DURGUNLYKDA DURMADYK ADAM

2007-11-28


Bir wezipede biregne 42 ıyl işlemek her kese başartmaz. Onda-da nähili wezipe – M.Lomonosov adyndaky Moskva Döwlet Universitetiniñ Jurnalistika fakultetiniñ dekany wezipesinde! Moskwa Döwlet Universitetiniñ Jurnalistika fakulteti mydama güwläp duran arynyñ öıjügini ıatladardy. Jurfak – dürli pikirleriñ yzygiderli çaknyşıan ıeri diımekdi. Bu fakultetde hatda durgunlyk ıyllarynda-da ıürekgysdyryjy durgunlyk bolmandy. Oña derek dürli temalardan gyzgyn jedeller tutaşardy, pikirler hem ideıalar çaknyşardy.

Bir waka meniñ gowy ıadymda… 1978-nji ıylda Jurfagyñ Kommunistik auditoriıasynda garaşylmadyk ıerden nobatdaky jedel tutaşdy. Jedeliñ temasy, göräımäge, ıönekeıdi. Sowet mekdebinde, İokary okuw jaılarynda okanlar bu tema beletdirler. Ol döwürde sowet mekdeplerinde we İokary okuw jaılarynda edil doga kimin gündelik gaıtalanyp ıören, okuwçylaryñ hem studentleriñ gulaklaryna irginsiz guıulıan ideologik dogmalaryñ biri: kapitalizm çüıreıär, geljek – sosialistik sistemanyñky! – diıen tassyklamady. Şol gezek hem lektor endikli sözleri gaıtalady. Emma studentleriñ biri ıerinden turdy: ”Bu ıalñyş tassyklama. Eger kapitalizm çüıräp barıan bolsa, nämüçin olaryñ öndürıän harytlary biziñkiden gowy? Nämüçin biziñ hemmämiz import harytlaryñ yzynda selpäp ıörüs?”

Professor aljyrady. Ol haısy sistemanyñ ıaşaıyşa has ukyplydygyny öndürilıän harytlaryñ hili däl-de, eıse haısy ıurduñ polady köp öndürıändigi, agajy kän çapıanlygy, agyr metallurgiıanyñ haısy ıurtda has güıçlüdigi bilen düşündirjek boldy. Bu-da auditoriıanyñ gülküsini tutdurdy. Sebäbi auditoriıada oturanlar entek student bolsalar-da, eııäm SSSR-iñ dürli künjeklerinde önümçilik praktikasyny geçen ıaş jurnalistlerdi. Şonuñ üçinem olar öndürilıän ummasyz sowet poladynyñ meıdanlarda eıesiz çaşyp ıatyşyna-da, agyr metallurgiıanyñ eredıän poladynyñ hem diñe sana kowalaşmakdygyna-da beletdiler.

Kremliñ taıak atym gapdalynda şeıle erkin pikirleriñ ıüze çykmagy diñe Jurfakda mümkindi. 1970-nji ıyllarda MGU-yñ Jurnalistika fakulteti erkin pikirleriñ ojagydy. Biz şonuñ üçinem öz fakultetimize guwanıardyk, bu meşhur fakultetde bilim alıandygymyza buısanardyk. Şeıle erkin pikirli fakultete uzak wagtyñ dowamynda İasen Nikolaıeviç Zasurskiı baştutanlyk etdi. İ.N.Zasurskiı studentleriñ howuny basjak, olara höküm etjek bolmazdy, eıse dostlarça, örän hoşniıetlilik bilen garardy. Şonuñ üçinem ol 42 ıyllap erkin pikirli fakultete biregne ıolbaşçylyk edip bildi.

Geçen hepdede İ.N.Zasurskiı 78 ıasa ıetip, bu wezipeden öz islegine görä gidıändigini yglan etdi. İöne munuñ meıletinlikdigine şübhe ıok däl. Sebäbi İ.N. Zasurskiı üçin Jurfaga baştutanlyk etmek edil dem alan ıaly adaty zat – özüñe zor salmazdan, öz-özünden bitıän iş. İöne häzirki Russiıada jemgyıetçilik atmosferasynyñ howasynyñ agralmagy iñ kyn döwürlerde-de epilmedik, bükülmedik adamlaryñ ıagdaıyny kynlaşdyrdy. Jurfagyñ legendar dekanynyñ öz wezipesinden çekilmegi-de, belki, şu ıagdaı bilen bagly bolsa gerek.

İ.Zasurskiı fakultetde galıar, ol indiden eıläk diñe jemgyıetçilik işlerinde we Prezident adyny götermeli. Bu çykalga hiç neneñ däl. İöne dirikä rowaıata öwrülen dekanyñ wezipesinden gitmegi Jurnalistika fakultetininiñ 60 ıyllap ıerleşen ıerinden – Moskvanyñ ortasyndaky Mohowoı (ozalky K.Marks) köçesinden göçürilmegine sebäp bolmasa ıagşydyr. Bu gürrüñler öñräkden bäri bar hem häkimiıetleriñ meşhur Jurfagy Moskvanyñ merkezinden daşlaşdyrjak bolmak synanyşygy diılip hasap edilıär. Bu-da, elbetde, döwrüñ alamaty…

Ak Welsapar, jurnalist