga, 5-nji sentıabr.
 (2006-09-05)